Hesperian Health Guides
Sözlük
Siziň dykgatyňyza täze ýa-da düşenmesi kyn bolup biljek sözleriň sanawy hödürlenýär. Bu sözlük
ekologik saglygy öňe sürmekde örän wajyp bolup, kitaba has oňat düşünmäge ýardam berer.
Mazmuny
A
Adalatly söwda – harydyň satyjy we alyjy üçin adalatly bahadan satylmagy.
Adalatly söwda şahadatnamasy adamlara satyn alýan harytlarynyň adalatly zähmet usullary arkaly öndürilendigine ynamly bolmaga kömek edýär. Bu haryt öndürijileri has ýokary we has durnukly bahalara eltip biler.
Agaç plantasiýalary – kauçuk, palma ýagy, tik agajy ýa-da arça ýaly agaçlaryň diňe bir görnüşiniň ösdürilip ýetişdirilýän uly ekin meýdanlary.
Agrotokaýçylyk – iýmit, odun öndürmek we topragy goramak ýaly peýdaly zatlar üçin dänelik ekinleriň agaçlaryň golaýynda ekilmegi.
Agyr metallar – ujypsyz mukdarda täsir edenlerindede, adam üçin zyýanly metallar. Mysal üçin, agyr metallara gurşun, simap, kadmiý we hrom degişlidir.
AIW/AIDS – dünýädäki adamlaryň millionlarçasynyň duçar bolan keseli. Ol adam bedeniniň kesellere garşy göreşmek ukybynyň ýitirilmegi sebäpli döreýär. Häzirki döwürde bu keseli bejermek üçin ýörite derman ýok, ýöne käbir wirusa garşy serişdeleriň kömegi bilen, iýmitlenmäni we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak bilen gözegçilik edip bolýar.
Akdyrylýan hapa suwlar – galyndylar bilen hapalanan we ýapyk turbalardan akýan suwlar.
Akdyrylýan hapa suwlar – öýlerde, ekinlerde ýa-da fabriklerde ulanylan hapa suwlar.
Akdyrylýan hapa suwlar – zir-zibil taşlanýan ýerlerden syzýan suwuk galyndylar.
Akdyrylýan hapa suwlaryň arassalanmagy – akdyrylýan hapa suwy gaýtadan ulanar ýaly ýa-da ol daşky gurşawa gaýdyp geler ýaly, ony süzmegiň we arassalamagyň usullary. A ktiwirlenen kömür – agaç kömründen ýasalan külke. Zäherleri we toksinleri özüne siňdirmek we olaryň zyýanyny azaltmak üçin ulanylýar.
Allergiki täsir, allergiýa – käbir adamlar belli bir zat bilen galtaşanlarynda, olary iýenlerinde, derman serişdesi hokmünde ulananlarynda, gijeme, asgyrma, örgün, käte agyr dem alyş ýada şok ýaly saglyk bilen bagly kynçylyklaryň ýüze çykmagy.
Alyjy – harydy satyn alýan ýa-da ony ulanýan adam.
Antibiotik – bakteriýalar zerarly döreýän ýokanç kesellere garşy ulanylýan derman.
Antibiotiklere durnuklylyk – antibiotikleriň bakteriýalara täsir edip bilmeýän ýagdaýlary. Antibiotiklere durnuklylyk antibiotikleriň nädogry ýa-da zerur bolmadyk ýagdaýlarda ulanylmagy ýa-da olaryň daşky gurşawa taşlanylmagy zerarly döreýär.
Aram klimat – hemme dört paslyň: ýazyň, tomsuň, güýzüň we gyşyň bolýan ýeri. Adatça aram klimat Demirgazyk ýurtlarynda ýa-da ekwatoryň günortasynda ýerleşýän ýurtlarda bolýar. Tropik klimat bilen deňeşdiriň.
Arassalaýjy zawod – ser. Nebiti arassalaýan zawod.
Arassaçylyk şertlerini gowulandyrmak – adamyň bölüp çykarýan galyndylaryny howpsuz we sagdyn usulda dolandyrmak üçin hajathanalaryň gurulmagy we mikroblaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin el ýuwmak, azyk önümlerini howpsuz arassalamak we saklamak.
Artemizinin – gyzzyrma garşy ulanylýan derman.
Artyk – bir zadyň, mysal üçin, hapalanmalaryň ýa-da galyndylaryň artyk mukdarda bolmagy.
Asbest – ýanmaýan gurluşyk materiallaryny, gorag egin-eşikleri öndürmek üçin ulanylýan zäherli material. Asbest gazylyp alnyp, ownuk süýümlere owradylýar. Bu süýümler öýkene düşüp, asbestoz keseliniň döremegine sebäp bolýar.
Asetaminofen – agyryny aýyrýan derman. Parasetamol diýlip hem atlandyrylýar.
Aseton – zäherli erediji.
Aşgarlaýjy ulgam – hapa suwlary arassalaýan ulgam. Ol hapa suwlary ýeriň astyndaky deşikli turbalara ugrukdyryp, olary haýallyk bilen ýere siňdirýär.
Awtoklaw – ýokary gyzgynlygy we basyşy ulanmak arkaly zyýansyzlandyryjy (dezinfesirleýji) enjam. Köplenç hassahanalarda we klinikalarda ulanylýar.
Azot – tebigy döreýän we topragyň sagdynlygy üçin wajyp himikat.
Azot bölüp çykarýan ösümlikler – howadaky azody topraga geçirýän kösükliler maşgalasyna degişli ösümlikler. Olar topragy gurplandyryp ekinleriň hasyllygynyň artmagyny üpjün edýär.
Azyk garaşsyzlygy – sebitleriň, ýerli ilatyň ýa-da milletiň öz azyk ulgamyny kesgitlemäge bolan hukugy. Muňa ýerli oba hojalyk, bazar ulgamlary, adalatly paýlamaklyk, iýmit önümleriniň elýeter bahadan bolmagy hem degişlidir.
Azyk howpsuzlygy – bedeniň işjeň we sagdyn bolmagy üçin ýylyň dowamynda ýeterlik mukdarda howpsuz, ýokumly we talabalaýyk iýmit bilen hemmeleriň üpjün bolmagy. Azyk önümleriniň howpsuzlygy iýmitiň sagdyn daşky gurşawy, jemgyýetiň öz güýjüne ynamyny öňe sürmegi we adamlaryň, jemgyýetleriň arasynda iýmit önümleriň bölünmegini aňladýar.
B
Bakteriýalar – göze görünmeýän örän kiçijik janly jandarlar. Käbir bakteriýalar ýokanç keselleri döredýär we köplenç mikroblar diýlip atlandyrylýar.Beýleki bakteriýalar organiki maddalaryň dargamagyna ýardam berýär, şeýle-de topragyň gurplulygyny saklaýar.
Batgalyk ýer – ýylyň köp böleginiň dowamynda ýalpak suw we ösümlikler bilen örtülen peslik ýer. Batgalyklar, mangr agajynyň tokaýlyklary we arnalar batgalyk ýerlere degişlidir.
Bedene düşýän himiki agram – belli bir wagt aralygynda adam bedeninde bolýan zäherli himikatlaryň mukdary.
Benzin – awtoulaglar, ýük ulaglary, motosikller we generatorlar üçin ulanylýan ýangyç. Ol nebiti gaýtadan işlemek arkaly alynýar.
Benzol – howply erediji.
Bilgarsioz – suw balykgulaklarynda ýaşaýan gurçuklaryň döredýän keseli. Şeýle hem gan sorujylaryň keseli ýa-da şistozomatoz diýlip atlandyrylýar.
Biodürlülik – dünýäde bar bolan ösümlikleriň, haýwanlaryň we mör-möjekleriň dürli görnüşleriniň köpsanlylygy.
Biogaz – organiki maddalaryň çüýremeginiň netijesinde emele gelýän metan gazy. Biogaz arassa ýanýar. Ony ýangyç hökmünde ulanmak bolar.
Biomassa – ösümlikleriň we haýwanlaryň ýangyç hökmünde ulanylýan galyndylary.
Bogujy gaz – awtoulaglaryň, çilimiň, ýakylýan gazyň we beýleki çeşmeleriň öndürýän zäherli, reňksiz we yssyz gazy.
Bronhit – üsgülewügi, gyzdyrmany we döşdäki agyryny döredýän öýken keseli. Bronhlary giňeldiji – dem alyş ýollaryny giňeldýän, döşdäki agyryny we dem alyş bilen bagly kynçylyklary azaldýan derman.
Bugarma – himikatlardan ýa-da ot ýananda bölünip çykýan yssyz gazlar ýa-da käte göze görünmeýän bugarma. Bugarmadan dem almak zyýanlydyr.
Bugarmak – suwuň buga öwrülmegi.
Bugartmak – suwuklygy gaza öwürmek.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) – Birleşen Milletler Guramasynyň halkara saglyga jogapkär bölümi.
Bütindünýä söwda guramasy (BSG) – halkara söwda ylalaşyklary tassyklaýan güýçli gurama.
Ç
Çaganyň ýoldaşy – göwreli aýalyň ýatgysynda ösüp barýan çaga gan arkaly ýokumly maddalary geçirýän öýjük görnüşli agza. Gynansak-da, şol agzanyň üstünden çaga dogulmazyndan öň, oňa zyýan ýetirýän zäherleriň hem köpüsi geçip bilýär.
Çiş – köplenç düwnük (rak) keseli ýaly keseller zerarly bedende emele gelýän howply täze döreme.
Çykdajylar – daýhanyň däneli ekinleriň gowy ösmegi üçin edýän çykdajylary (tohumlar, pestisidler, dökünler we ş.m.).
D
Daýhançylyk mekdepleri – daýhanlara meseleleri özbaşdak çözmäge we öz tejribelerini beýleki daýhanlar bilen paýlaşmaga kömek edýän okuw maksatnamasy.
Daýhan birleşiklerinde tohumlaryň dolandyrylyşy – daýhan birleşiginde geljek üçin tohumlaryň dürli görnüşleriniň saklanylmagy we olaryň hasabynyň jikme-jik ýöredilmegi. Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek
(DGÝTB) – känleriň, bentleriň ýa-da ýollaryň gurluşygy ýaly taslamalar işlenilip düzülende, daşky gurşawda ýüze çykyp biljek üýtgeşmeleri görkezýän barlaglar.
Demgysma – hyzzyldyly ýa-da hyžžyldyly agyr dem alşy döredýän öýken keseli. Demgysma tutgaýlary allergenler we howanyň hapalanmagy zerarly ýüze çykyp bilýär.
Dem alyş agzalarynyň keseli – dem alşa täsir edýän kesel. Demgysma, emfizema we öýken sowuklamasy dagy bu keselleriň käbiridir.
Dikeldiş – haýsy hem bolsa bir zaýalanan zadyň dikeldilmegi.
Dogabitdi şikes – çaganyň towşan dodak ýa-da kemakyllyk ýaly fiziki we akyl taýdan ýetmezçiligi bilen dogulmagy.
Dowamly – uzak wagta çeken ýa-da ýygy-ýygydan gaýtalanýan. Dowamly kesel uzaga çekýär we ony bejermek kyn bolýar. Ýiti kesel bilen deňeşdiriň.
Dökün – däneli we beýleki ekinlerden köp hasyl almak üçin topragy baýlaşdyrýan organiki we organiki däl serişdeler.
Durlaýjy howuz – ýeriň aşagynda ýerleşip, akdyrylýan hapa suwlary ýygnap arassalaýan rezerwuar (suw goly).
Durnuklylyk – kimdir biriniň ýa-da haýsydyr bir zadyň olary şikeslendirýän ýa-da ýok edýän täsirlerden goranmaga bolan ukyby. Bakteriýalar antibiotiklere durnukly bolup bilýär, aýakçylara bolsa pestisidler täsir edip bilmeýär.
Durnukly organiki hapalaýjylar – daşky gurşawda örän uzak wagt saklanyp bilýän zäherli himikatlaryň topary. Dioksinler we polihlorirlenen bifeniller – durnukly organiki hapalaýjylardyr.
Durnukly ösüş – geljekki nesilleriň zerurlyklaryny ünsden düşürmän, häzirki wagtda adamlaryň gündeki zerurlyklaryny üpjün etmek.
Duýduryş ýörelgesi – bir zadyň zyýan ýetirjekdigini anyk bilmesek-de, töwekgellik etmän, şol zady ulanmakdan saklanmak ýörelgesi.
Düwnük (rak) – öýjükleriň tertipsiz köpelip bedeni şikeslendirýän howply kesel. Düwnük bedeniň köp böleginde döräp biler. Düwnük keselleriniň köpüsi zäherli himikatlar we senagat hapalanmasy zerarly döreýärler.
Dykyzlamak, dykyzlanma – organiki maddalaryň ýitirilmeginden, artykmaç suwarylmakdan ýa-da üstünden adamlaryň we haýwanlaryň ýöremeginden topragyň depelenmegi we gatamagy.
E
Efedra – demgysma tutgaýlaryny azaltmak üçin ulanylýan derman ösümlik. Şeýle hem Hytaýda Ma Huang diýlip atlandyrylýar.
Efedrin – dem alşy gowulandyrýan derman.
Ekin dolanyşygy – topragyň hassyllygyny gowulandyrmak maksady bilen her ýyl meýdanlarda ekilýän ekinleriň görnüşlerini çalşyryp ekmek.
Ekologik, ekologiýa – janly jandarlar bilen daşky gurşawyň arasyndaky aragatnaşyk. Bir zat daşky gurşaw üçin peýdaly bolsa ýa-da ol tebigy ulgam ýaly täsir edýän bolsa, oňa ekologik diýilýär.
Ekosyýahatçylyk – daşky gurşawa zyýan ýetirmän, syýahatçylara ýerleriň tebigy gözelliklerini tölegli görkezmek.
Ekzotik ösümlik ýa-da agaç – ýerli däl ösümlik ýada agaç.
Ekwator – Ýer togalagynyň demirgazyk bölegini günorta böleginden bölüp görkezýän hyýaly çyzyk.
Emfizema – çilimkeşlik, dag magdan gazyp alýan senagat we howanyň hapalanmagy zerarly döreýän agyr öýken keseli.
Endometrioz – ýatgynyň ulalmagyna sebäp bolýan kesel.
Epidemiýa – haýsy-da bolsa bir keseliň giňden ýaýramagy.
Erediji – beýleki bir zady eredip bilýän, köplenç suwuk madda. Suw – howpsuz eredijidir. Benzin, aseton, benzol we ksilol zäherli eredijilerdir.
Eretme – metallar bilen işlär ýaly, olary gyzdyrmak. Eretme köplenç zäherli hapalanmany döredýär.
Eroziýa – ser. Toprak pytramasy.
Estrogen – progesteron bilen bir hatarda önelgelilige gözegçilik edýän aýal jyns gormony.
F
Ferment – janly bedenlerde bölünip çykýan we iýmiti siňdirýän, bedende bolup geçýän himiki hadysalary çaltlaşdyrýan madda. Fermentasiýa (turşama, ajama) – iýmitiň ýa-da beýleki organiki maddalaryň ajamagyna ýada turşamagyna täsir edýän himiki hadysa. Bu hadysany zatlaryň gelip çykyşyny üýtgedýän mikroblar hem döredip bilýär.
Formaldegid – zyýansyzlandyrmak we arassalamak üçin, şeýle hem senagat önümleri üçin ulanylýan zäherli himikat.
G
Galyndy – bir zadyň artyp galan bölegi. Pestisidiň galyndysy – pestisid guransoň, däneli ekinlerde galýan ýagly ýokundy ýa-da gury külke. Hasyl ýygnalansoň yzyndan galýan ýapraklar, çybyklar, tohumyň gabyklary hasyl galyndylaryna degişlidir.
Galyndylaryň ýakylmagy – ýok etmek üçin galyndy zatlaryň ýapyk peçde ýakylmagy.
Galyndy ýakylýan enjam – galyndylary ýakmak üçin ýörite peç ýa-da howur peç.
Ganazlyk (anemiýa) – gan öýjügi bolan eritrositleriň düzümindäki gemoglobiniň ýetmezçiligi netijesinde döreýän kesel. Bu kesel iýmitde demriň ýetmezçiligi, zäherler zerarly bedeniň gany we eritrositleri işläp çykarmaga bolan ukybynyň ýitirilmegi ýa-da ganyň bedeniň emele getirip biljek mukdaryndan has köp ýitirilmegi sebäpli ýüze çykýar.
Garaguş keseli (epilepsiýa) – tutgaýlar we huşuň ýitirilmegi bilen häsiýetlendirilýän kesel.
Gara tohum – Hindistanda we Ýakyn Gündogarda ösýän, demgysma tutgaýlaryny bejermekde ulanylýan tohum. Ol Nigella sativa diýip hem atlandyrylýar.
Garahassalyk – nejasat bilen hapalanan el arkaly ýaýraýan içege ýokançlygy.
Gaty galyndylar – köne-sana, zir-zibil.
Gaýtadan işlemek – galyndylaryň gaýtadan ulanylmagy we olardan başga zatlaryň öndürilmegi.
Gazyp alma – nebitiň, peýdaly magdanlaryň we beýleki serişdeleriň ýerden gazylyp alynmagy.
Gazylyp alynýan ýangyç – millionlarça ýyl mundan ozal ölen haýwanlaryň we ösümlikleriň galyndylaryndan dörän ýangyç. Gazylyp alynýan ýangyja nebit, kömür we tebigy gaz degişlidir. Gazylyp alynýan ýangyç öwezini dolup bolmaýan serişdelere degişlidir. Olar ýakylanda kömürturşy gazy bölüp çykarýar we dünýä möçberindäki maýlamanyň döremegine sebäp bolýar.
Generirlemek – elektroenergiýany öndürmek.
Genetik şikeslenme, genetik ýetmezçilik – adama, ösümlige ýa-da haýwana zyýan ýetirip, üýtgeşmelere eltýän gen şikeslenmeleri. Käbir zäherler gen şikeslenmesini döredýär, käbir şikesler bolsa nesilden nesle geçip bilýär.
Gen inženeriýasy – alymlar tarapyndan alnan ösümligiň ýa-da haýwanyň häsiýetlerini, alamatlaryny üýtgetmek üçin, käte beýleki ösümlikleriň we haýwanlaryň genlerini goşup, ösümlikleriň we haýwanlaryň bedenleriniň üýtgedilmegi (GÖÖ).
Genler – her bir janly-jandaryň alamatlaryny we aýratynlyklaryny, nesil yzarlamagyny kesgitleýän bölek. Genler biziň gözümizi goňur ýa-da gök, saçymyzy göni ýa-da buýra-buýra edýär, elaýagymyzyň we beýleki beden agzalarymyzyň şekilini kesgitleýär.
Gigiýena – adamlaryň arassa bolmak we mikroblaryň öňüni almak üçin berjaý etmeli çäreleri. El ýuwmak, suwa düşmek, iýmiti howpsuz saklamak we taýýarlamak, öýüň arassalygyny saklamak gigiýenanyň aýrylmaz şertidir.
Gibrid – aýratyn häsiýetlere eýe bolmak üçin dürli iki tohumyň ýa-da görnüşiň özara çakyşdyrylmagy netijesinde emele gelen ösümlik ýa-da haýwan.
Gormonlar – bedende bolup geçýän biologiki we himiki hadysalary sazlaýan himiki madda. Gormonlar bedeniň agramyny, gyzgynlygyny, süňkleriň berkligini, keýpi, jyns höwesini, önelgelilik ulgamyny dolandyryp bilýärler.
Gormony weýran ediji – bedenimize siňýän we ýalan signallary iberip, gormonlarymyzy üýtgedýän zäherli himikat.
Goşmaça nyrhly önümler – indi çig mal däl-de, satmak üçin öndürilen önümler.
Gün energiýasy – ýylylyk we elektroenergiýa öndürmek üçin ulanylýan energiýa.
Gün howur peji – nahar taýýarlamak üçin günüň ýokary gyzgynlygyny ulanýlýan peç.
Gün paneli – gün şöhlelerini ýygnamak we elektroenergiýany öndürmek üçin ulanylýan tekiz panel.
Gündelik gaz alawy – nebitden bölünip aýrylan we gije-gündiziň dowamynda ýanýan tebigy gaz.
Glutaraldegid – sterilizasiýa we arassalaýyş çäreleri üçin ulanylýan zäherli himikat. Glutaraldegid örän howply bolup, ulanylan ýagdaýlarynda serersaplylyk çäreleri görülmelidir.
Gyrmança – dag jynslarynyň ahyrky netijede sagdyn topragyň wajyp bölegine öwrülýän şepbeşik çökündisi.
Gytçylyk (defisit) – bir zadyň ýetmezçiligi. Mysal üçin, suwuň ýa-da iýmitiň ýetmezçiligi.
H
Hantyň wirusy – gemrijileriň ýokançlykly nejasatlaryndan we peşewinden dem alnanda adamlara geçýän ýokanç kesel.
Hapalanma – howa, topraga ýa-da suwa taşlanýan zyýanly galyndylar.
Hasylly, hasyllylyk – topragyň oňat hasyl berijiligi we adamlaryň, haýwanlaryň oňat köpelijiligi.
Hasylyň galyndylary – däneli we beýleki ekinleriň hasyly ýygnalandan soň galýan çybyklar, ýapraklar we beýleki ösümlik bölekleri.
Heň – külkä, tozana ýa-da ownuk süýümlere meňzeş kömelek. Heň yzgarly ýerlerde ösýär.
Heň kömelegi – zaýalanan iýmit önümlerinde, ösümliklerde, ýyly we çygly zatlarda ösýän kömelek.
Häsiýetli aýratynlyklar – genler arkaly kesgitlenilip, her bir janly jandaryň tapawutly bolmagy. Muňa biologiki-genetiki aýratynlyklar hem diýilýär.
Hinin – gyzzyrma garşy derman.
Hlor – adatça agardyjy diýlip atlandyrylýan güýçli himiki madda. Mikroblary öldürmek we suwy arassalamak üçin ulanylýar. Şeýle hem hlor kagyzy agardyp, poliwinilhlorid plastmassasyny öndürmek üçin ulanylýar. Düzümi hlorly önümler ýakylanda, olar dioksinler we furanlar ýaly zäherli gazlary bölüp çykarýarlar.
Hlor heki – suwy arassalamak we zatlaryň ýüzüni, enjamlary zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan himiki serişdedir.
Hlorohin – gyzzyrma garşy derman.
Howanyň hapalanmagy – zäherli gazlaryň we tozanyň ownuk bölekleriniň howa düşmegi. Gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagy howany hapalaýar.
Howpsuz gaz alawy – nebit geçirijilerde partlamanyň ýüze çykmazlygy üçin nebitden aýrylan artykmaç gazyň ýakylmagy.
Howpsuz suw – gurçuklar, mikroblar ýa-da zäherli himikatlar bilen hapalanmadyk arassa suw. Howpsuz suw içmek, suwa düşmek we kir ýuwmak üçin ulanylýar.
Hrom – derini eýlemek üçin we beýleki senagat pudaklarynda ulanylýan zäherli agyr metal.
I
Ibuprofen – agyryny, çişmäni we gyzgyny peseldýän derman.
Ilat – bir ýurtda, şäherde, obada we ş.m. ýaşaýan il, halk.
Immunizasiýa maksatnamasy – köplenç Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasy, ÝUNISEF ýaly halkara guramalary, hökümetiň ýerli agzalary we waksinalary öndürýän we satýan şereketler tarapyndan dolandyrylýan immunizasiýasyny geçirmek üçin alnyp barylýan çäre. Şeýle hem sanjym maksatnamalary diýlip atlandyrylýar.
Inçekesel – agyr ýokanç öýken keseli.
Infrastruktura – jaýlar, ýollar we suw ulgamlary ýaly gurulýan desgalar.
Işjeň komponent – pestisidiň düzümine girýän we zyýanly mör-möjekleri ýok edýän madda.
Işjeňligi pes gün taslamasy – jaýy tebigy ýylytmak, salkynlatmak we yşyklandyrmak maksady bilen ýeri we klimaty hasaba alyp, taslama düzmegiň usuly.
Işjeňligi pes (inert) komponenti – pestisidiň düzümindäki işjeň däl komponent. Işjeňligi pes komponentleriň düzümine pestisidleri ösümliklere we mör-möjeklere ýelmeşmäge mejbur edýän ýa-da ýagyş bilen ýuwulmagynyň öňüni alýan maddalar girýär. Bu komponentler köplenç zäherli bolýar.
Iýmitlenme – bedeniň ösmegi we sagdyn bolmagy üçin dogry we ýeterlik iýmitlenmek.
Iýmit ulgamy – ser. Iýmit zynjyry.
Iýmit zynjyry – biri beýlekisini iýýän janly jandarlardan düzülen zynjyr(ýa-da iýmit zynjyry).
Izolirlemek – jaýyň içine yssynyň, sowugyň, sesleriň ýa-da elektroenergiýanyň girmegine ýol bermeýän böwet.
J
Jemgyýet – 1. Maddy durmuşyň umumy taryhy şertleri esasynda birleşen adamlaryň jemi. 2.Gelip çykyşy, ýagdaýlary, bähbitleri we ş.m. umumylygy esasynda birleşen adamlar topary. 3. Umumy meseleleri özleri üçin maksat edinýän adamlaryň birleşigi, edara, gurama.
K
Kadmiý – elektronikada we önümçilikde ulanylýan zäherli agyr metal.
Kem iýmitlenme – bedeniň sagdynlygy üçin iýmitiň ýetmezçiligi.
Kerosin – nebitden alynýan zäherli erediji.
Kesilip alynýan şaha – täze ösümlik ýa-da agaç ösdürmek üçin ösümligiň ýa-da agajyň şahasynyň ulanylmagy.
Klimatyň üýtgemegi – bir ýerde howa şertleriniň üýtgemegi. Klimatyň üýtgemegi gazylyp alynýan ýangyjyň ýakylmagynyň netijesinde dünýä möçberindäki maýlamanyň döremegi bilen baglydyr.
Kömürturşy gaz – dem alnanda adam we haýwan bedeninden bölünýän ýa-da ýangyç ýakylanda döreýän gaz. Ýangyjyň ýanmagyndan döreýän kömürturşy gaz dünýä möçberindäki maýlamanyň esasy sebäbidir. Bu gazyň himiki formulasy CO2.
Kwars, kwars tozany – dag magdanlaryny gazyp alýan senagatynyň köp görnüşlerinde we senagat pudaklarynyň köpüsinde bolýan madda. Kwarsdan dem almak saglyk kynçylyklaryny döredip bilýär.
L
Lagym – akdyrylýan hapa suwlary ýeriň aşagyndaky hapa suw saklanýan rezerwuarlara, ulanylmaýan howdanlara, hapa suwlary gaýtadan işleýän zawodlara we beýleki ýerlere alyp gidýän turba ulgamy.
M
Ma Huang – ser. Efedra.
Mergi – örän howply ýokanç kesel. Ony agyz suwundaky ýa-da iýmitdäki bakteriýalar döredýär. Köplenç hapa suw arkaly ýaýraýar. Bu kesel güýçli gaýtarmany we içgeçmäni döredýär.
Mugthorlar – adamyň ýa-da haýwanyň bedeninde ýaşaýan we kesel döredip bilýän ownuk gurçuklar ýa-da mör-möjekler (bit, sakyrtga we ş.m.).
Mulça – ýagyşdan, günden, ýelden goramak we haşal otlaryň döremeginiň öňüni almak üçin topragyň üstüne örtülýän material. Ösümliklerden emele gelen dökünler mulça hökmünde ulanylýar.
N
Nahalhana – ýaş ösümlikler ýa-da agaçlar topraga ekilýänçä, olara ideg edilýän ýer.
Nebit – ýeriň aşagynda emele gelýän şepbeşik, gara suwuklyk, gazylyp alynýan ýangyç. Nebit benzin, dizel, kerosin, plastmassa we beýleki senagat önümleriniň köpüsini öndürmek üçin ulanylýar.
Nebiti arassalaýjy zawod – nebiti benzine we şoňa meňzeş beýleki ýangyja, asfalta we plastmassa öwürmek üçin gaýtadan işleýän kärhana. Nebiti arassalaýjy zawodlar howanyň hapalanmagyna sebäp bolýan esasy çeşmeleriň biridir.
Nikel – batareýlerde, galwan örtüklerde we eretmekde ulanylýan metal. Nikeliň täsiri saglyk kynçylyklaryny döredip bilýär.
Nola barabar galyndylar – saglygy we daşky gurşawy goramak maksady bilen galyndylaryň azaldylmagy we gerekmejek materiallaryň gaýtadan işlenilmegi.
Nyrhlaryň goldanylmagy – daýhanlara kömek etmek üçin, olaryň öndürýän önümleriniň käbirine hökümet tarapyndan bellenilen ýokary nyrh.
O
Oduň bromirlenen haýalladyjysy (OBH) – ulanylýan elektronika, mebel, tekstil önümleriniň ot almak howpuny azaltmak üçin ulanylýan zäherli himikat.
Organiki galyndylar – çüýräp gaýtadan topraga siňýän iýmit, ösümlik we janly jandarlaryň bedenleri, beýleki galyndylar. Muňa organiki dökün hem diýilýär.
Organiki madda – janly-jandarlaryň bedenleriniň, mysal üçin ösümlikleriň, haýwanlaryň, mörmöjekleriň we bakteriýalaryň çüýräp dargamagy. Organiki maddalar topragy gurplandyrýar.
Organiki oba hojalygy – himiki dökünleri we pestisidleri ulanmaýan hojalyk. Pestisidleriň döredilmeginden öň, tutuş oba hojalygy organiki oba hojalygy hasaplanylýardy. Şeýle hem organiki diýen düşünje himikatsyz ýetişdirilen dänelik ekinlerine degişlidir. Häzirki wagtda muňa ekologiki taýdan arassa oba hojalygy hem diýilýär.
Organiki sertifikatlaşdyrma – organiki ýada durnukly oba hojalyk usullaryny ulanýan daýhanlaryň we maldarlaryň öndürýän önümlerine has ýokary we durnukly nyrhlaryň bellenilmegi üçin sertifikatlaşdyrma.
Ö
Önelgelilik saglygy – erkegiň we aýalyň önelgelilik jyns agzalarynyň sagdynlygy.
Önelgesizlik – çaga öndürmäge ýa-da dogurmaga ukypsyzlyk (bedeniň nesil öndürmäge ukypsyzlygy).
Önümçiligiň arassa usullary – zäherli galyndylary azaldýan ýa-da aradan aýyrýan usullar. Arassa önümçilik öwezi dolunýan energiýanyň ulanylmagyny we materiallaryň gaýtadan ulanylmagyny öňe sürýär.
Önümi sertifikatlaşdyrmagyň maksatnamasy – alyjylara satyn alýan önümleriniň ekologik we ýaşaýyş taýdan sagdyn usulda öndürilendigini bilmäge mümkinçilik berýär. Azyklyk ekinlerine organiki, tokaý materiallaryna bolsa gurluşyk üçin durnukly diýip sertifikat berip bolar. Sertifikatlaşdyrma has ýokary satuw nyrhlaryny üpjün edip biler.
Öýjük – her bir janly bedeniň iň kiçi bölegidir. ähli dem alýan janly jandarlar: adamlar, haýwanlar, ösümlikler we mikroblar öýjüklerden ybaratdyr.
Öýken sowuklamasy – gyzdyrma, üsgülewük we gowşaklyk bilen häsiýetlendirilýän kesel.
Öňüni alyş sanjymlary – ýokanç keselleriň öňüni almak üçin geçirilýän sanjym, ser. Waksinasiýa.
Öňüni alyş sanjymlarynyň maksatnamalary – ser. Immunizasiýa maksatnamalary.
Ösümlikleriň täze görnüşleriniň (sortlarynyň) döredilmegi – daýhanlaryň has tagamly, ýokary hasylly, ýaramaz howa şertlerine, zyýanly mör-möjeklere durnukly ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin täze şert döretmegi. Şu usuly ulanyp, daýhanlar biziň şu günlerimizde-de ulanylýan ýokumly azyklyk we beýleki ekinleriň köp täze görnüşlerini döredýärler.
P
Parasetamol – ser. Asetaminofen. Pestisid – zyýanly mör-möjekleri, haşal otlary, gemrijileri ýa-da ösümlikleriň kesellerini ýok edýän zäherli himikat.
Peýdalanmak – serişdeleri, önümleri satyn almak we ulanmak.
Pioner görnüşler – zaýalanan ýerlerde ilki bilen ekilýän örän çydamly ösümlikler.
Plastmassa – nebitden we beýleki himikatlardan öndürilýän material. Plastmassa ulanmak üçin amatly, ýöne onuň öndürilişi we ýok edilişi adamlara zyýanly täsirini ýetirýär.
Polihlorirlenen befiniller – reňklerde, plastmassalarda we elektron enjamlarynda ulanylýan zäherli himikatlar. Olar daşky gurşawda uzak wagt saklanýar we olardan dynmak kyn bolýar. Durnukly organiki hapalaýjylara degişlidir.
Poliwinilhlorid – plastmassanyň düzümi hlorly görnüşi. Ol öndürilende we ýakylanda, dioksinler we furanlar ýaly örän howply himikatlary bölüp çykarýar.
Progesteron – estrogen bilen bir hatarda önelgeliligi sazlaýan aýal gormony.
Psewdoefedrin – dem alyş ýollaryny açýan derman.
Pyntyk – baglaryň ýaprak çykarýan gözi.
R
Radiasiýa – energiýanyň göze görünmeýän şöhlesi. Gün şöhlesi ýaly radiasiýa tebigy radiasiýa hasaplanylýar. Ýadro ýaragynyň partlamasynyň we uranyň radiasiýasy agyr keselleri döredýär.
Radiasiýa zäherlenmesi – radiasiýa zerarly dörän keseller. Radiasiýa zäherlenmesi düwnük (rak), deri keselleri ýaly keselleri we beýleki saglyk kynçylyklaryny döredip biler.
Rak – ser. Düwnük.
Regidratasiýa içgisi – bedeniň suwsuzlanmagynda suw ýetmezçiliginiň öwezini dolmak we saglygy dikeltmek üçin ulanylýan düzümi şekerli, duzly we suwly ýa-da däneli we suwly içgi.
Respirator – burny we agzy ýapyp, zäherler bilen dem almakdan goraýan maska.
Rişta – uzyn, inçe, ak sapaga çalymdaş mugthor gurçuk. Ol deriniň aşagynda ýaşaýar we topukda, aýakda, bedeniň başga ýerlerinde agyryly ýarany döredýär.
S
Sagdyn däl iýmit – tagamy ýakymly, emma düzüminde köp mukdarda ýag, duz, şeker, ösümlik ýagy ýa-da himikatlar bolan ýokumly däl iýmit ýa-da içgi.
Sanjym – dermanyň ýa-da beýleki suwuklygyň bedene ujy iňňeli şpris bilen sançmak arkaly goýberilmegi.
Sary getirme – deriniň we gözleriň saralmagy. Sary getirme bagryň şikeslenendiginiň ýa-da gepatiň barlygyny aňladýar.
Sary gyzzyrma – Afrikada we Günorta Amerikada duş gelýän agyr kesel. Bu keseli aýakçylar ýaýradýar..
Semizlik – saglyk kynçylyklaryny döredýän artykmaç agram.
Senagat hapalanmasy – senagatda ulanylýan himikatlar we galyndylar zerarly döreýän hapalanmanyň ähli görnüşleri.
Serişdeleri dikeltmek – gerekmejek ýa-da ulanylmadyk materiallary serişdä öwürmek üçin gaýtadan işlemek. Serişdeleri dikeltmek birnäçe gezek ulanmagy, resirkulýasiýany we kompostlamagy içine alýar.
Sianid – altyn gazylyp alnanda ulanylýan örän zäherli himikat.
Silikoz – kwars tozanyndan dem almagyň netijesinde döreýän agyr öýken keseli.
Simap – altyn gazylyp alnanda, termometrlerde we beýleki serişdelerde ulanylýan suwuk, zäherli agyr metal. Simap zäherlidir. Ol buga öwrülende ýa-da suwa düşüp, başga elementler bilen birleşende, has zäherli bolýar.
Skipidar – zäherli erediji.
Sisterna – suwy ýygnamak we saklamak üçin ägirt çelek.
Sterilizasiýa edilen – mikroblardan arassalanan ýada agta edilen, biçilen.
Sterilizasiýa etmek – mikroblary öldürmek.
Sorup almak – iýmitlenmek. Ösümlikler toprakdan suwy sorup alýarlar.
Söwda – adamlaryň, guramalaryň ýa-da ýurtlaryň harytlar we hyzmatlar bilen alyş-çalyş etmegi. Ýurtlaryň arasyndaky adalatsyz söwda garyplygyň esasy sebäpleriniň biridir.
Subsidiýalar – oba hojalyk ekinleri, nebit, saglygy goraýyş ýaly harytlaryň we hyzmatlaryň nyrhlaryny ýokarlandyrmaga ýa-da peseltmäge niýetlenen pul.
Suw-batgalyk meýdanlaryň döredilmegi – akdyrylýan hapa suwlary süzmek we arassalamak üçin batgalyk ösümliklerinden doldurylan çukur ýa-da howdan. Şeýle hem ol çiňrik düşegi diýlip atlandyrylýar.
Suw howdany – suw desgasynyň aňyrsynda ýygnanýan suwy saklamak üçin adam tarapyndan ýasalan howdan.
Suw howpsuzlygy – howpsuz suwuň hemişe elýeter bolmagy.
Suwoty – suwda we yzgarly ýerlerde ösýän köksüz, baldaksyz ýa-da ýapraksyz örän kiçi ösümlik.
Suw toplaýjy çäkleri dolandyrmak – suw toplaýjy çäklerindäki ýerleriň we suw serişdeleriniň ulanylmagy we goralmagy.
Suw toplaýjy çäkleriň meýdany – ýagyş, gar suwlaryny bir uly derýa, köle ýa-da batgalyga ýygnaýan çäkleriň meýdany. Suwy arassalamak – howpsuz agyz suwuny öndürmegiň dürli usullary.
Ş
Şistozomatoz – suw balykgulaklarynda ýaşaýan gurçuklaryň döredýän keseli. Şeýle hem gan sorujylaryň keseli we bilsgarioz diýlip atlandyrylýar.
Şpris – derman goýbermek üçin ulanylýan ujy iňňeli gural.
Şugul – haýsydyr bir gurluşyň merkezini (ortasyny) tapmak üçin ýüpüň ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan ýüp ýa-da kiriş.
T
Talapkär – zyýan çekenligi sebäpli, kazyýete arza bilen ýüzlenýän adam.
Tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak – tebigy serişdeleri galyndysyz we weýrançylyksyz rejeli ulanmak we gorap saklamak.
Tebigy dökün – mallaryň dersi, ekinleriň galyndylary ýa-da kompost ýaly organiki maddadan ybarat bolan organiki dökün.
Tebigy gaz – ýeriň ýa-da suwuň aşagynda emele gelip, ýangyç hökmünde ulanylýan gaz.
Tebigy pestisidler – ösümlik (sarymsak, burç, dyrnakgüllüler, we ş.m.), süýt ýa-da ösümlik ýagy ýaly tebygy zatlardan taýýarlanýan pestisidler.
Tebigy suksessiýa – bir bölek ýerde ösümlikleriň ösýän we zaýalanmadan soň dikelýän döwri.
Täsire sezewar bolmak – adamyň bir zat bilen galtaşmagy. Adamlar pestisidlerden we beýleki himikatlardan dem alanlarynda, ýuwdanlarynda we galtaşanlarynda, olaryň täsirine sezewar bolýarlar.
Täzeden dikeldip bolmaýan tebigy serişdeler – ulanylandan soň, hemişelik ýitirilen serişdeler, mysal üçin – nebit, gaz.
Täzeden dikeldip bolýan serişdeler bilen deňeşdiriň (mysal üçin – tokaýlyklar). Täzeden dikeldip bolýan serişdeler – gün we ýel ýaly tükeniksiz energiýa çeşmeleri. Täzeden dikeldip bolýan serişdeler bilen deňeşdiriň. Tokaýyň agaç materiallardan başga önümleri – tokaýyň agaçdan başga durnukly usulda ýygnap we satyp bolýan dürli önümleri.
Tokaýsyzlandyrma – tokaýlary çapyp, meýdany arassalamak.
Toksoplazmoz – iýmitdäki mikroblaryň döredýän keseli.
Toluol – zäherli erediji.
Toplaýjy gap (rezerwuar) – dag magdan gazyp alýan senagatyň ýa-da nebit guýularyň burawlanmagynyň galyndylaryny saklamak üçin gurlan suw howdany.
Toprak pytramasy – ýeriň üstüniň ýel we suw arkaly zaýalanmagy.
Tozanlandyryjy – ösümligi tohumlandyrmaga kömek etmek üçin tozgajygy bir gülden başga güle geçirýän mör-möjekler. Ýel hem tozanlandyrmaga kömek edýär.
Tozanlanma – ösümlikleriň güllerini tohumlandyrmak ýa-da ösdürip ýetişdirmek üçin tozgajygyň bir gülden başga güle ýaýramagy.
Tropik klimat – gurak we ygally möwsümler bolýan yssy ýer, köplenç ekwatora golaý ýurtlarda. Aram klimat bilen deňeşdiriň.
Turbina – elektroenergiýany öndürmek üçin ýel, bug ýa-da ýokardan gaýdýan suw bilen hereketlendirilýän uly çarh.
U
Ulanmak – uzak möhletleýin saglyk barada aladalanman, tebigy baýlyklardan girdeji almak maksady bilen peýdalanmak.
Utgaşdyryp ekmek – sagdyn däneli ekinleriň ösmegine ýardam bermek maksady bilen dürli däneli ekinleri utgaşdyryp ekmek. Ol zyýanly mör-möjeklere garşy göreşmäge we topragy has ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrmaga kömek edýär.
W
Waksinasiýa – käbir ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlaryň edilmegi. Waksinasiýa gyzamyga, bürmek keseline we poliomiýelite (ysmaz keseli) garşy geçirilýär. Şeýle hem öňüni alyş sanjymlary (priwiwka) diýlip atlandyrylýar. Wodorod öteturşusy – zyýansyzlandyryjy himikat.
Y
Ysmaz keseli – bedeniň herekete getiriji agzalarynyň öz ukybyny ýitirmegi. Mysal üçin, el-aýagyň ysmazlygy.
Ý
Ýapgyt – baýryň biraz eňňidräk tarapy.
Ýapyk ýerde howanyň hapalanmagy – öýdäki ýada binadaky howanyň çilim tüssesinden, otdan, himiki önümlerden ýa-da başga çeşmelerden hapalanmagy.
Ýaşamaga ukyply – ýaşaýşa uýgunlaşan, ýaşamaga we ösmäge ukyply.
Ýaşaýyş drama – ýaşaýyş meselelerini we olaryň çözgütleriniň tapylyşyny görkezýän gysgajyk sahnalar.
Ýata suw – täzelenmeýän we ýaramaz ysly suw. Aýakçylar ýata suwda köpelýär.
Ýel energiýasy – elektroenergiýanyň ýel arkaly öndürilmegi.
Ýelejiretme (wentilýasiýa) – öýüň ýa-da binanyň içindäki howany herekete getirýän ulgam.
Dünýä möçberindäki maýlama – köp sanly suw almalaryň, tupanlaryň döremegine, deňizdäki suwuň derejesiniň okarlanmagyna we keselleriň başga ýerlere-de ýaýramagyna sebäp bolýan hadysa.
Ýerasty suwlar – ýeriň aşagyndan akýan suwlar. Ýerasty suwlar guýulardaky we çeşmelerdäki agyz suwuň çeşmesidir. Ýerasty suwuň derejesi çabga we suwuň ulanylyşyna baglylykda üýtgeýär. Şeýle hem ýerasty suwlaryň derejesi ýa-da suw sorujy gatlagy diýlip atlandyrylýar.
Ýerasty suwlaryň derejesi – ser. Ýerasty suwlar.
Ýere siňmeýän ýata suw – ýere siňmän, ýeriň ýüzünde saklanýan suw.
Ýeriň ýüzündäki suwlar – derýalar, köller, ýaplar we howdanlar ýaly ýeriň ýüzünde ýygnanýan ýa-da akýan suw.
Ýiti – bir zadyň duýdansyz, güýçli, agyryly we howply ýüze çykmagy. Ýiti kesel çalt döreýär, emma uzaga çekmän hem biler. Dowamly kesel bilen deňeşdiriň.
Ýiti (kesiji) gurallar – iňňeler, päkiler, neşderler we beýleki ýiti lukmançylyk gurallary.
Ýuwudyjy guýy – içi çägeden we çagyldan doldurylyp, suwuň haýallyk bilen ýere siňmegine ýardam berýän çukur.
Ýokançlyk – bakteriýalaryň, wiruslaryň ýa-da beýleki janly bedenleriň döredýän keseli. Ýokançlyklar tutuş bedeni ýa-da onuň bir bölegini şikeslendirip biler.
Ýokanç keseller – bir adamdan beýleki adama, haýwandan adama aňsatlyk bilen ýokuşýan keseller.
Ýokary kuwwatlykly geçirijiler – elektroenergiýany öndürilýän ýerinden ulanylýan ýerine geçirýän simler.
Ýokumly madda – adamlary, ösümlikleri ýa-da haýwanlary iýmitlendirýän maddalar. Janly bedenleriň hemmesi güýçli we sagdyn bolmak üçin iýmitdäki ýokumly maddalara mätäçdir. Ýokumly maddalar ösümliklere güýçli we hasylly bolmak üçin gerekdir. Daýhanlar topraga kompost ýa-da dökün berenlerinde, ony ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrýarlar.
Ýyrtyjy – beýleki haýwanlary awlap iýýän haýwan.
Z
Zeýkeş – alyp gaýdýan turbalaryň kömegi bilen ýada ýerasty suwlara syzdyrmak arkaly topragyň guradylmagy.
Zäher – zäherlenmä ýa-da ölüme getirýän zyýanly madda.
Zir-zibilleriň arassa gömülmegi – gaýtadan ulanyp we işläp bolmajak zir-zibilleriň gömülmegi. Bu zirzibilleriň açyk taşlanýan ýerlerinden howpsuzdyr.
Zob – ýod ýetmezçiligi we dowamly sianid zäherlenmesi zerarly galkan şekilli mäzde düwünleriň emele gelmegi.
Zyýanly mör-möjeklere utgaşdyryp gözegçilik etmek – zyýanly mör-möjeklere we kesellere himikatsyz gözegçilik etmegiň usuly. Şeýle hem zyýanly mör-möjeklere tebigy gözegçilik etmek diýlip atlandyrylýar.