Hesperian Health Guides

Zäherli galyndylaryň howply ýerleşdirilmegi

Bu bapda:

Önümçiligiň arassa usullaryndan peýdalanmaýan iri kompaniýalar köp zäherli galyndyny öndürýärler. Himiki senagat, magdan gazyp alyjy senagat, ýerden nebit alýan senagat ýaly senagat pudaklarynyň iň köp öndürýän önümi zäherli galyndylaryň hut özüdir!

Zäherli galyndylaryň ýok edilmegi örän gymmat düşýändigi sebäpli, olardan howpsuz dynmak kyn bolýar. Şonuň üçin galyndylaryň howply ýok edilmegi giňden ýaýrandyr. Galyndylaryň şeýle usul bilen ýok edilmegi garyp adamlaryň saglyk kynçylyklaryny öňküden-de erbet edýär.

Kompaniýalaryň köpüsi galyndylardan zäherli önümleriň bölünip çykmazlygy üçin, olaryň köp bölegini ýa-da tutuşlygyna gaýtadan işlenilmegini ýola goýmalydyr. Resirkulýasiýa ýaly ekologik taýdan agzybir hereketler zäherli maddalar işçilere we daşky gurşawa zyýan ýetirmez ýaly, oýlanyşykly geçirilmelidir.

Senagat pudaklarynyň galyndylardan jogapkärçilikli dynmaklyk hapalanma meselesiniň çözgüdiniň diňe bir bölegidir. Zäherli galyndylar bilen bagly meseläni doly çözmek üçin, biz senagatyň iş usullaryny üýtgetmelidiris. Zäherli galyndylardan howpsuz dynmagyň ýeke-täk usuly olary öndürmegi bes etmekden ybarat.

Afrikanyň Ammar Taslamasy

Ösüş boýunça birleşmeler we agentlikler açlyk meselesiniň çözgüdi hökmünde daýhanlaryň arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda pestisidleriň ulanylmagyny maslahat berýärdiler. Emma indi alymlar-da, köp daýhanlar-da pestisidleriň peýdasyndan zyýanynyň köpdügi bilen ylalaşýarlar. Ölüm howply bu himikatlary kim ýok etmeli? Bu işi nädip howpsuz amala aşyrmaly?


Afrika ýurtlarynda ulanylmadyk we gerekmejek pestisidleriň, zäherli galyndylaryň 50000 tonnadan hem köp mukdary ammarlarda syzýan konteýnerlerde saklanylýar. Hökümet edaralarynyň topary we halkara guramalary şol zäherleri ýok etmek we zäherli galyndylaryň köp mukdarda taşlanylmagynyň öňüni almak maksady bilen Afrikanyň Ammar Taslamasyny (AAT) işläp düzdüler.


A man shrugs near 2 oil drums.

Şol taslama girýän toparlaryň galyndylary arassalamak boýunça dürli pikirleri bar. Olaryň käbiri galyndylary ýakmaklygy iň oňat usul hasaplaýarlar. Bu işi amala aşyrmak üçin Bütindünýä banky we käbir döwletleriň hökümetleri galyndylary ýakmak üçin enjamlary gurdular. Beýleki toparlar ýakmagyň netijesinde howa we suwa has köp zäheriň bölünip çykjakdygy barada aýdyp, galyndylaryň ýok edilmeginiň has howpsuz usullaryny hödürleýärler. Häzirki wagtda ölüm howply himikatlaryň ýok edilmeginiň hakykatdan-da howpsuz usullary ýok. Ýakmaga garanda has howpsuz usullaryň işlenilip düzülmegi örän gymmat düşýär.


AAT bu meseläni çözýänçä, ýel zäherli galyndylary töwerege ýaýradýar, olar ýerasty suwlara syzyp geçýärler. Bu zäherler we şolar zerarly ýüze çykýan keseller himikatlary döreden we ulanylmagyny öňe süren himiki kompaniýalaryň we ösüş boýunça agentlikleriň ölüm howply mirasynyň bir bölegidir.

Awtoulag akkumulýatorlaryň gaýtadan işlenilmegi

Awtoulaglaryň akkumulýatorlarynyň düzümindäki metallary almak üçin, käwagt olary sökýärler. Köp ýerlerde bu iş guramaçylykly geçirilmeýär. Ol öýlerde we ýaşaýyş jaýlaryň howlularynda edilýär. Akkumulýatorlaryň gaýtadan işlenilmegi daşky gurşawa we saglyga zyýan ýetirýän howply gurşun hapalanmasyny döredýär. Gurşunyň köp mukdarynyň gysga wagtyň dowamynda täsir etmegi netijesinde ýürekbulanma, içgeçme, tutgaýlar ýüze çykýar, käbir ýagdaylarda ölüm howpy hem abanyp bilýär.

Käbir ýerlerde öýde ulanylýan kiçijik batareýjikler sökülip, olaryň içindäki gara külke reňk, syýa we kosmetika üçin ulanylýar. Bu külke örän zäherli bolup, asla ulanylmaly däldir. Onuň düzüminde kadmiý, gurşun, sink, simap we beýleki agyr metallar bar. Külkäni ulanaňyzda, ellikli we maskaly işlemeli, galyndylar bolsa howpsuz ýok edilmeli.

Zyýanyň azaldylmagy

Akkumulýatorlaryň, batareýleriň düzümindäki himikatlaryň öndürijiler üçin howpsuz bolmagynyň iň oňat usuly ulanylan akkumulýatorlary, batareýleri ýygnap, olaryň howpsuz şertlerde gaýtadan işlenilendigine göz ýetirmekdir. Käbir ýurtlarda batareýleriň howpsuz gaýtadan işlenilmegine gözegçilik edýän kanunlar bar.

Elektron enjamlarynyň gaýtadan işlenilmegi

EHB Ch20 Page 464-1.png
Gorag maskalary, ellikleri we beýleki gorag enjamlary kompýuter böleklerini gaýtadan işleýän adamlary goramaga kömek eder.

Kompýuterler, el telefonlary we radio ýaly elektrik enjamlarynyň önümçiligi köp serişdeleri talap edýär. Şeýle hem elektrik enjamlaryň düzüminde gurşun, kadmiý, bariý, simap, hrom, PSBs, poliwinilhlorid plastmassasy ýaly zäherler köpdür.

Ulanyşdan galan elektron enjamlar zir-zibil dökülýän ýerlere taşlanylýar, olaryň düzümindäki zäherler bolsa ýerasty suwlara geçýär. Şeýle hem olar elde sökülýär we olaryň içindäki materiallar howply eredijileriň kömegi bilen gaýtadan işlenilýär. Bu adam saglygyna agyr zyýan ýetirýär, zäherli maddalar beýleki önümlere geçýär we geljekde howply saglyk meselelerini döredip bilýär.

Elektron enjamlaryny öndürýän kompaniýalardan has howpsuz we berk materiallary ulanmaklaryny, howpsuz täzelenişe we resirkulýasiýa jogapkärçilikli çemeleşmeklerini talap etmeklik iň howpsuz çözgütdir. Elektron enjamlaryny satyn alýan we ulanýan adamlar döwlen enjamlary zyňman, olary bejerseler, zyýanly galyndylary azaldyp bilerler.

Zäher söwdasy

Zäherli galyndylaryň we zyýanly materiallaryň bir ýurtdan beýleki ýurda satylmagyna zäher söwdasy diýilýär. Baý ýurtlar öz himikatlaryny daş ýerlere taşlamaga synanyşýarlar. Garyp ýurtlaryň hökümetleri muňa garşylyk görkezerden ejiz gelýärler. Zäherli himikatlaryň söwdasy zäherli galyndylaryň baý ýurtlar tarapyndan has garyp ýurtlara taşlanylmagyny aňladýar.

Daşky gurşawy we adam saglygyny goraýan halkara ylalaşyklara garamazdan, zäher söwdasy uly telekeçiligiň bir bölegidir. Temmäki, pestisidler, Jeneral Elektrigiň önümleri, asbest, hatardan çykan elektron enjamlar ýaly önümleriň zyýanlydygyna garamazdan, olar köplenç baý ýurtlardan garyp ýurtlara iberilýär. Käbir himikatlaryň satylmagy halkara hukugy tarapyndan gadagan edilendir.

Emma adam hukuklary we saglyk ugrunda göreşýän işjeňleriň belleýşi ýaly, bu kanunlar diňe adamlaryň agzybir hereket eden ýagdaýlarynda jemgyýeti gorap bilýär.

Zäherli galyndylaryňyzy alyp, yzyňyza gaýdyň

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Filadelfiýa şäherindäki zyýanly galyndylary ýakylandan soň galan 14000 tonna zäherli küli “More Haýen” gämisine ýüklediler. Gämi öz zäherli ýüküni ABŞ-nyň çäklerinden daş ýerde taşlamakçydy. Emma ol nirä barsa-da, adamlar garşy bolýardylar.


Gämi ilki bilen Bagama, soňra Dominikan Respublikasyna barýar. Emma ol ýurtlar ýüki kabul etmeýär. Soňra gämi Gondurasa, Bermud adalaryna, Gwineýa-Bissau we Niderland Antil adalaryna ýüzüp barýar. Bu ýurtlaryň hem hiç biri zäherli küli kabul etmeýär. Zäherli külden dynmak umudyny ýitiren gämi topary ýalan sözläp başlaýar. Käte olar zäherli küle gurluşyk ýa-da ýollar üçin dolduryjy materiallar diýýärdiler. Emma tebigaty goraýjylar ýurtlara gämiden öň baryp, külüň düzüminde hakykatdan näme bardygyny aýdýardylar. Bu ýüki hiç kim kabul etmedi. Ýöne gämi hökümeti ABŞ tarapyndan goldanylýan Gaiti baranda, kül kabul edilýär. Gaitiniň Gonaýwes şäheriniň kenaryna “dökün” diýlip atlandyrylan zäherli külüň 4000 tonnasy agdarylýar.


Jemgyýetçiligiň garşy çykmagynyň netijesinde gaitili emeldarlar kabul eden ýükleriniň dökün däl-de, zäherli küldügini boýun alýarlar. Galyndylaryň ýzyna gaýtarylyp gämä ýüklenilmegi barada buýruk çykarylýar, emma “More Haýen” gije gaçyp gaýdýar.


A ship with signs that say "Toxic waste," and "Return to sender.".

Galan 10000 tonna küli ýerleşdirjek bolup, “More Haýen” iki ýylyň dowamynda bir ýurtdan beýleki ýurda barýardy. Gämi öz adyny gizlemek maksady bilen onuň üstüni reňklemek barada buýruk hem aldy. Şonda-da hiç bir ýurt aldawa düşmedi we zäherli ýüki kabul etmedi. Soňra gämi toparynyň bir agzasy kazyýetde çykyş edip, zäherli ýüküň köp böleginiň Hindi ummanynda taşlanandygyny aýdýar. Tebigaty goraýjylaryň tagallasy bilen ýüküň 2000 tonnasy Filadelfiýanyň zibil gömülýän ýerinde ýerleşdirilýär.

Şäher gurluşygy zäherli galyndylaryň gömlen ýerleriniň üstüni açýar

Gynansak-da, zäherli galyndylara üns bermezlik bu meseleden gaçmaga mümkinçilik bermeýär. Şäherlerde täze ösüş taslamalary işläp başlanda, adamlar täze bazarlar, ýaşaýyş jaýlar, dynç alyş we täze dörediljek iş ýerleri barada aladalanýarlar. Emma şol taslamalar öň fabrikleriň we harby bazalaryň bolan ýerlerinde işlenilse, topragyň zäherli galyndylar taşlanýan ýerine öwrülmändigine göz ýetirilmelidir. Şeýle bolaýanda-da, galyndylardan howpsuz dynmak hökmandyr.

Saglyk üçin ylgamak
A stadium.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň San-Diýego şäherinde täze stadionyň gurluşygyna başlanlarynda,”Padre San-Diýego” atly beýsbol toparynyň janköýerleri tolgunýardy. Ilat täze stadion oýunlara syn etmäge we täze iş ýerlerini döretmäge mümkinçilik berer diýip begenýärdi. Emma bu işiň daşky gurşawa ýetirjek täsirine baha berlende, taslamanyň daşky gurşawa we adam saglygyna zyýanly täsir etjekdigi mälim boldy.


Gurluşyk üçin niýetlenen ýer zäherli himikatlar bilen hapalanandy. Meýilnama laýyklykda zäherli toprak agdarylyp, şäheriň ortarasynda ýakylmalydy. Saglygyň Ekologik Birleşmesiniň (SEB) ýerli toparynyň agzalary zäherli topragyň ýakylmagynyň saglyk bilen bagly düýpli kynçylyklary döretjekdigini bilýärdiler. Şoňa görä-de, olar howpsuz usulyň gözlenilmegini talap etdiler.


SEB we jemgyýetçilik toparyň agzalary şäher häkimliginden hödürlenen meýilnamanyň kabul etmezliklerini haýyş edýärler. Emma şäher häkimligi olaryň haýyşyna seslenmeýär.


Jemgyýetçilik topar 100 adamy jemläp, gurluşyk ediljek ýerde çykyş etmekçi bolýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu barada habar berenlerinde, “Padre San-Diýego” öz janköýerleriniň aladasyny etmeýän ýaly göründi. Tiz wagtdan toparlaryň eýeleri zäherli toprakdan dynmagyň başga usullaryny gözlemäge razylaşýarlar.


Şeýle hem SEB täze stadion zerarly hereketiň, hapalanmanyň, golaýda ýaşaýan çagalarda demgysmanyň artjakdygyny görkezdi. Birnäçe duşuşyklardan soň, Saglygyň Ekologik Birleşmesi adam saglygy üçin has howpsuz gurluşyk meýilnamasynyň işlenilmegine kömek etdi.


Jemgyýetçilik duşuşyklarynyň meýilnamalaşdyrylmagy, daşky gurşawa baha berilmegi taslamanyň zyýanly täsiriniň ýokdugyny aňlatmaýar. San-Diýego stadionynyň gurluşygynyň taslamasyny zäherli topragyň ýakylmagyndan ýetjek zyýan barada, stadionyň meýilnamalary bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykjakdygy barada bilseler-de, ony durmuşa ornaşdyrjak boldular. Bu mesele boýunça hasabatlary öwrenýän, ähli duşuşyklara gatnaşýan, hökümetden zyýanyň azaldylmagyny talap edýän topar onuň çözgüdini öz üstüne alýar.


San-Diýegonyň ýaşaýjylarynyň köpüsi heniz-de Padreniň her bir oýnuna uly gyzyklanma bilen syn edýärler. Olar indi öz söýgüli toparynyň saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolmandygyna begenýärler.

Zäherli galyndylary ýok etmek boýunça halkara ylalaşyklary

Uzak ýyllaryň dowamynda Demirgazyk Amerikadaky we Ýewropadaky baý döwletler zäherli galyndylaryndan dynmak üçin Afrikany, Aziýany, Latyn Amerikany we Gündogar Ýewropany ulanýardylar. Bu işi bes etdirmek üçin hiç hili ýuridiki garşylyk görkezilmeýärdi. Ahyrynda, has garyp ýurtlaryň jemgyýetçilik toparlary beýleki daşky gurşawy goraýjylar bilen halkara ylalaşyklaryň güýje girmegini gazandy. Indi zäherli galyndylaryň söwdasy gadagan edilýär.

Howply galyndylaryň serhedara hereketine Gözegçilik boýunça Bazel Ylalaşygy ilkinji ylalaşyklaryň biridir (1992-nji ýyl). Bu ylalaşyk zäherli galyndylary taşlamakçy bolýan More Haýen gämisini yzarlan işjeňler tarapyndan döredilýär. Bazel Ylalaşygyna gol çeken ýurtlar zäherli galyndylary beýleki ýurtlara ugratmagyň ýerine mümkin boldugyça öndürilen ýerleriniň golaýynda işlenilmegi, gaýtadan ulanylmagy we ýok edilmegi bilen ylalaşýar.

2001-nji ýylda 92 millet durnukly organiki (tebigy) hapalaýjylar baradaky Stokgolm Ylalaşygyna gol çekýär (DOH – durnukly organiki hapalaýjylar). Bu ylalaşyk on iki sany iň zäherli organiki hapalaýjylaryň öndürilmegini we ulanylmagyny gadagan edýär. Bu ylalaşyk ýetirjek zyýanyndan köp peýda berjek himikatlaryň ulanylmagyna ygtyýar berýär (mysal üçin, gyzzyrma keseline gözegçilik etmek üçin DDT ulanylmagy).

Öňünden habarly bolmak barada Rotterdam Ylalaşygy üçünji bolup, ol 2004-nji ýylda kabul edildi. Bu ylalaşyk zyýanly galyndylary eksport etmek isleýänlerden beýleki ýurtlardan rugsatnama almagyny we bellik edilmegini talap edýär.

Adamlar bu kanunlary bilip, olardan peýdalansalar, olar dünýäni has sagdyn we adalatly etmekde güýçli gural hökmünde hyzmat ederler. Emma ýurtlar we kompaniýalar üçin kanundan sypmagyň ýoly kän. Ekologiýanyň sagdynlygy ugrundaky göreşiňizde ylalaşyklardan, döwlet we halkara hukuklaryndan peýdalanmagyň ýollary barada has giňişleýin maglumat almak üçin ser: Goşundy B.

People hold a sign reading "Don't Dump on Us."
“Ýylanlar we basgançaklar” oýny

EHB Ch20 Page 468-1.png
EHB Ch20 Page 468-2.png

Ýylanlar we basgançaklar stoluň üstünde oýnalýan meşhur oýundyr. Bu oýun zäherleriň täsir ediş ýollaryny, bu täsirleriň öňüni almagyň tärlerini görkezýär. Oýny uly kagyza, kartona ýa-da agaja çekip bilersiňiz.

Enjamlar: Oýun üçin kubik, bellik etmek üçin däneler, daşlar ýada balykgulaklar (marker), oýun tagtasy.

Oýnuň düzgünleri: Bu oýny iki adam ýa-da topar oýnap biler.

Tagtanyň ýüzünde nämäni goýandygyny bellemek üçin, her bir oýunçy däne, daş ýa-da balykgulak ulanmaly.Birinji oýunçy kubigi taşlap, “Başy” diýlip ýazylan ýerden kubikdäki sanyna görä öz goýan zadyny süýşürýär.

EHB Ch20 Page 468-3.png

Kubikde 6 belgisi çyksa, oýunçy 6-njy ýere süýşýär, soňra ikinji göçüm üçin kubigi ýene-de taşlaýar. Bolmasa kubik indiki oýunça geçýär.

Oýunçynyň goýan zady ýylanyň kellesinde saklanan bolsa, oýunçy şol dörtburçlukdaky maglumaty sesli okaýar, soňra goýan zadyny ýylanyň guýrugyna süýşürip, şol ýerdäki maglumaty hem okaýar. Oýunçynyň indiki göçümi şol ýerden başlanýar.

EHB Ch20 Page 468-4.png

Oýunçynyň goýan zady basgançagyň başynda ýerleşse, oýunçy şol dörtburçlukdaky maglumaty sesli okaýar, soňra öz zadyny basgançagyň ýokarsyna süýşürýär-de, şol ýerdäki maglumaty okaýar. Oýunçynyň indiki göçümi şol ýerden başlanýar.

Iň soňky dörtburçlyga ilkinji bolup ýeten oýunçy ýeňýär. Şol ýere ýetmek üçin, oýunçy kubigi özüne amatly bolar ýaly taşlajak bolmaly.

Siziň ýaşaýan çäkleriňizdäki zäherli galyndylar we saglyk meseleleri baradaky maglumatlar dörtburçluklarda görkezilse, oýun has täsirli bolýar. Şeýle hem siziň çäkleriňize ýetýän zyýanly täsiri we beýleki meseleleri azaltmak üçin edilmeli hereketler baradaky maglumatlary “basgançaklaryň dörtburçluklaryna” ýerleşdiriň.

Oýunçylara oýnuň dowamynda meseleleri (ýylanlar) we çözgütleri (basgançaklar) ara alyp maslahatlaşar ýaly mümkinçilik beriň. Oýun tamamlanandan soň, ünsden düşürilen meseleler we saglygy goraýan hereketler barada adamlardan soraň.

Snakes and Ladders board.
Women sit and play Snakes and Ladders.



This page was updated:18 dek 2022