Hesperian Health Guides
Suw üpjünçiligiňizi gowulandyryň
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 6: Ilatyň suwuny goramak > Suw üpjünçiligiňizi gowulandyryň
Täze suw üpjünçiligini ýola goýmazdan öň, eýýäm bar bolan suw çeşmeleriňizden has köp arassa suwy almagy başarsaňyz, size ýeňil bolar. Siz suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň meýilnamasyny düzeniňizde, öz sebitleriňizdäki tebigy baýlyklaryň sanawyny düzüň. Bu sanawa suwy, gurluşyk materiallaryny we iň esasy baýlygy, ýagny adamlary hem goşuň. Guýulary, suw howdanlaryny gurmagy başarýan adamlary, suw turbalaryny çekip bilýän ussalary, umuman, ilatyň suw üpjünçiligini ýeňledip biläýjek adamlaryň baryny bu işe çekiň. Ençeme ýyl mundan ozal suwuň nähili ýygnalyp saklnandygyny bilýän ýaşululary hem bu işe gatnaşdyryň.
Mazmuny
Netijäni kesgitläň
Ilatyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak işi haýsy meseleleriň gyssaglydygyna ýa-da has aňsat çözülýändigine baglydyr. Iş meýilnamasy düzülende, kynçylyklaryň ilkibaşdaky sebäplerine üns berip, jemgyýetçilik toparynyň her bir agzasynyň islegini hasaba almalydyr.
Her suw çeşmesiniň haýsy maksat üçin ulanylmalydygy babatda belli bir netijä geliň. Bu aýratyn-da suwuň ýetmezçilik edýän ýa-da suwy uzak ýerlerden daşamaly bolýan ýagdaýlaryna degişlidir. Ýagyş suwlaryny ýygnaýan howdanlary, suw saklanylýan howdanlary ýada suw geçiriji ulgamlarynyň gurluşygy suwy ilata ýetirmäge ýardam berer. Şeýle gurluşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik bolmasa-da, ilatyň her bir agzasyny ýeterlik suw bilen üpjün etmegä synanyşmalydyr:
- suwy ýygnamak boýunça işleri bölüşdirmek;
- adamlara suwy ýokançlyklardan nähili arassalamalydygyny görkezmek.
Eger suw geçiriji ulgamy bar bolsa, adamlar şulary edip biler:
- suwy ýygnamagyň usullaryny gowulandyrmak;
- döwlen turbalary we suw sorujylary bejermek;
- gözbaşlardan akýan suwy goramak;
- suwy goramagyň we saklamagyň täze usullaryny tapmak.
Eger ulanýan suwuňyzda zäherli himikatlar bardyr öýtseňiz, suw barlaghanalarda doly barlanylýança, başga suw çeşmelerinden peýdalanyň. Barlag suwuň hapadygyny görkezýän bolsa, beýleki suw çeşmelerinden peýdalanmagy dowam ediň. Suw çeşmesiniň näme üçin hapalanandygyny anyklap, oňa garşy degişli çäreleri geçiriň. Suwuňyzyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin, senagat pudaklaryndan galyndylary howpsuz usullar bilen ýok etmeklerini we arassa önüm öndürmeklerini talap ediň. Daýhanlardan pestisidleri we himiki dökünleri az ulanmaklaryny haýyş ediň.
Saglyk gullugynyň işgärleri we howpsuz suwuň howandarlary ilata suw howpsuzlygyny gowulandyrmaga kömek ederler. |
Işleri meýilnamalaşdyrmakda aýallaryň möhüm orny
Aýallaryň suw babatdaky talaplary erkekleriňkiden tapawutlanýar. Olar maşgala üçin suw daşaýarlar, ony gaýnadýarlar. Erkekler bolsa suw ulgamlarynyň gurluşygyna jogap berýärler, oňa gözegçilik edýärler. Suw meselesi bilen bagly işler meýilnamalaşdyrylanda, olara aýallaryň hem işjeň gatnaşmagy üçin, aýallaryň we erkekleriň suw meselesindäki şu tapawudy ünsden düşürilmeli däldir.
2 tegelek
Bu sapakda aýallar suwuň zerurlygy we onuň bilen bagly bolan kynçylyklar hakynda pikir alşyp bilerler.
Wagty: 45 minutdan 1 sagada çenli.
Materiallar: surat çekmek üçin uly kagyz tagtasy, reňkli galamlar we markerler
- Sapaga gatnaşýan aýallary toparlara bölüň. Her toparda 10 aýaldan köp bolmasyn. Her topara markerler we kagyz beriň.
- Her topar kagyz tagtasynyň ýüzünde 2 sany tegelegi – bir uly tegelegi, onuň içinde bolsa kiçi tegelegi çekmeli.
- Her bir adam uly tegelege tutuş ilatyň saglygyna täsir edýän suwy we ony arassalamak babatdaky işleri çekmeli ýa-da olaryň sanawyny düzmeli. Kiçi tegelege bolsa aýallaryň suw kynçylyklarynyň suratyny çekmeli ýa-da sanawyny düzmeli.
- Soňra toparlary ýygnap, şu barada pikir alşyň: 2 tegelegiň içindäki meseleler biri-birinden näme tapawudy bar? Olaryň özara umumy ýerleri barmy? Ikisi üçin hem nähili çözgüt tapyp bolar? Aýallaryň meselelerine ýeterlik üns berilýändigine nähili göz ýetirip bolar? Sapagy aýallar hem erkekler bilen bileleikde geçirmek bolar. Eger erkekler gatnaşýan bolsa, onda toparyň birini erkeklerden düzmeli we her topar 1 uly tegelegiň içinde 1 däl-de, 2 sany kiçi tegelegi çekmeli. Kiçi tegelekleriň birinde aýallaryň, beýlekisinde bolsa erkekleriň suw babatdaky kynçylyklary görkezilmeli.
Soňra toparlary ýygnap, şu barada pikir alşyň: erkekler aýallaryň suw babatdaky kynçylyklaryny çözüp bilermi? Nädip? Bu kynçylyklary öýüň golaýynda hajathanalary gurmak, şeýle hem gaplara suw doldurmak we getirmek, köp wagtlaryny çagalar bilen geçirmek ýaly işler arkaly çözüp bolýar. Käwagt aýallar öz kynçylyklaryny tutuş jemagata mälim etmezden ozal, olar barada öz aralarynda maslahatlaşsa-da bolýar. Sebäbi käbir jemgyýetlerde erkekleriň pikiri aýallaryňkydan düýpli tapwutlanýandyr.
Suw üpjünçiligiňizi gowulandyrmaga päsgel berýän zatlar
Jemgyýetçilik toparynyň arassa suw meselesinde kynçylyk çekmeginiň birnäçe sebäpleriniň bolmagy mümkin. Bu kynçylyklara pul ýetmezçiligi, suw ulgamlaryny nähili gurmalydygyny bilmeýändikleri, hökümetiň goldamaýandygy ýa-da bu meselä adamlaryň hemmesiniň gatnaşmaýandygy bilen bagly bolup biler. Ilaty arassa suw bilen dyngysyz üpjün etmäge päsgel berýän zatlary ýüze çykaryp, olary aradan aýyrmak üçin degişli işler geçirilmelidir. Adamlar şu aşakdaky netijeleri gazanjakdyklaryna göz ýetirseler, suw ulgamlarynyň gowulanmagyny höwes bilen goldardylar:
- Suw üpjünçiliginiň kämilleşdirilmegi we munuň netijesinde keselçiligiň azalmagy.
- Bahalarynyň pes bolmagy.
- Günde az- kem özgerilişigiň bolmagy.
- Hapaçylygyň we çybyn-çirkeýleriň azalmagy arkaly daşky gurşawyň ýagdaýynyň gowulanmagy, hojalygyň ekinleri üçin suwuň bol bolmagy.
Durnukly suw taslamasy fiziki we sosial kynçylyklary aradan aýryp, jemgyýetiň her bir agzasyna kömek etmelidir. |
Çözgütleri öz ýaşaýan ýerleriňiziň çäklerinde gözläň
Taryhdan belli bolşy ýaly, her halk suwy ulag bilen daşamagyň we goramagyň usullaryny agtarypdyr. Adamlar suw gözbaşlaryny tapmak üçin (“bilgir çybygy” ýa-da şaha diýip atlandyrylan) çybyklary ulanýardylar, suwy ýokary çykarmak we başga ýerlere daşamak üçin ýörite enjamlary oýlap tapypdyrlar, ýagyş suwuny ýygnamak üçin howdanlary gurupdyrlar, suw çeşmelerini we sakalaryny goramak üçin bag ekipdirler. Olar goňşy halklar bilen suwy paýlaşmak üçin özara ylalaşyklary kabul edipdirler. Suwy goramak we suw dawalaryň öňüni almak suw baýlygyny gelejekki nesiller üçin saklamaga kömek eder. Şoňa görä-de, biz suw baýlyklarynyň howpsuzdygyna we boldugyna göz ýetirmek üçin suwy ýygnamak we zyýansyzlandyrmak boýunça täze usullary öwrenýäris.
Oba ýaşaýjylary ösüşiň işgärlerine öwredýärler
Ösüş toparynyň işgärleri oba ilatynyň suw gözbaşlaryny gorap, olara içgeçme kesellerine garşy göreşmäge kömek etmek üçin, Kolumbiýanyň daglyk obasyna bardylar. Toparyň işgärleri suw gözbaşlaryna baranlarynda, mallaryň we topragyň pytramasynyň (eroziýasynyň) ony weýran edýändigini gördüler. Ösüş toparynyň işgärleri 2 ýönekeý çözgüdi teklip etdiler: çeşmäni goramak üçin tikenekli simden haýat galdyrmaly ýa-da mallary başga ýerlerde bakmaly
Oba ilatyna bu pikir ýaramady. Olar tikenekli simiň ogurlanjakdygyny we mallara öri meýdan ediner ýaly ýeterlik ýerleriniň we pullarynyň ýokdugyny aýtdylar. Olar kynçylyklaryna syn edip, başga bir çözgüdi tapdylar. Olar çeşmäniň ýokary akymynda tikenekli ösümlikleri oturtmagy makul görüp, ýowar guradylar. Netijede, mallar derýanyň boýunyň has aşaky akymlaryndan suw içmäge mejbur boldy. Şunlukda, obanyň suw kynçylyklary çözüldi.