Hesperian Health Guides
Nebit agyr keselleriň döremegine sebäp bolýar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary > Nebit agyr keselleriň döremegine sebäp bolýar
Beýleki himikatlar bilen bolşy ýaly, keselleriň nebit senagaty zerarly dörändigini subut etmek kyn bolýar. Sebäbi olaryň ýüze çykmagyna uzak wagt gerek bolýar. Nebit burawlanýan meýdançalaryň we nebiti arassalaýan zawodlaryň golaýynda ýaşaýan we işleýän adamlaryň köpüsi suwuň, howanyň nebit bilen hapalanandygyny bilýärler. Nebiti burawlamak, gaýtadan işlemek we ýangyç hökmünde ulanmak – bularyň ählisi saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Aşakda şol saglyk kynçylyklary agzap geçýäris. Olar barada indiki sahypalarda has jikme-jik gürrüň bereris:
- ümezli görüş we beýleki göz keselleri;
- kellagyry, gallýusinasiýa (göze zat görünme), eýforiýa (duýdansyz şatlyk), ýadawlyk, düşnüksiz sözleýiş, beýni şikesi, huşsuzlyk;
- damarlaryň çekmegi we düşnüksiz sebäplere görä bolýan ölüm;
- burun boşlugyndaky başlar, burun gan akmasy;
- gulak ýokançlyklary;
- demgysma, bronhit, öýken sowuklamasy we beýleki respirator (dem alyş) keselleri;
- öýken we bokurdak ýokançlyklary, düwnük (rak);
- inçekeseliň döremeginiň ýokary howplulygy;
- ýürek tutgaýy;
- iýmit siňdiriş bilen bagly kynçylyklar, gaýtarma, aşgazanyň baş we düwnük (rak) keselli;
- bagryň, böwrekleriň we oňurga ýiliginiň şikeslenmegi;
- aýbaşy bilen bagly kynçylyklar, çaga düşmegi, öli çaganyň dogulmagy, dogabitdi ýetmezçilikler;
- örgün, kömelejik we deriniň rak keseli.
Saglyga ýetirilýän uzak möhletleýin täsir
Nebit önelgelilik ulgamynyň kesellerini döredýär
Nebit ýa-da ýangyç bilen zäherlenen suwuklygyň ýa-da iýmitiň ýuwdulmagy, olardan dem alynmagy aýbaşylaryň bozulmagy, çaga düşmegi, öli çaganyň dogulmagy, dogabitdi ýetmezçilikler ýaly önelgelilik bilen bagly keselleri döredýär. Bu keselleriň adaty däl gan akma we içiň agyrmagy ýaly irki duýduryş alamatlary bolup biler. (Has köp maglumat üçin, 16-njy baba ser.)
Nebit düwnügi (ragy) döredýär
Nebit we ýangyç bilen yzygider galtaşmak düwnük keselini döredýär. Nebiti arassalaýan zawodlaryň golaýynda ýaşaýan çagalar ondan daşda ýaşaýan çagalardan gan ulgamynyň howply keseline (akganlyga) has köp uçraýarlar. Nebit burawlanýan ýerde ýaşaýan adamlarda aşgazanyň, peşew haltasynyň we öýkeniň düwnük keselleri bilen kesellemek howpy beýleki ýerde ýaşaýan adamlara garanda has ýokarydyr. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň işçilerinde agyz boşlugynyň, aşgazanyň, bagryň, aşgazanasty mäziň, birleşdiriji dokumanyň, erkeklik jyns mäziniň, gözüň, beýniniň, ganyň düwnük keseliniň döremek howpy örän ýokarydyr. (Düwnük (rak) keseli barada has köp maglumat üçin 16-njy baba ser.).
Teksako Ekwadorda nebit burawlap başlanda, ol sebitdäki adamlar düwnük keseli barada hiç zat bilmeýärdi. 40 ýyldan soň Amazonkanyň giňden ulanylýan nebit sebitleriniň ikisinde lukmançylyk işgärleri 80 obany gözden geçirdi. Olar her üç adamyň birinde düwnük keseliniň aýry-aýry görnüşleriniň bardygyny ýüze çykardy.