Hesperian Health Guides
Ekologik adalatlyk
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary > Ekologik adalatlyk
Aýallar nebitiň ulanylmagyna garşy çykýarlar
Nigeriýadaky Niger derýasynyň deltasy (dilkawy) ozal köp balykly, baý tebigatly we sagdyn ekerançylykly mes toprakdy. Nebit korporasiýalary bu ýere ýaňy işe gelenlerinde, ähli adamlara ykdysady girdejiniň boljakdygy barada söz beripdiler. Emma 30 ýyl nebit bilen işlänlerinden soň, olar öz wadasyndan dänýär. Nigeriýaly bir zenan şeýle diýýär: “Biziň gaharymyz gelýär. Korporasiýa 1970-nji ýylda işe gelende, bizi ähli haýwanlardan mahrum etdi. Bizde hapalanan derýalardan, çeşmelerden, weýran edilen tokaýlardan, mangr agaçlaryndan we gaz alawlarynyň elhenç galmagalyndan başga görkezere zat galmady. Olar biziň tebigy baýlyklarymyzy ulanyp, millionlarça pul ýygnanýan wagty, bizde hiç hili umyt galmady. Olar munuň aladasyny etmeýär, biziň ahy-nalamyzy eşitmeýär”.
Nigeriýaly aýallar sebitdäki her bir taýpanyň adamlaryny öz işine çekmek bilen, parahatçylykly göreşe başlaýar. Aýallar sebitde işleýän Şewron Teksako atly esasy nebit korporasiýasyndan iş orunlary, bilim serişdeleri, suw, elektroenergiýa bilen üpjün edilmeklerini we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyny talap etdiler. Olar korporasiýasyň ýetiren ähli zyýanynyň öwezini dolmagy hem talap etdiler.
Şewron Teksako hökümetden garşylykly güýç ulanmagyny soraýar. Polisiýa we ýaragly güýçler gözýaş akdyryjy gazy ulandylar we aýallara hüjüm edip, olary urdular, gynadylar. Aýallaryň köpüsi ýaralandy, käbiri bolsa öldürildi. Emma aýallar şonda-da batyrgaý we döredijilikli gaýtawul görkezdi. Olaryň käbiri nebit korporasiýasynyň edarasyna hüjüm etdiler, beýlekileri baş eksport terminalyny eýeledi, ýüzlerçesi bolsa nebitiň başga ýerlere iberilmegine päsgel bermek üçin Niger derýasynyň boýundaky 4 sany kompressor stansiýasyny ele saldy. Aýallaryň kompressor stansiýalary we terminaly eýeländikleri sebäpli, Şewron Teksako her gün 100 000 amerikan dollaryndan hem köp puly ýitirýärdi!
Nebit korporasiýasynyň wekilleri ahyry boýun egdiler. Şewron Teksako iş orunlaryny döretmäge we aýallara öz hususy işini açmaga kömek etmek maksady bilen karz bermegiň meýilnamasyny ýola goýmaga razylyk berdi. Şeýle hem olar obalary mekdepler, hassahanalar, suw we elektroenergiýa bilen üpjün etmegi boýun aldy.
Nebit korporasiýalaryň we olaryň tarapdarlary bolan hökümet agzalarynyň rehimsiz hereketleri olaryň girdejilerini artdyrmak üçin hiç zatdan gaýtmajakdyklaryny subut edýär. Nigeriýaly aýallar dünýädäki ähli adamlary nebit senagatynyň ösüşinden ejir çekmän, öz paýyny talap etmäge ruhlandyrdy. Bolmasa, olar nebit senagatynyň ösmegine asla ýol bermez.