Hesperian Health Guides

Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary


Bu bapda:

A man, woman, and child stand near an oil pipeline.


Nebit önümleri benzin, propan, nebit (kerosin), gündeki durmuşda ulanylýan ýangyç, asfalt, birgiden plastikler, reňkler, pestisidler, eredijiler we kosmetika ýaly gündeki ulanýan önümlerimiziň düzüminde bardyr. Hatda käbir matalar we dermanlar hem nebitden taýýarlanylýar. Nebit örän zäherli bolup, ony burawlap almak, daşamak, gaýtadan işlemek, ulanmak usullary arkaly daşky gurşawa we biziň saglygymyza zyýan ýetirip bilýär.

Nebite baý ýerleriň ilaty nebitiň özlerini baýatjakdygyna umyt baglaýarlar. Emma köp halatlarda diňe nebit korporasiýalary baýaýandyr. Adamlar we tutuş jemgyýet bolsa garyp, keselli, hapaçylykda we nebitiň bar bolan ýerinde hemişe howp astynda ýaşaýarlar. Dünýä ykdysadyýeti nebite bagly bolany sebäpli, nebit korporasiýalary döwletleriň hökümetlerine we halkara syýasatyna güýçli täsir edip bilýär. Bu ýagdaý nebite baý sebitleri özlerini, ýerlerini goramak ugrunda göreşmäge, ösen we ösüp barýan jemgyýetleri bolsa howanyň hapalanmagyna garşy göreşmäge mejbur edýär.

Nebit, kömür we tebigy gaz gazylyp alynýan ýangyçdyr. Olar millionlarça ýyl mundan ozal ýitip giden ösümliklieriň we haýwanlaryň galyndylaryndan emele gelip, olaryň mukdary çäklidir. Soňky 100 ýylyň içinde nebit bütin dünýäde diýen ýaly esasy energoserişdä öwrüldi. Häzirki döwürde nebit serişdeleriniň köp bölegi ulanylýar. Nebitiň we beýleki gazylyp alynýan ýangyjyň şeýle mukdarda ýakylmagy adamzadyň duçar bolan iň agyr meselesi bolan dünýä möçberindäki maýlamanyň döremegine sebäp boldy. Dünýädäki adamlaryň köpüsi nebit ykdysadyýetiniň bes edilmegini we energiýanyň has arassa we durnukly görnüşleriniň ulanylmagyny öňe sürýär (23-nji baba ser.)



This page was updated:05 ýan 2024