Hesperian Health Guides
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary > Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
Nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodlary zyýansyzlandyrmak
Nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodlar şeýle elhenç keselleri döretmeli däldir. Heläkçilikli ýagdaýlaryň öňüni almak we gazy gaýtadan işlemegiň ähli tapgyrlarynda gazyň we suwuklygyň mukdaryny azaltmak üçin, korporasiýalar elinden gelenini edip, hapalanmanyň öňüni almalydyr. Siz we siziň jemgyýetiňiz nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodlary zyýansyzlandyrmak boýunça işleri alyp barýan bolsa, siz şu pikirleriň birine eýerip bilersiňiz:
Howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmek meseleleri ýüze çykarmaga we adatdan daşary ýagdaýyň öňüni almaga kömek edip biler. Korporasiýalar howanyň ýagdaýyna gözegçilik etmeli we meselelere üns bermeli. Olar hapalanma gözegçilik edip bilmeseler, bu işi ýerli ilatyň agzalary ýerine ýetirip biler (“Bedre” usuly ser.).
Gazyň ýakylmagyna derek, ony gaýtadan ulanmak üçin dikeltmek ýaly has howpsuz usullary ulanmak bolar.
Çig nebiti, benzini we beýleki materiallary saklamak üçin ulanylýan rezerwuarlar doldurylanda, boşadylanda ýa-da arassalananda, olardan käte zäherli buglar bölünip çykýar. Has gowy enjamlar we usullar ulanyp, şol buglary azaltmak mümkindir. Zäherli maddalar howa we ýerasty suwa syzmaz ýaly, rezerwuarlara we olaryň klapanlaryna (gapaklaryna) yzygider gözegçilik etmeli we abatlaýyş işlerini geçirmeli.
Nebitden we benzinden doly gapgämiler we baržalar buglary howa bölüp çykarýar we suwuklygy suwa syzdyrýarlar. Dökülmegiň we zäherli buglaryň bölünip çykmagynyň öňüni almak üçin hemişe howpsuz usullardan peýdalanmaly. Gapgämiler zäherli maddalaryň syzmazlygy üçin, iki ýa-da üç gatdan ybarat bolmalydyr.
Düzümi zäherli himiki maddaly galyndy suwlar köplenç çogup, ýerasty suwa syzýar. Munuň öňüni almak üçin, zeýkeş ulgamyny gurup, oňa gözegçilik etmelidir.
Çig hapa nebit köp galyndylary döredip, howany we suwy hapalaýar. Bu aýratyn hem nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodlar nebitiň has arassa, ýeňil görnüşlerini çykarmaga niýetlenen ýagdaýlarynda köp bolýar. Has arassa nebitiň işlenilmegi hapalanmany azaldýar.