Hesperian Health Guides

Nebitiň dökülmegi

Bu bapda:

Nebitiň bar ýerinde, nebit dökülmeleri hem bardyr. Gämilerde we ýük ulaglarynda betbagtçylyklar bolýar, nebit turba geçirijilerden syzýar. Nebitiň dökülmegine we onuň arassalanmagyna nebit korporasiýalary jogapkärdir.

“Suw bilen ýag garyşmaýar” diýen jümle bar. Emma nebit suwa dökülende, nebitiň düzümindäki zäherli himikatlar hakykatdan hem suw bilen garyşyp, uzak wagtyň dowamynda onuň düzüminde saklanýar. Nebitiň has galyň gatlagy suwuň ýüzüne ýaýrap, howanyň suwa düşmegine päsgel berýär, suwda ýaşaýan balyklar, haýwanlar we ösümlikler dem alyp bilmeýär. Göze görünýän nebit arassalanyp aýrylanda-da, onuň düzümindäki himikatlar suwda galyp, ony içmek howply bolýar.

Nebit ýeriň ýüzüne dökülende, howanyň geçmegine ýol bermän, topragyň sagdynlygyny üpjün edýän janly jandarlary öldürýär we ony weýran edýär. Nebit biziň derimize ýa-da haýwanlaryň derisine düşende hem şoňa meňzeş ýagdaý ýüze çykýar. Nebit deriniň ýüzüni örtüp, howanyň geçmegine ýol bermeýär. Keselleri döredýän zäherler hem bedene deriniň üsti bilen geçýär.

Nebit bilen suw garyşýarmy?

Bu tejribe işi adamlara suwdaky nebit tegmiliniň täsirine düşünmäge kömek edip biler:
Wagty: 1 sagat 30 minut
Enjamlar: arassa aýna gap, suw, ösümlik ýagy.

  1. Gaby suwdan dolduryň. Oňa 2 çemçe ösümlik ýagyny garyň. Suw bilen ýagy garyşdyrmak üçin, gaby çaýkaşdyryň. Gaba bir sagadyň dowamynda degmäň.

  2. Gaba serediň. Siz ýagyň köp böleginiň suwuň ýüzünde galandygyny görersiňiz. Ösümlik ýagy howpsuzdyr. Emma şol gapdaky suwy ýüzi nebit tegmilli derýa hökmünde göz öňüne getiriň. Munuň ýetirip biljek täsirini toparda ara alyp maslahatlaşyň. Günüň ýagtysynyň we howanyň derýa düşmegine päsgel berýän nebit tegmilli derýada ýaşamaga synanyşýan balygy göz öňüne getiriň. Derýadaky balyklary awlamak isleýän guşlara näme boljakdygyny hem göz öňüne getiriň.
    EHB Ch22 Page 514-1.png

  3. Suwuň ýüzündäki ýagy çemçe bilen aýyrmaga synanyşyň. Mümkin boldugyça köp ýagy aýyranyňyzdan soň, suwda köpürjikleriň bardygyna ýa-da ýokdugyna üns beriň. Bu suwa çökýän ýagdyr. “Suw bilen ýag garyşmaýar” diýen jümle barada gaýtadan pikir alşyň. Suw bilen ýag garyşanda, näme bolýandygyny toparyňyz bilen ara alyp maslahatlaşyň.

Suwuň nebit zerarly hapalanmagy

Düzüminde nebit bar bolan suwy içmek örän howpludyr. Nebit burawlananda ýeriň aşagyndan çykýan suw hem örän zäherlidir.

Suwy nebitden we zäherli himikatlardan arassalaýan süzgüçler örän gymmatdyr. Suwuň gaýnadylmagy, gün zyýansyzlandyrmasynyň ulanylmagy, suwa hloruň garylmagy mikroblary öldürýär, emma suwy nebit hapalanmasyndan saplap bilmeýär.

Hloruň garylmagy nebit hapalanmasyny has beterleşdirýär. Ol “fenollar” diýlip atlandyrylýan käbir himikatlar bilen birleşip, “hlorfenol” atly has zäherli himiki maddany emele getirýär.

Nebit hapalanmasy arassalanyp, göze görünmeýän hem bolsa, suwy arassa hasaplap bolmaz. Nebitiň düzümindäki zäherleriň köpüsi suwa çöküp, ol ýerde uzak wagtyň dowamynda galýar. Suwuň arassalygyna göz ýetirmegiň ýeke-täk usuly – ony barlagdan geçirmek.

Agyz suwuny zyýansyzlandyryň]]) kill germs but cannot get rid of oil pollution.

Nebit dökülmesinden soň howpsuzlygy saklamak

A woman speaks as she leads a child away from a contaminated pond.
Gel, gowusy suwy daýyňyň guýusyndan getireli
  • Nebit bilen galtaşmakdan gaça duruň. Çagalary we haýwanlary nebitiň dökülen ýerlerinden daşda saklaň. Mümkin bolsa, şol meýdanyň daşyny aýlaň we duýduryş bellikleri goýuň.
  • Nebit dökülen ýerinden ýokarda ýerleşýän suw çeşmesini ulanyň. Örän uzak ýol geçmeli bolsaňyz hem, kesellemezlik üçin bu örän wajypdyr. Nebitiň dökülen ýerinde ýagyş suwy ýeke-täk howpsuz suw çeşmesi bolup biler.
  • Nebitiň dökülen ýerinde we akymdan aşakda ýaşaýan balyklary, balykgulaklary, krewetkalary iýmekden gaça duruň. Olar zäheri gubka ýaly özlerine siňdirýär.
  • Hapalanan suwda suwa düşünmekden gaça duruň. Kimdir biri hapa suwa gaçsa, haýal etmän köpräk sabynly arassa suwa ýuwunmaly.
  • Daşky gurşaw we saglyk barada aladalanyp, hökümet degişli bolmadyk guramalara, habar beriş serişdelerine, hökümet agzalaryna we goňşularyňyza habar beriň.
  • Jemgyýet duşuşyklarynda we mekdeplerde adamlara nebitiň zyýanly howpy barada gürrüň beriň.

Nebit dökülen ýerleri arassalamak

Nebit dökülen ýerleriň arassalanmagyna nebit korporasiýalary jogapkärdir. Korporasiýalar islendik görnüşdäki dökülmeleri arassalap biljekdikleri babatda ynandyrýarlar. Emma dökülen nebiti arassalamak üçin iň oňat enjamlaryň ulanylan ýagdaýynda-da, bu iş örän howply we kyndyr. Köplenç dökülen nebitden ejir çeken adamlaryň hiç hili gorag enjamlary bolmaýar.

3 men in protective clothing speak as they shovel sludge into buckets.
Nebit ýere we suwa dökülende adamlary, haýwanlary, ösümlikleri, ýeri we suwy zäherleýär.

Nebit korporasiýalary nebit dökülip başlan badyna, ony arassalamalydyr. Sebäbi nebitdäki zäherli maddalar suwa we topraga çalt siňip, suwuň ýüzündäki gara laýyň aýrylmagy zyýanly ojagy ýok etmeýär. Nebit ýere we suwa dökülende adamlary, haýwanlary, ösümlikleri, ýeri we suwy zäherleýär.

Dökülen nebiti arassalan işçileriň kesellemegi

Exxon Valdez atly nebit gapgämisi 1989-njy ýylda Alýaskanyň kenarynyň golaýyndaky saýa batanda, suwa millionlarça gallon nebit döküldi. Bu ýagdaý birgiden haýwanlary, guşlary ýok etdi, ýerli balykçylygy weýran etdi. Nebitiň ýetirýän zyýany şu güne çenli dowam edýär. Işçiler hapalanma ýaýramaz ýaly, iň gowy enjamlary ulanyp, uzak aýlaryň dowamynda her gün 12-16 sagat ony arassalaýardylar. Nebit derä galtaşmaz ýaly, olar gorag geýimlerini geýýärdi, zäherli buglardan dem almazlyk üçin bolsa maska dakynýardylar.


Iş gününiň ahyrynda olar ýapynjalaryny, aýakgaplaryny we elliklerini çykarýardy. Egin-eşikler we işçileriň özi himiki eredijiler bilen arassalanýardy. Ertesi olar ýene-de egin-eşikleri geýip, işe dolanýardy.


Gorag enjamlarynyň barlygyna garamazdan, işçileriň köpüsi üsgülewüge, kellagyra, başaýlanma we dümewlemä arz edýärdi. “Gijelerine hemmeler üsgürýärdi. Bu inçekesellileriň ýatan bejeriş otagyna meňzeýärdi” – diýip, bir işçi zeýrenýär. 10 ýyl geçenden soň, işçileriň köpüsinde huşuň ýitmegi, öýkeniň şikeslenmegi we düwnük keseli döräp başlady. Olaryň ýüzlerçesi aradan çykdy.


Exxon korporasiýasyna garşy iş gozgalyp, olardan ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmak talap edildi. Ýöne köp wagtyň geçendigine garamazdan, olar heniz-de hiç zat tölänoklar.


Nebit dökülende näme etmeli

EHB Ch22 Page 517-1.png
Saman, ýonuşga, mekgejöweniň başlary, ýelekler, palçyk-nebiti özüne siňdirýän materiallaryň käbirleridir.

Nebit dökülende ýa-da rezerwuardan (saklanýan gabyndan) syzanda, ony konserwirlemeli ýa-da absorbirlemeli (siňdirmeli). Nebit siňdirilen badyna, nebit we siňdirilen materiallar ýok edilmeli. Ýerasty suwlary hapalamaz ýaly, olary betonlanan çukura gömmek bolar.

Suwuň ýüzündäki nebit tegmilleri hem konserwirlemek we siňdirmek bolar, ýöne ýörite enjamyň bolmadyk ýagdaýlarynda bu işi amala aşyrmak kyndyr. Dökülen nebiti arassalamak üçin suwa girýän islendik adam agyr kesele ýolugyp biler. Nebiti suwdan bedreläp aýyrmaga synanyşmak howply we netijesiz bolýar.

EHB Ch22 Page 517-2.png
EHB Ch22 Page 517-3.png
Labyrlara ýa-da gaýyklara we kenardaky zatlara berkidilen özboluşly ýüzýän haýat ýaly ştangalar nebiti saklap, onuň köp böleginiň ýaýramagyna päsgel berýär. Ýörite suw ulagy nebiti şlang arkaly suwuň ýüzünden aýryp, saklamak üçin rezerwuara sordurýar.
EHB Ch22 Page 517-4.png
EHB Ch22 Page 517-5.png
Suwda galan nebit ýonuşga, torf garaharsaňy, ýelekler ýa-da palçyk ýaly materiallar bilen sordurylýar. Nebitiň mümkin boldugyça köp bölegi suwuň ýüzünden aýrylansoň, onuň galyndysy ýakylýar. Nebit ýananda, zäherli tüssäni bölüp çykarýar. Şeýle bolsa-da, bu nebitiň suwda saklanyp galmagyndan gowudyr.

Nebit hapalanmasyny arassalaýan bolsaňyz, özüňizi goraň!

Siz we siziň çäkleriňizde ýaşaýan adamlar nebit tegmilini özbaşdak aýyrmaly bolsa ýa-da dökülen nebiti aýyrmak üçin korporasiýa size töleýän bolsa, siz şu zatlary bilmelisiňiz:

  • Nebit hemişe zäherlidir. Onuň bilen galtaşmak we ondan dem almak agyr

keselleriň döremegine eltip biler.

  • Nebiti arassalamak üçin ulanylýan eredijiler hem zäherlidir. Olar hem agyr keselleri döredip bilerler.
  • Gaýalaryň ýüzündäki nebiti aýyrmak üçin ulanylýan ýokary basyşly şlanglar nebiti buga öwürýär, dem alnanda, şol bug öýkene düşýär. Bu bolsa bokurdak we öýken keselleriniň döremegine sebäp bolýar.
  • Nebitiň dökülmegine we onuň aradan aýrylmagyna jogapkär korporasiýa sizi ellik, aýakgap, respirator, gözi goramak üçin maska we kellä geýilýän gorag örtügi, gorag egin-eşikler bilen üpjün etmelidir (ser.: Goşundy A).
  • Nebit bilen hapalanan suwda uzak wagt işlemek we eredijileriň täsirine sezewar bolmak agyr keselleriň döremegine eltip biler. Azrak işlemek we arakesmelerde zäherli buglardan daşrakda dynç almak has gowy bolar.

Adatdan daşary ýagdaýlaryň howpsuzlyk meýilnamasyny düzüň

Siz nebit burawlanýan ýerlerde ýa-da nebiti arassalaýan zawodlaryň bar bolan ýerlerinde ýaşaýan bolsaňyz, partlama ýa-da dökülme ýaly adatdan daşary ýagdaýlarda her bir adamyň saglygyny goramak üçin, jemlenip, howpsuzlyk meýilnamasyny düzüň.

Kartada öz ýaşaýan çäkleriňizi belläň

Adatdan daşary ýagdaýlaryň döräýjek ýerlerin, şeýle ýagdaýlardan soň dikeldiş işleri üçin ýaramly bolan serişdeleriň ýerleşýän ýerlerini bilmek üçin, howpsuzlyk kartalaryny düzüň.

People gather around a table and draw a map.

Jemgyýetiň beýleki agzalary bilen öz ýaşaýan ýeriňiziň kartasyny çyzyň. Onda nebit guýularyny, burawlama meýdanlaryny, galyndylar üçin çukurlary, arassalaýjy zawodlary we hapalanmany döredýän beýleki çeşmeleri görkeziň. Mundan başga-da, suw, iýmit alynýan we ösdürip ýetişdirilýän ýerleri, mal saklanylýan, jemgyýetçilik serişdeleriniň saklanylýan ýerlerini görkeziň.

Nebitiň öň nirelerde dökülendigi, heläkçilikleriň ýa-da hapalanmalaryň öň nirelerde bolandygy barada gürrüňdeş boluň. Olaryň täsiri nähili boldy? Nebit dökülmegiň alamatlarynyň bellenilen ýerlerini kartada görkeziň. Öz elýeter serişdeleriňiziň sanawyny düzüň we adatdan daşary ýagdaýlarda olary ulanmagyň meýilnamasyny düzüň.

Duşuşyň we öz meýilnamaňyzy düzüň

A woman speaks.
Bize gerek zatlar:
  • akymdan ýokarda ýerleşýän suw çeşmesi ýa-da ilat üçin suw howdany;

  • saklanylýan suwuň her 6-12 aýdan çalşylyp durulmagy;

  • adamlary howpsuz ýere alyp gider ýaly ýük ulaglary ýa-da beýleki ulag serişdeleri;

  • adatdan daşary ýagdaýda goňşy ýerlerdäki ilata, döwlet işgärlerine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar berjek bir ýa-da birnäçe adam saýlamak;

  • ýygnaklary geçirmek üçin mekdep, metjit ýa-da başga ýer;

  • kömek soramak, döwlet işgärlerine we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar etmek üçin telefon ýa-da radio;

  • hassahanalaryň, klinikalaryň we saglygy goraýyş işgärleriniň telefon belgileri.

Jogapkär:
  • Jozeff

  • Sala, Naişa; Njuma

  • Ahmediň taksisi
    Kuameniň ýük ulagy

Jogapkärçiligi korporasiýanyň üstüne ýüklemek

Nebiti burawlamazdan öň, nebit korporasiýasy daşky gurşawa ýetiriljek täsirine baha bermeli. Bu gurama nebitiň syzmagyna ýuridik jogapkärçiligi nebit korporasiýasynyň üstüne ýükleýär. Siziň jemgyýetiňiz Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha berýän guramanyň adatdan daşary ýagdaýlarda jogapkärçiligi nebit korporasiýalarynyň üstüne ýüklemegi üçin näme edip biljekdigi barada maslahatlaşyň. Mysal üçin, syzmak aradan aýrylýança, olaryň turba geçirijini ýapmaklaryny talap edip bilersiňizmi? Korporasiýa ilaty agyz suwy bilen üpjün edip bilermi ýa-da lukmançylyk hyzmatlaryna we hususy emlägine şikes ýetirendigi üçin töläp bilermi? (Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha berýan gurama barada bilmek üçin, ser.: Goşundy B.

Nebit zerarly zaýalanan ýeriň dikeldilmegi

Nebit tegmilleri ýere agyr we uzak möhletleýin zyýan ýetirýär. Nebit hapalanmasy arassalanandan soň, ýer uzak wagt ulanylmaýar. Ony dikeltmek we hasyllygyny artdyrmak mümkindir, emma bu iş köp wagt talap edýär. (Topragy dikeltmek barada goşmaça maglumat almak üçin 11-nji baba ser.)

Dökülen nebiti aýyrmagyň täze usuly
Mushrooms growing on oil.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda dizel ýangyjy dökülende, dürli kompaniýalar ony arassalamak üçin näme edip biljekdikleri barada habar bermeklerini haýyş edýär. Nebit dökülen toprak uly üýşmeklere öwrülipdi. Şol üýşmekler arassalanylmak üçin korporasiýalara paýlanyldy.


Korporasiýalaryň biri satmak üçin kömelek ösdürip ýetişdirýärdi. Bu işi dolandyrýan ýolbaşçy kömelekleriň tokaý ýangynlaryndan we heläkçiliklerden soň ösýändigine üns berýär. Ol kömelekleriň topragy dikeldip biljekdigine ynanýardy. Korporasiýasyň işçileri özlerine berlen üýşmekde (nebit siňen toprak üýşmeginde!) ýönekeý kömelekleri (weşenkalary) ekip, netijä garaşýarlar.


Alty hepdeden işçiler şol üýşmegi barlamaga baranlarynda, haýran galýarlar. Olar topragyň uly-uly kömeleklerden doludygyny görýär. Kömelekleriň käbiri keselegine 30 santimetre ýetýärdi. Olar kömelekden we toprakdan biraz alyp, olary barlaghanada barlaýarlar. Kömeleklerde nebitden nyşan galmandy, olarda zäherli himikatlar ýokdy! Kömelekler topragy doly arassalapdyr!


Mundan soň bolup geçen zatlar has gyzyklydy. Kömelekler ýetişensoň, siňekler olarda öz ýumurtgalaryny taşlaýar. Liçinkalar emele gelende, guşlar we kiçi jandarlar kömelekleri we liçinkalary iýýär. Guşlar we haýwanlar tohumlary beýleki ýerlere ýaýratdyp, ösümlikler köpelip başlady. Hapa üýşmekleri baý ýaşaýyş bagyna öwrüldi.


Bu usul tejribede üstünlikli geçdi, emma bu ähli ýerlerde we şertlerde şeýle boljakdygyny hiç kim bilmeýär. Kömelekleriň we beýleki “tebigy serişdeleriň” dökülen nebiti doly arassalap biljekdigine göz ýetirmek üçin, köp işler amala aşyrylmalydyr.


This page was updated:05 ýan 2024