Hesperian Health Guides

Halkara hukugyndan peýdalanmak

Bu bapda:

3 protesters link arms; 1 holds a sign reading "Environmental rights are human rights."

Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan ýurtlar (dünýädäki ýurtlaryň ählisi diýen ýaly) bilen maslahatlaşyp kabul edilen kanunlaryň we ylalaşyklaryň köpüsi hemme adamlaryň ekologik hukuklaryny goraýar. Adam hukuklary her bir adama we tutuş jemgyýete degişli bolup, olary ýatyryp bolmaz. Bu hukuklar köp milletler tarapyndan kabul edilendir. Ýöne olaryň netijeli bolmagy üçin, adamlar olary nädip durmuşa ornaşdyrmalydygyny bilmelidir. Hukuklaryň milli derejede ulanylýandygyna ynam bolmasa, halkara hukular we ylalaşyklar netijeli bolmaýar.

Halkara ylalaşyklar

Halkara ylalaşyklaryň köpüsi adam hukuklaryny we daşky gurşawy goraýar. Gynansak-da, bu ylalaşyklar bozulan ýagdaýynda, bir ýa-da birtopar adam öz arzlaryny resmileşdirip bilmeýär. Diňe ylalaşyga gol çeken ýurt kazyýete arz edip bilýär. Emma ýurtlar muny seýrek edýär. Şeýle hem bu ylalaşyklar diňe hökümete garşy ulanylýar. Bu ylalaşyklary köpmilletli korporasiýalara garşy ulanyp bolmaýar. Ýurtlaryň köpüsinde halkara ylalaşyklar şol ýurtlaryň kazyýetlerinde ulanylýar. Halkara ylalaşyklaryny öwrenmek size halkara bileleşikleriň aýratyn meselelere garaýyşlaryna düşünmäge we adam hukuklaryny goramak boýunça işi gurnamaga kömek edip biler.

Adamlar köp ýurtlaryň gol çeken hukuklaryny we ylalaşyklaryny bilseler, öz hukuklaryny has gowy durmuşa ornaşdyryp we hökümeti jogapkärçilige çekip bilerler.

Adam hukularyny we daşky gurşawy goraýan halkara ylalaşyklaryň we olary ulanmak barada maglumatlaryň ýerleşdirilen web saýtlarynyň sanawy. (Zäherler boýunça käbir ylalaşyklar barada ser.).

Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasy
www.un.org, www.un.org/Overview

Çaganyň Hukuklary hakyndaky Konwensiýa
www.unicef.org

Birleşen Milletler Guramasynyň klimaty üýtgetmek hakyndaky Çarçuwa Konwensiýasy
www.unfccc.int

Biologik köpdürlülik hakynda Şertnama
www.biodiv.org, www.iisd.ca

Ösüş hukugy baradaky Jarnama
www.unhchr.ch

Ýkdysady, durmuş we medeni hukuklar hakyndaky Halkara ylalaşyk
www.unhchr.ch

Birleşen Milletler Guramasynyň durmuş taýdan öňe gidişlik we ösüş hakyndaky Jarnamasy
www.unhchr.ch

BMG-niň adamlaryň ýerleşdirilmegine degişli Wankuwer Jarnamasy
www.un-documents.net

Durnukly organiki hapalayjylary aradan aýyrmak hakyndaky Stokgolm Şertnamasy
www.pops.int, ipen.org

Howply galyndylaryň serhedara daşalmagyna we olaryň ulanylmagyna gözegçilik etmek hakynda Bazel Şertnamasy
www.basel.int, ban.org

Afrika importy gadagan etmek we howply galyndylaryň Afrikanyň çäklerinde serhedara daşalmagyna gözegçilik etmek hakynda Bamako Şertnamasy
www.londonconvention.org, www.ban.org

Halkara söwdada kesgitli howply himikatlar we pestisidler babatda ilkinji habarly ylalaşmanyň geçirilişi hakynda Rotterdam Şertnamasy
www.pic.int

Deňziň hapalanmagynyň, galyndylaryň taşlanmagynyň öňüni almak we beýleki meseleler hakynda Ýlalaşyk
www.imo.org, www.londonconvention.org

Suw we durnukly ösüş hakynda Dublin Beýannamasy
www.wmo.ch

Johannesburgdaky Müňýyllyklar Jarnamasy
www.johannesburgsummit.org

Halkara ýygnaklar we ýörite çäreler

Adam hukuklary ugrundaky göreşe ünsi çekmek maksady bilen, köp ýurtlarda ýaşaýan adamlar adalat gözläp, Amerika döwletleriniň Guramasy, Amerikanara kazyýeti, Halkara kazyýeti, Birleşen Milletler Guramasynyň adam Hukuklary Boýunça Iş topary ýaly halkara guramalaryna arz edip, ýygnaklar guraýarlar. Şeýle ýygnaklar dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip, korporasiýalaryň ýa-da döwletleriň daşky gurşawa zyýanly täsirini azaldylmagyny gazanmaga ýardam berip biler. Adam hukuklary bozulýan ýurtda kazyýetiň hiç bir karar çykaryp bilmeýändigini görkezmek ýa-da başga sebäplere görä döwlet hukugynyň we kazyýetiň milli ulgamynyň adalatsyz we şowsuz boljakdygyny düşündirmek üçin degişli işleriň geçirilmeginiň zerur bolmagy mümkin. Birleşen Milletler Guramasy adam hukuklaryna ýüzlenmek üçin “ýörite düzgünleri” belledi.

Şol ýörite düzgünlerden toparlar ýa-da bir adam hökümetiň razylygy bolmadyk ýagdaýynda-da peýdalanyp biler. Olar hiç bir ylalaşyklara hem garaşly däldir.

Adamlar ýa-da tutuş jemgyýet “Ýörite Hasabatçylar” diýlip atlandyrylýan adam hukuklarynyň bozulmagy boýunça maslahatçylar bilen habarlaşyp, ýörite düzgünleri ulanyp biler. Şol maslahatçylar adamlaryň işleriniň çäginde bolýan ygtyýarnama iýmit hukugynyň, saglyk hukugynyň, zäherli taşlandylaryň zyňylmagy ýaly adam hukuklarynyň bozulmagyny derňeýärler.

Ýörite Habarçylar bilen mesele baradaky islendik täze habarlar, resminamalar ýa-da beýleki ýazmaça maglumatlar bilen adaty hat iberip, habarlaşyp bolýar. Habarçylar bu meseleler barada Birleşen Milletler Guramasynyň adam Hukuklary baradaky Geňeşine, käte bolsa BMG-niň Baş Assambleýasyna habar berýärler.

Habarçylaryň atlaryny, olaryň ygtyýarnamalaryny we aragatnaşyklaryny BMG-niň adam Hukuklarynyň web-saýtynda (www.ohchr.org) “Adam hukuklarynyň meseleleri” ady bilen tapyp bilersiňiz.


A large group of women march down a city street holding a banner reading "Environmental destruction harms women" and signs reading "Stop the dams" "People + planet"and "End Corruption."



This page was updated:18 dek 2022