Hesperian Health Guides
Kazyýet derňewleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Goşundy B: Ekologik hukuklar ugrundaky göreşde kanunlaryň ulanylyşy > Kazyýet derňewleri
Mazmuny
- 1 Kazyýet siziň jemgyýetiňize kömek edermi?
- 2 Öz maksatlaryňyz barada pikir ediň
- 3 Kazyýet derňewinde ýeňiş gazanylmadyk bolsa-da, onuň peýdasy barmy?
- 4 Kazyýete kim arz edýär?
- 5 Zyýan ýetirilendigi barada subutnamalar barmy?
- 6 Subutnamalaryň peýdasy dogrudan-da barmy?
- 7 Kim ýa-da näme zyýan ýetirdi?
- 8 Köpmilletli korporasiýa garşy kazyýet derňewi?
- 9 Beýleki seredilmeli ýagdaýlar
Kazyýet siziň jemgyýetiňize kömek edermi?
Ekologik adalatlylyk ugrundaky göreşde köp kazyýet derňewleri üstünlikli tamamlanypdy. Ýöne kazyýet derňewleri örän gymmat bolýar we köplenç uzaga çekýär.
Ýurtda saglygy we daşky gurşawy goraýan kanunlar bar bolsa-da, kazyýet çekeleşiginde üstün çykmak kyn bolýar. Kanunlar seýrek ulanylýan bolsa, onda, mümkin, kazylar we aklawjylar olar barada bilýän hem däldir. Ýurtlaryň köpüsinde, esasanam korporasiýalary güýçli ýurtlarda kazylaryň we syýasy işgärleriň arasyndaky parakeşlik garyp jemgyýete öz hukuklaryny goramaga päsgel berýär. Gynansak-da, şowly kazyýet derňewlerinden şowsuzlaryň sany has köpdür.
Korporasiýalara, senagata ýa-da hökümete garşy kazyýet derňewine başlamazdan öň, birnäçe ýagdaýlara seredilmeli.
Öz maksatlaryňyz barada pikir ediň
Siz kazyýet arkaly näme gazanmak isleýändigiňizi anyk kesgitlemelidir. Soňra kazyýetiň bu maksada ýetmek üçin iň gowy usuldygyna göz ýetiriň. Siziň korporasiýadan edýän talabyňyz:
- nebit tegmilini ýa-da başga bir zäherli hapalanmany arassalasyn;
- saglyga, topraga, serişdelere ýetirilen zyýany üçin adamlara tölesin;
- işini bes edip, etrapdan ýa-da ýurtdan gitsin.
Kanunyň kömegi bilen göreşmek jemgyýeti bir ýere jemläp we bu babatda bilim berip biler. Ýöne iş taşlaýyş, garşylyk görkezmek ýaly hereketler ýa-da habar beriş serişdeleri arkaly göreşmek uzaga çekýän hukuk göreşe garanda üstünlige has çalt eltýär. Siziň jemgyýetiňiz üçin şeýle hereketleriň kazyýet derňewlerinden aňsat we netijeli boljakdygyna göz ýetiriň. Şeýle hem kazyýet derňewiniň iki görnüşiniň we gönüden-göni hereketleriň ulanylmagynyň siziň jemgyýetiňize ýeňmäge kömek edip biljekdigi barada pikirleniň.
Kazyýet derňewinde ýeňiş gazanylmadyk bolsa-da, onuň peýdasy barmy?
Elbetde, siz kazyýetde üstün çykasyňyz gelýär. Siziň kazyýetde ýeňjekdigiňize ynamyňyz bolmasa, onda siziň ýeňilmegiňiziň size ýetirip biljek peýdasy ýa-da zyýany barada pikirleniň. Käte şowsuz kazyýet derňewi seredilen meselelere jemgyýetçiligiň ünsüni çekýär. Ekologik zyýan we adam hukuklarynyň bozulmagy bilen bagly kazyýet derňewlerini siziň ýurduňyzda şowsuzlyga uçrasa, adam hukuklary boýunça amerikanara Barlag toparyna ýa-da Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara gurama arz edip bilersiňiz. Mümkin, bu siziň meseläňizi çözmez. Ýöne ol siziň meseläňize has köp üns berilmegini üpjün edip biler. Bu iş hem köp wagt we çykdajy talap edýär.
Käte şowsuz kazyýet derňewi siziň ýagdaýlaryňyza ýaramaz täsir edip biler. Ýaramaz netije kazylary we aklawjylary indiki serediljek işleriň hem netijeleriniň ýaramaz boljakdygy barada pikirlenmäge mejbur edip biler. Garşylykly seslenme adamlarda jemgyýetiň adalatsyz pul ýa-da başga zatlary talap edýändigi barada pikir döredýär. Guramaçylygyň beýleki şowsuzlyklary ýaly, şowsuz kazyýet derňewi hem adamlaryň ahlak taýdan bozulmagyna we jemgyýetde agzalalygyň döremegine eltip biler
Kazyýete kim arz edýär?
Zyýanly täsiriň pidasy – aýratyn bir adam, maşgala ýa-da tutuş jemgyýet kazyýet derňewi bilen bagly işleri we howpy öz üstüne almaga taýýar bolmalydyr. Adatça gurama zyýan çeken ýa-da kazyýet derňewine gatnaşmak islemeýän adamyň adyndan korporasiýa garşy kazyýet derňewini alyp baryp bilmeýär.
Zyýan ýetirilendigi barada subutnamalar barmy?
Kazyýetde ýeňmek üçin, siz şulary subut etmeli:
- pida bolana fiziki we ykdysady taýdan zyýan ýetirildi;
- korporasiýa zyýan ýetirdi ýa-da ol şol ýetirilen zyýana jogapkär
Subutnamalar ýeterlik bolmasa, kazyýet az peýdadan köp zyýan ýetirip biler. Korporasiýa kanuny bozan bolsa-da, siziň işiňize kazyýetde subutnamasyz seredilmez. Siz işi gozgasaňyz-da, ýeňip bilmersiňiz.
Subutnamalaryň peýdasy dogrudan-da barmy?
Diňe kazyýetde görkezip boljak subutnamalar iş üçin peýdalydyr. Kazyýet derňewini gozgaýan adamlar ol ýerde isleg bildirip çykyş etmeli. Olaryň bu seredilýän iş boýunça çykyş etjek şaýatlary hem bolmalydyr. Olar korporasiýanyň zyýan ýetirendiginiň subutnamasy hökmünde suratlary, barlaglaryň netijelerini, lukmançylyk hasabatlaryny görkezmelidir. Ýetirilen zyýany subut etmek örän kyn bolýar. Mysal üçin, korporasiýa işçilerde düwnük (rak) keseliniň döremegine himikatlar däl-de, çilim çekmek, nädogry iýmitlenmek ýaly ýaramaz endikler ýa-da diňe şowsuzlyk sebäp bolupdyr diýjek lukmany tapyp (“satyn alyp”) bilýär. Bu hakykata meňzese-de, munuň sebäbini we netijesini kanuna laýyk subut etmek örän kyndyr.
Kim ýa-da näme zyýan ýetirdi?
Kazyýet işleri adamlara, korporasiýalara, köp ýurtlarda bolsa ekologiýa zyýan ýetirýän hökümetlere garşy hem gozgalyp bilner.
Köpmilletli korporasiýa garşy kazyýet derňewi?
Köpmilletli korporasiýanyň edara jaýlary köp ýurtlarda bardyr. Köpmilletli korporasiýa garşy gozgalan işiň şowly bolmagy üçin, zyýan ýetirilen ýurtda hem-de korporasiýanyň watanynda işlemek zerurdyr. Bu gymmat we agyr bolup biler, ýöne muny amala aşyrmak mümkindir (“Asbest känleriniň işçileri kazyýetde ýeňiş gazanýarlar” we “Teksako garşy işiň gozgalmagy” sahypalardaky wakalary okaň).
Köpmilletli korporasiýalaryň şahamçalary bolýar. Mümkin, korporasiýanyň daşary ýurtly eýesine garşy iş gozganyňyzdan, korporasiýanyň ýerli şahamçasyna garşy iş gozgamak has aňsat bolardy. Mysal üçin, Amerikanyň Şewron nebit korporasiýasy Nigeriýadaky Nigeriýa Deltasyny hapalanda, kazyýet derňewini gozgamak üçin ýerli işjeňler amerikan korporasiýasyna däl-de, Şewronyň Nigeriýadaky şahamçasyna garşy iş gozgady. Şol bir wagtyň özünde, halkara işjeňleri korporasiýa tehnologiýasyny üýtgeder ýaly, korporasiýanyň adam hukuklaryny bozýandygyny dünýädäki ähli adamlara habar berip başlaýarlar.
Beýleki seredilmeli ýagdaýlar
- Zyýan ýetirmek ýa-da hyýanat etmek ýaňy-ýakynda boldumy? Kazyýet derňewini zyýan ýetirilmeden soň, birnäçe ýylyň içinde (adatça 10 ýyldan köp wagt geçmeli däl) gozgalyp bilner. Düwnük (rak) ýaly uzak wagtyň dowamynda döreýän agyr keseller babatda gozgalan kazyýet derňewinde ýeňmek juda kyn düşýär.
- Kazyýet derňewini gozgap, şaýatlary we aklawjylary tutunyp, adamlar özleriniň howpsuzlygyna ynam edip bilermi? Korporasiýalaryň we hökümetleriň köpüsi öz ygtyýaryny ýitirmejek bolup hiç zatdan, hatda fiziki zor salmadan we öldürmekden hem gaýtmaýar. Şeýle häkimýete garşy çykýan adamlar öz janlaryny howp astyna salýar.
- Kazyýete tölemek üçin pul barmy? Kazyýete, aklawjylara, daşary ýurtlara gitmäge, telefon gepleşiklerine, subutnamalary ýygnamaga we beýleki zatlara edilýän çykdajylar köp bolýar.
- Siz hakykatdan-da kazyýet derňewine köp ýyl sarp etmegi başarjakmy? Kazyýet derňewi 3 ýyldan 10 ýyla çenli we ondan hem uzaga çekip biler. Käte zyýan ýetirilmegiň pidalary kazyýet derňewi çözülýänçä, aradan çykýar.