Hesperian Health Guides

Nebit we kanun

Bu bapda:

Adamlary, suwy, tebigaty hapalanmadan goramak we howpsuz iş şertlerini döretmek maksady bilen ýurtlaryň köpüsi kanunlary çykarýar. Nebit korporasiýalarynyň nebitiň dökülmegine we syzmalara jogapkär bolmaklaryny talap edýän sebit we halkara kanunlar, ylalaşyklar hem bardyr. Emma bu kanunlar diňe adamlar olaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna gözegçilik edenlerinde netijeli bolýndyr. (Halkara kanunlary barada has köp maglumat almak üçin ser.: Goşundy B).

Teksako garşy işiň gozgalmagy

Teksako korporasiýasy Ekwadora nebit burawlamaga gelende, Kofan atly ýerli ilat Amerikan korporasiýasynyň olaryň durmuşyny weýran etjekdigini göz öňüne hem getirmeýärdi. 20 ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda korporasiýa nebit we zäher galyndyly suwuň millionlarça tonnasyny daşky gurşawa taşlapdy.


Kofanlaryň uzak ýyllaryň dowamynda iýmit çeşmesi hökmünde ulanan derýalarynyň indi peýdasy ýokdy. Agyz suwuny tapmak we aw awlamak üçin, adamlar indi uzak güni sarp edýärdi. Ýaşaýjylaryň köpüsi weýrançylyk sebäpli başga ýerlere göçüp gidýärdi. Kofanyň baştutanlarynyň aýtmagyna görä, Teksako olaryň adaty durmuşlaryny weýran edip, müňlerçe adamlaryň kesellemegine sebäp boldy. Kofan ilatynyň sany 15000 adamdan 500 adama çenli kemelipdi.


In front of a Texaco building, a group of men in suits look out over protesters and reporters.

Teksako zerarly hapalanmagyň pidalaryAmazonkany Goramak boýunça Fronty döredýärler. Olar agyr kesellerden ejir çekýänlere lukmançylyk kömegini berýärdiler, Teksakonyň nebit tejribeleriniň saglyga ýetirýän täsirini barlamaga ýardam edýärdiler. Olar Kito şäherindäki tebigaty goramak boýunça işjeňler we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky aklawjylar bilen habarlaşyp, bilelikde meýilnama düzdüler. Baştutanlar we işjeňler Teksako garşy milliard dollarlyk kazyýet işini gozgamak üçin, Nýu-Ýorka pyýada, kanoede (gaýyk) we uçarda geldiler.


Teksako işiň gozgalmagyna garşy çykjak boldy. Korporasiýa hapalanmanyň Ekwadorda bolandygy sebäpli bu işiň şol ýerde gozgalmagynyň tarapdarydy. Işjeňler Ekwadorda adalatyň üstün çykjakdygyna ynanmaýardy. Olar kazyny hapalanma babatda kararyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda çykarylmalydygyna ynandyrdylar. Kazy olary diňlemäge razylyk berýär. Bu halkara kazyýet işine seretmek ABŞ-da ilkinji gezek bolupdy! Kofanyň baştutanlarynyň begenjiniň çägi ýokdy.


10 ýylyň dowamynda Teksako işiň ýatyrylmagy ugrunda göreşdi. Täze bellenen kazy bu işi Ekwadorda çözmeli diýen karara gelýär. Ýöne adalatly netije çykarylmadyk bolsa, işe gaýtadan Nýu-Ýorkda seredilmelidi. Bu iş henize çenli dowam edýär. Nebitiň tropiki tokaýdan gazylyp alynýandygy sebäpli, adamlaryň kesellemegi dowam edýär. Olaryň Teksako garşy alyp barýan göreşi adamlaryň köpüsine nebitiň ýetirýän zyýanyny aýan etdi, Teksakony we beýleki nebit korporasiýalaryni bolsa burawlamagyň has howpsuz usullaryny ulanmaga mejbur etdi.



This page was updated:18 dek 2022