Hesperian Health Guides
Suw we ilat saglygy
Adamlar umumy suw baýlyklaryny toplamak, saklamak we peýdalanmak babatda bilelikde belli bir çözgüdi kabul edenlerinde, ilatyň peýdalanýan suwunyň howpsuzdygyny kepillendirýändirler. Adamlar howpsuz suwdan peýdalanmak isleýärler. Şoňa görä-de, olaryň aglaba bölegi ýeterlik mukdarda howpsuz suwy edinmek üçin, bu babatda talap edilýän işleri etmäge ýa-da pul tölemäge kaýyldyrlar. Ýöne, gynansak-da, köp ýerlerde adamlara gerek bolan agyz suwy ýokançlyklar, gurçuklar ýa-da himikatlar bilen hapalanandyr, ýa-da senagat we oba hojalygy tarapyndan peýdalanylýandyr, ýa-da adamlaryň güýji ýetmejek bahasyndan satylýandyr. Suw biziň gündeki durmuşymyzda giňden ulanylýar. Ýöne suwuň bahasy, ony goramak, saklamak, paýlamak we peýdalanmak babatda çözgüt kabul edilende, suwuň adamlaryň ýaşamagy we saglygy üçin örän wajypdygyny göz öňünde tutulmalydyr.
Hemmeler suwa mätäçdir |
||||||||||||||||||
Senagat ilatyň suwyny elinden alýar
Plaçimada – Hindistanyň günortasynda ýerleşýän kiçijik oba. Ol ýerdäki daýhanlar şaly we kokos hozlaryny ýetişdirýärdiler. Daýhanlaryň öz durmuşyndan wagtlary hoşdy, sebäbi toprak mesdi, ýagyş köp ýagýardy. Emma Coco Cola kompaniýasy obanyň gyrasynda öz kärhanasyny gurandan soň, daýhanlaryň bu asuda durmuşlary üýtgäp başlady.
Kompaniýa çüýşelerde şeker garylan içgileri goýbermek üçin köp mukdarda suw gerekdi. Şonuň üçin-de, ýerasty suwuny çykarmak üçin çuň guýular gazyldy.
Coco Cola kärhanasy günde 1,5 million litr suwy sarp edýärdi. Kärhana açylandan 2 ýyl geçenden soň, oba daýhanlarynyň däne ekinleri harap bolup başlady, hojalyklarynyň guýulary gurap başlady. Oba ilaty tüwüden nahar bişirenlerinde, onuň reňki goňras bolup, ýakymsyz yslydy. Olar guýularynyň suwundan içenlerinden ýa-da suwa düşenlerinden soň, endamlaryna örgün ördi, saçlary düşüp başlady, bogunlarynda agyrylar peýda boldy, süňkleri gowşap başlady we nerw ulgamlarynyň dürli bozulmalary ýüze çykyp başlady. Oba ilaty Coco Cola kärhanasynyň ýerasty suwlary himikatlar bilen zäherländigine düşündi. Adamlar saglyklaryny goramak üçin suwy daş ýerlerden getirip başladylar.
Bir ýyl ýagyş asla ýagmady. Ýöne şol gurakçylykda-da Coco Cola kärhanasy guýulardan suw almagy dowam edýärdi. Oba ilaty özüne we ekinlerine ýaşaýyş berýän gymmatly suwuň her gün kärhananyň howlusyndan ýük maşynlarynda äkidýändigini görýärdiler. Obadan daşda ýerleşýän guýular hem gurapdy. Oba ilatynyň saglygy gitdigisaýy erbetleşdi. Şonda olar Coco Cola kärhanasynyň oba guýularynyň suwundan peýdalanmaklaryny nähili togtatmalydygy barada maslahat etmek üçin ýygnanyşdylar. Duşuşykdan soň 2000-den gowrak nägileleik bildirýän adamlar Coco Cola kärhanasyna gelip, kompaniýanyň obadan gitmegini we oba ýaşaýjylaryna ýitirilen suwlarynyň öwezini tölemeklerini talap etdiler. Coco Cola kärhanasy her gün 1 ýük maşyn suwy oba iberjekdigini aýtdy. Ýöne bu oba ýaşaýjylarynyň suw babatdaky talaplaryny doly kanagatlandyrmaýardy. 50 günüň dowamynda görkezilen garşylykdan soň, polisiýa 130 aýaly we erkegi tussag etdi. Birnäçe aý geçenden soň ýene-de 1000 adam Coco Cola kärhanasyna garşylyk şygarlary bilen geldi, ýöne olaryň köpüsini polisiýa tussag etdi.
Bu göreş Plaçimadanyň adamlaryna kyn düşse-de, obanyň ilatyny zyýansyz suw babatdaky hukuklaryny talap etmek üçin birleşdirdi. Göreş birnäçe ýyl dowam etdi. Ahyrsoňy ýerli hökümet guramasy adamlary goldap başlady we Coco Cola kärhanasynyň gurakçylyk döwründe ýerasty suwlardan peýdalanmaly däldigi hakynda perman çykardy. Ýöne hökümet Coco Cola kärhanasyna ýerasty suwlardan peýdalanmaga ygtyýar bermelidigini hem aýtdy. Dawa kazyýete baryp ýetdi. Plaçimadanyň adamlary kazyýetde öz talaplarynyň kanagatlandyrylmagyny gazandylar. Coco Cola kärhanasy ýapyldy. Plaçimadanyň adamlarynyň suw hukuklary ugrundaky göreşi bütin Hindistanyň we dünýäniň ünsüni özüne çekipdi. Olaryň göreşi beýlekilere hem görelde boldy. Adamlaryň agyz suwunyň ýetmezçilik edýän ýerlerinde çäklije tebigy suw baýlygyny şekerli içgileri öndürmäge sarp etmegiň geregi ýok. Bu aýratyn-da kärhanalaryň tebigy suw baýlyklaryny zäherläp, keselçiligiň artmagyna sebäp bolýan ýagdaýlaryna degişlidir.