Hesperian Health Guides
Bap 6: Ilatyň suwuny goramak
Suw ýaşaýyş üçin örän möhümdir. Adamlar, haýwanlar we ösümlikler – bularyň hemmesi ýaşamak we ösmek üçin suwa mätäçdirler. Ýöne, gynansak-da, köp ýerlerde adamlaryň sagdyn ýaşamagy üçin ýeterlik suw ýokdur. Olar özlerini suw bilen üpjün etmek üçin, uzak aralyklary geçmeli bolýarlar. Elýeter bolan suw bolsa köplenç saglyklary üçin howpludyr.
Ilat zyýansyz we elýeter suw bilen üpjün edilse, onuň her bir agzasynyň sagdyn bolmagyna mümkinçilik döreýär. Gelin-gyzlar gündelik suwlaryny daşamakdan boşadylsa, olaryň beýleki işleri: maşgalasynyň arassaçylygyna seretmäge, mekdebe gatnamaga we jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga wagtlary bolýar. Bu bolsa her bir adamyň durmuşyny gowulandyrýar. Ilat suw bilen ýeterlik derejede üpjün edilende, ondaky çagalar sagdyn bolýar, hapa suw zerarly döreýän içgeçme kesellerinden ejir çekmeýär.