Hesperian Health Guides
Gaz alawlary
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary > Gaz alawlary
Nebit korporasiýalary gazy ýakman, ony satyp bilerdi. Ýöne bu gymmat we çylşyrymly bolýar, sebäbi gazy belli basyşda saklamaly. Bu bolsa ýangynyň we partlamanyň döremeginiň howpuny artdyrýar. Şeýlelikde, korporasiýalar adamlara we daşky gurşawa ýetirilýän zyýanly täsiriň artýandygyna garamazdan, arzan düşýändigi sebäpli gazy ýönekeý ýakýarlar.
Mazmuny
Gaz alawlarynyň töweregindäki saglyk we howpsuzlyk
Gaz alawlarynyň ählisi howany hapalaýar we keselleri döredip bilýär. Ýöne käbir alawlar has erbet bolýar.
Gaz alawy käte partlamanyň öňüni almak üçin howpsuz usul hökmünde (howpsuzlyk alawy diýlip atlandyrylýan) ýa-da nebitiň ulanylmagynyň bir tapgyry hökmünde (gündeki alawlar) ýakylyp bilner. Alawyň her bir görnüşi dürli täsiri talap edýär.
Howpsuzlyk alawlary
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar turbalarda aşa köp gaz ýygnananda, basyşy azaltmak üçin howpsuzlyk alawlaryny ulanýar. Howpsuzlyk alawlary hemişe ulanylmaýar, ýöne ulanylan ýagdaýynda ol örän zyýanlydyr! Siziň ýaşaýan ýeriňizde howpsuzlyk alawlary ulanylýan bolsa, alawlaryň ýakyljak wagty barada öňünden habar bermeklerini korporasiýalardan talap ediň. Korporasiýalar alawyň ýakyljakdygyny golaýdaky ilata bir gün öňünden habar etmeli.
Alaw ýananda, hemmeler mümkin boldugyça ondan daşda durmaly. Gapysy we penjiresi ýapyk jaýyň içinde boluň. (Adatdan daşary ýagdaýlarda etmeli hereketler barada “Zäherli taşlandylaryň howa düşmegi.” ser.)
Gündeki alawlar
Käbir ýerlerde gaz alawlary günde ýakylýar, sebäbi bu korporasiýalara arzan düşýär. Şeýle alawlaryň golaýynda ýaşaýan adamlara hemişe ätiýaçly bolmak kyn düşýär. Özüňi gündeki alawdan goramagyň ýeke-täk usuly – olary söndürmek.
Alawlary söndürip bolar!
Köp ýyllaryň dowamynda dünýädäki iň güýçli gaz alawlary Nigeriýadaky Niger derýasynyň deltasynda döreýärdi. Halkara nebit korporasiýalarynyň Nigeriýada döreden gaz alawlary zerarly köp adam aradan çykdy. Nigeriýa gaz alawlarynyň ýaýradýan zäherlenmesi howa şertleriniň üýtgemegine we dünýä möçberindäki maýlamanyň döremegine sebäp boldy.
Nigeriýadaky Riwers Steýtiň ýaşaýjysy Çe Ibegwura şeýle diýýär: “Biz uzak ýyllaryň dowamynda hemişe gaz alawlarynyň arasynda ýaşaýardyk. Biziň ekin meýdanlarymyz hapalanypdy. Biz yhlas bilen ekin ekýärdik, emma gögerýän zat azdy. Biziň üçeklerimiz poslapdy. Howamyz hapalanandy. Biziň çagalarymyz kesellidi. Hatda biziň içýän ýagyş suwumyz hem gaz alawlarynyň gurumy bilen hapalanandy. Biz mundan artyk ejir çekip ýaşap biljek däl”.
Köp ýyllara çeken garşylykly çykyşlaryň we göreşiň netijesinde, 2005-nji ýylda Niger derýasynyň deltasynda gündeki gaz alawlary gadagan edildi. Adamlaryň sagdyn daşky gurşawa bolan hukugyny bozýandygy we keselleri döredýändigi sebäpli, kazyýet ähli nebit korporasiýalary gazy ýakmagy bes etmeli diýen karar çykarýar.
Siziň ýaşaýan çäkleriňizde gaz alawlary bar bolsa:
- gaz ýakmagyň howpuny ara alyp maslahatlaşyň we korporasiýalaryň, döwlet işgärleriniň üstünden arz etmek boýunça topar dörediň. Şeýle hem lukmançylyk işgärleri, žurnalistler we DGG bilen habarlaşyň.
- edýän işleriňiziň ýazgylaryny saklaň. Adamlardan alawlaryň bolýan günlerini we sanyny, olaryň ýetirýän zyýanyny bellige almaklaryny haýyş ediň.
- şol ýazgylary beýleki jemgyýetler, žurnalistler we döwlet işgärleri bilen ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyklary gurnaň. Olar bilen bolan söhbetdeşligiň ýazgylaryny saklaň. Döwlet işgärleriniň aýdýan zatlaryny ýazgy etmek we surata düşürmek siziň bu meselä çynlakaý garaýandygyňyzy görkezýär. Esasy zat – ruhdan düşmezlik!
Belki, bu işler gazyň dessine söndürilmegini üpjün edip bilmez. Ýöne gazyň söndürilmegi umumy maksada öwrülse, ol ilaty birleşdirip, her bir adamyň saglygyny uzak möhletleýin goramaga kuwwat berer.