Hesperian Health Guides
Nebit we ilatyň saglyk ýagdaýy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 22: Nebit, keseller we adam hukuklary > Nebit we ilatyň saglyk ýagdaýy
Nebitiň tapylan ýerlerinde ykdysadyýet çalt depginler bilen ösýär, ýöne bu garyplyk ykdysadyýetidir. Ýaramaz gurlan nebitçiler şäherçeleri gelşiksiz keşbi we oňaýsyz ýaşaýyş şertleri bilen töwerekdäki görnüşden tapawutlanýar. Bu ýagdaý mejbury göçüp gitmek, arakhorluk, jyns gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklar, AIW/AIDS ýaly dürli keselleriň we durmuş kynçylyklarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Nebit korporasiýalary we hökümet halkyň nebit senagatyndan agyr ejir çeken bölegini goldamaýar. Ilatyň bu bölegi idegsiz galyp, nebitiň ýetiren zyýanynyň möçberini anyklamaga we öz saglyk ýagdaýyny gowulandyrmagyň usullaryny tapmaga synanyşýar.
Mazmuny
Tebigy gaz hem saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar
Tebigy gaz ýakylanda, kömürturşy gazy (dünýä möçberindäki maýlamanyň sebäbi) we beýleki hapalaýjy maddalary nebitiň ýakylmagyna garanda az bölüp çykarýar. Emma gazyň gazylyp alynmagy hem nebit burawlamasyna meňzeş bolup, durmuş kynçylyklaryny döredýändir. Bu bapda nebit barada aýdylýan hakykat tebigy gaza-da degişlidir.
Nebit senagatyndan ejir çekýän ilat saglyk ýagdaýyny öwrenýär
1992-nji ýylda Ekwadordaky Amazonka jülgesindäki saglygy goraýyş boýunça guramaçylar topary burawlamanyň ýerli ilatyň saglygyna ýetirýän täsirini öwrendiler. Olar nebit korporasiýalarynyň ilatyň ýaşaýan ýerlerini zaýalaýandygyny bilýärdi. Emma nebit senagatynyň adam saglygyna ýetirýän zyýany barada hiç anyk maglumatlary ýokdy. Şonuň üçinde, saglygy wagyz edijiler öz şäherleri we obalary barada maglumat ýygnap başladylar.
Ilatyň saglyk ýagdaýyny öwrenmek uly işi we köp wagty talap etdi. Guramaçylar bu işe başlanlarynda, nähili maglumat ýygnajakdyklaryny göz öňüne hem getirmeýärdi. Olar şu babyň dowamynda öz wakalaryny gürrüň bererler...
Müňlerçe ýyllaryň dowamynda bu sebit ýerli ilatyň ýaşaýan ýeridi. Amazonka jülgesiniň bize degişli böleginde dürli taýpalar: Şuar-Eçuar, Runa, Ouaýçia, Huaorani, Siona-sekoýýa we Kofan ýaşaýar. Bu ýerde ýaşaýan taýpalaryň öz medeniýeti, dili we dünýägaraýşy bar. Taýpalar häzirki döwre çenli özara parahat ýaşaýardyrlar. Emma, gynansakda, bu asuda durmuş bozuldy. Muňa nämäniň sebäp bolandygyny bilmek isleseňiz, biziň wakamyzy diňlemeli.
Bu biziň ata-babalarymyz bilen tebigatyň arasyndaky deňagramlylygyň bozulmagynyň başydy. Ispanlar ilkibaşda altyn we kümüş gözläp, biziň ýerlerimizi öwrenýärdi. Olar biziň atababalarymyza ýerden altyn we kümüş gazdyryp, olary öz gullaryna öwürdiler. Soňra iňlisler geldi. Olar altynyň deregine kauçuk gözleýärdi. Ýerlerimizden kauçuk gazyp almak üçin, olar hem bizi öz gullaryna öwürdiler. Soňra nebit korporasiýalary geldi. Olar hem beýlekiler ýaly hereket etdi.
Biz nebit korporasiýalaryň saglygymyza zyýan ýetirýändigini bilýäris. Hut şol sebäpli hem saglygy wagyz edijiler hapalanmany we onuň täsirini öwrenmek kararyna gelýär. Biz ykdysadyýetiň, syýasy we medeni ýagdaýyň has gowulaşmagy üçin hyzmatdaşlyk etmek isleýäris.
Saglygy wagyz edijiler nebit bilen hapalanan döwletiň ilatynyň hapalanmadyk ýerleriň ilatyna garanda, has köp syrkawlaýandygyny anykladylar. Şol ýurtlardaky aýallar çaga düşmekden ejir çekýärler. Çagalar açlyk çekýärler, olaryň käbiri ýaş wagty aradan çykýar. Köpüsinde bejerip bolmaýan deri keselleri döreýär. (Nebit senagaty zerarly döreýän saglyk kynçylyklary barada has köp bilmek üçin Nebit we ilatyň saglyk ýagdaýy ser.)
Bu mälim bolan zatlaryň az bölegidir. Geçirilen barlaglardan soň, olar öz geçiren işleriniň netijelerini “Nebite gark bolan medeniýet” atly kitapda çap etdiler.
Biziň toparymyz 6 adamdan ybaratdy: saglyk wagyz edijileriň üçüsi (ikisi ilat bilen, biri barlaghanada işleýärdi), 3-si lukmançylyk işgäridi (lukman, biohimik, lukmançylyk tehnigi).
Saglyk ýagdaýynyň barlagy geçirilenden soň, jemgyýet hereket edip başlady
Saglyk ugrunda göreşýänler adamlaryň köp keselleriniň nebit zerarly döreýän hapalanmanyň netijesinde ýüze çykýandygyny iş ýüzünde subut etdiler. Nebitiň düzümine girýän zäherli himiki maddalaryň suwda, toprakda, adamlaryň ganynda, tüýküliginde we täretinde bardygy bellenildi. Bu maglumatlar meseläni çözmekde ilkinji ädimleri etmäge kömek etdi. Olar hapalanma dowam etse, suwy, sagdyn iýmiti we arassa howany gorap saklamagyň kyn boljakdygyny bilýärdi.
Kömek sorap hökümete ýüzlenmek üçin, “Ejir çekenleriň komiteti” diýlip atlandyrylan topar düzüldi. Sagdynlygyň ösmegine ýardam berýän guramalar adamlaryň saglygyny goramagy we olara nebit senagatynyň zyýanyny görkezmegi dowam edýärler. “Amazonkany goramak boýunça Birleşme” atly beýleki bir gurama bolsa ýetiren zyýany üçin nebit korporasiýasyna garşy kazyýet işini gozgaýar. (Bu barada has köp bilmek üçin, Teksako garşy işiň gozgalmagy ser.).
Tropik tokaýlaryň uly meýdanlary ýok edilipdi, emma daşky gurşawy goramak we ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak baradaky hukuk kadalary berjaý edilmändi. Daşary ýurt eýeçiligindäki korporasiýa öz girdejisini alyp, ýapylypdy.
Jemgyýetçilik barlaglary we kazyýet işi tropik tokaýlary we olaryň ýaşaýjylaryny halas etmek ugrundaky göreşe beýleki guramalary hem oňa gatnaşmaga ruhlandyrdy. Ekwadordaky, Angliýadaky we Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky uniwersitetler we lukmançylyk mekdepleri nebit korporasiýasyna garşy gozgalan işi goldamak, nebit senagatynyň elhenç zyýan ýetirýändigini subut etmek maksady bilen has köp barlag geçirýärdiler. Şu kitabyň awtorlaryna nebitiň saglyga ýetirýän täsiri barada bilmäge hem şol barlaglar kömek etdi.
Ýöne esasy işi saglygyň tarapdarlary berjaý etdiler. Nebitiň saglyga edýän täsirini barlamagy öwrenmek bilen, olar ýerli möçberde bütin dünýä ähmiýetli meseläniň üstünde işlediler. Halkara nebit korporasiýalary tarapyndan tropik tokaýlarynyň ýok edilmegi zerarly öz goňşularynyň saglyk ýagdaýlarynyň näderejede beterleşendigini görkezip, olar ýerli meseleleri dünýä äşgär etdiler. Olaryň işi şu kitaby ýazanymyzda bizi örän ruhlandyrdy.