Hesperian Health Guides

Bap 20: Zäherleriň zyýanly täsirini azaltmak we öňüni almak


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 20: Zäherleriň zyýanly täsirini azaltmak we öňüni almak


Bu bapda:

Protesters carrying signs reading "Stop Pollution" and "I can't Breathe" demonstrate in front of a smoky factory.

Adamlar zäherli himikatlaryň daşky gurşawa we biziň saglygymyza ýetirýän zyýanly täsiri barada köp zatlary bilensoňlar, onuň öňüni almak we önümçiligiň sagdyn, durnukly usullaryny tapmak üçin birleşýärler.

Telekeçiler, hökümet baştutanlary we käbir alymlar zäherli himikatlaryň howply täsirini delillendirmek isleýärler. Olaryň aýtmagyna görä, ösmek we öňe gitmek üçin, käbir töwekgelligi boýun almaly bolýar. Mysal üçin, elektroenergiýadan, lukmançylyk hyzmatlaryndan, ulaglardan peýdalanjak bolsak, şeýle töwekgellige taýyn bolmalymyşyn. Emma olar adamlar we daşky gurşaw üçin has howpsuz usullardan peýdalanmaga mümkinçiligimiziň bardygyny aýtmak islemeýärler. Gerekmejek töwekgellikleri boýun almagyň deregine biz azyk önümleriniň, energiýanyň we senagat harytlarynyň has howpsuz önümçiligini öňe sürüp, mümkin boldugyndan ýokary derejedäki zäherli hapalanmanyň öňüni alyp bileris.


This page was updated:05 ýan 2024