Hesperian Health Guides
Zäherlerden gaça durmak we olara gözegçilik etmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 20: Zäherleriň zyýanly täsirini azaltmak we öňüni almak > Zäherlerden gaça durmak we olara gözegçilik etmek
Preventing exposure to toxic pollution begins with Zäherli hapalanmanyň öňüni almaklyk duýduryş çärelerinden başlanýar. Bu duýduryş çäreleri zäheri öndürmezden we ulanmazdan öň onuň zyýanly täsirleri barada oýlanmagy talap edýär. Biz zyýandan gaça durmak babatda şahsy we jemgyýetçilik çözgütleri kabul etmegi başarýarys. Şonuň üçin-de, kärhana ýolbaşçylaryndan, hökümetden garyplaryň-da, baýlaryň-da, daşky gurşawyň-da saglygyny şahsy bähbitlerinden ýokary tutmaklaryny talap etmelidiris.
Gündeki edýän işlerimiz biziň we daşky gurşawymyzyň zäherleriň täsirine näderejede sezewar bolýandygyny kesgitleýär. Gündeki täsirleriň käbirine biz şahsy çözgütlerimiz arkaly gözegçilik edip bilmeýäris. Emma maşgalamyzyň, jemgyýetimiziň howpsuz ýaşamagy üçin, käbir zäherleriň täsirlerini çäklendirip bilýäris. Şahsy çözgütler jemgyýeti herekete getirýär, sebäbi zäherleriň ýetirýän zyýanyna gözegçilik etmek diňe bir adama başartmaýar.
Zäherler zerarly ýüze çykan zyýany togtatmak üçin şular zerurdyr:
Öz-özüňize öwrediň. Nämäniň zäherlidigini we olaryň nähili zyýan ýetirýändigini öwreniň. Bulary başgalarada öwrediň. Şu kitaby okaň, adamlar bilen söhbetdeş bolup, zäherler barada maglumat berýän guramalardan maglumat toplaň. Mekdepler, saglyk öýleri, iş ýerleri, medeni we köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän jaýlary ilata zäherler barada bilim berilýän ýerlerine öwrülip biler.
Öýleriňizde, suw üpjünçilik ýerlerinde, goňşularyňyzda, iş ýeriňizde we töweregiňizde zäher çeşmeleriniň bolup-bolmazlygyny anyklaň. Siziň jemgyýetiňize ýetýän zäherli täsire baha bermek üçin, zibil ýygnaýjy gezelençleri gurnaň ýa-da hapalanma gözegçilik etjek topary dörediň.
Islendik zäherlerden gaça duruň. Zäherleriň belli bolan çeşmelerinden gaça duruň. Önümleri arassalamak üçin has howpsuz serişdeleri we zyýanly mör-möjeklere garşy zähersiz usullary ulanyň. Umuman, zäherli önümlerden peýdalanmagy azaldyň. Gaty galyndylar barada jemgyýetçilik maksatnamasyny meýilnamalaşdyryp, suw çeşmelerini gorap, zäher öndürýän kompaniýalary ýa-da kärhanalary bakja ekinlerinden, jemgyýetçilik ýerlerinden uzak ýerlere göçürip, zäherleri gözegçilikde saklaň. Zäherli materiallaryň adamlaryň ýaşaýan ýerlerinden uzakda saklanylýandygyna, ulanylýandygyna ýa-da taşlanýlýandygyna göz ýetiriň. Esasanam çagalaryň, gartaşan adamlaryň, syrkawlaryň, göwreli we çaga emdirýän aýallaryň zäherleriň täsirine sezewar bolmaýandyklaryna göz ýetiriň.
Biz, gynansak-da, dem aljak howamyzy, içjek suwumyzy saýlap bilmeýäris. Käwagt iş ýerlerimizde zyýanly materiallar bilen iş salyşmaga hem mejbur edilýäris. Biz käwagt iýip-içýän önümlerimize zäherleriň täsir edip-etmeýändigini hem barlap bilmeýäris. Şonuň üçin-de, zäherleriň ulanylmagyny, zäherli hapalanmanyň howpuny azaltmak maksady bilen, biz telekeçilik ulgamyny we hökümeti gurnamalydyrys. Bile işleýän, zyýanly zatlaryň bardygyna ynanýan adamlar birleşip, degişli özgertmeleri amala aşyryp bilerler.
Mazmuny
Biz kompaniýalary arassaçylygy saklamaga mejbur edip bileris
Daşky gurşawyň zäherler bilen hapalanmagyna esasan hem zawodlar, minerallary we nebiti öndürýän ýa-da gazyp çykarýan önümçilik ýaly senagat pudaklary günäkärdir. Şol zäherli hapalanmanyň arasynda ýaşamak we ony arassalamak bolsa kärhanalaryň we känleriň golaýynda ýaşaýanlaryň paýyna düşýär. Käbir jemgyýetler bellibelli kärhanalaryň ýa-da kompaniýalaryň kynçylyklary döredýändigini, hapalanmany aradan aýyrmalydygyny we has howpsuz usullardan peýdalanmalydygyny görkezmegi öz üstüne alyp bilýärler.
Howpsuzlyk ülňülerini gowulandyrmaklygy hökümetden talap etmek
Adamlary hapalanmanyň täsirinden goramak hökümetiň borjudyr. Emma ägirt korporasiýalar we halkara maliýe kärhanalary zäherleri ulanmak baradaky görkezmeleri berjaý etmekden boýun gaçyryp ýa-da olara asla üns bermän, käwagt “sapalak atýarlar”. Şeýle ýagdaýlarda adamlar özlerini goraýan kanunlary işläp düzmekligi we tertibe salmaklygy hökümetden talap etmeli bolýar. Bu ylaýta-da maliýe goýumlaryny ýurduň içine çekmek isleýän ýurtlara degişlidir. Jemgyýetiň hereketleri kanunlaryň üýtgedilmegini we bar bolan ekologik kanunlaryň ulanylmagyny gazanyp bilýändir (ser: Goşundy B).
Önümçiliň özgerdilmegini talap ediň
Senagat pudaklarynyň köpüsi zäherli materiallaryň deregine adamlar we daşky gurşaw üçin has zyýansyz we durnukly önümçilik usullaryny ulanmagy ýola goýdular.
CSarp etmegi azaltmagyň netijeleri
Baýlaryň sarp edijiligi örän ýokarydyr. Arassa serişdeleriň gereginden artyk ulanylmazlygy galyndylaryň mukdaryny azaldyp, meseläniň uly bölegini çözýär.