Hesperian Health Guides

Nebit öndürmekligiň her tapgyry zyýanlydyr

Bu bapda:

Nebiti gazyp almagyň her tapgyrynyň daşky gurşawa, saglyga zyýan ýetirýändigine düşünmek üçin, Size şular kömek edip biler:

Nebitli ýerleri agtarmak

Korporasiýalar nebitli ýerleri agtaryp başlanlarynda, tokaýlar çapylyp aýrylýar, jaýlar ýumrulýar. Ýollar gurulýar, derýalar we akymlar desga gabalýar. Korporasiýalara ýeriň aşagynda nämäniň bardygyny bilmäge kömek etmek üçin, nebit agtaryş işlerinde birnäçe partlama hem geçirilýär. Muňa seýsmik barlag diýilýär. Seýsmik barlag jaýlary, tebigaty we topragy weýran edýär.

A bulldozer drives past a damaged home as men set off explosives close to a nearby forest.

Nebiti agtarmak işi başlanmazdan öň, jemgyýetçilik toparlary hökümet agzalaryna ýüzlenip, öz çäklerine hüjüm edilmegiň öňüni almaga, Döwlete garaşsyz guramasynyň (DGG) we nebitiň täsirine sezewar bolýan jemgyýetleriň tejribesini öwrenmäge, saglyga abanýan howp barada maglumat bermäge synanyşmalydyrlar. Nebit korporasiýasynyň daşky gurşawa ýetirýän täsirine baha bermek üçin, ol ekologik barlagdan geçirilmelidir (ser.: Goşundy B). Bu barlag taslamanyň uly zyýan ýetirjekdigini görkezse, jemgyýetçilik toparlar bu taslamanyň togtadylmagyny talap edip biler. Nebit korporasiýasy daşky gurşawa ýetirýän täsiriniň meýilnamasyna düzende, oňa galyndylary daşamak, adatdan daşary ýagdaýlarda golaýdaky ilaty habardar etmek, adamlary howpsuz ýerlere göçürmek ýaly çäreleriň çykdajylaryny hem göz öňünde tutmalydyr.

Nebiti burawlamak

A woman stands outside her home next to an oil spill.

Nebiti ýeriň aşagyndan almak üçin, guýulary burawlaýarlar. Nebitiň burawlanmagy işçileri we ýerli ilaty howpa sezewar edýän ýangynlary, partlamalary we beýleki heläkçilikli ýagdaýlary döredýär. Nebit dökülende, ol ýerasty suwlary, suw ýollaryny hapalaýar, ösümliklere we haýwanlara zyýan ýetirýär, aw awlamaklyk, balykçylyk we ekerançylyk üçin gerek bolan serişdeleri weýran edýär.

Nebiti burawlamagyň zyýanyny bellemek üçin adamlar kameralary, wideo we radio habarlary, ýazuw dykgatnamalary, hatda çaga suratlaryny hem ulanyp biler. Nebit burawlamasyny we daşky gurşawa zyýan ýetirilmegini bes etmek, daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha berilmegiň kadalarynyň ýerine ýetirmek talaplary bilen çykyş edilende ýa-da nebit korporasiýasyna garşy kazyýetde iş gozgalanda, bu maglumatlary subutnama hökmünde ulanyp bolar.

Bölüp aýyrmak

Nebit gaz, agyr metallar we zäherli suw bilen garylan toprakdan gazylyp alynýar. Nebit burawlanyp alnandan soň, şol materiallardan bölünip aýrylmaly.

Zäherli suwuň dökülmegi köplenç hapalanmanyň esasy sebäbi bolup durýar. Baý (ösen) ýurtlaryň burawlamak boýunça kanunlary zäherli suwlary ýeriň ýüzüne däl-de, ýzyna, ýeriň aşagyna gaýtarylmagyny talap edýär. Bu tejribe ähli ýerlerde amal edilmelidir.

Beýleki galyndylar bölünip aýrylandan soň, galyndy ýygnaýan howdanlara taşlanylýar. Nebit korporasiýalary çukur gazyp, oňa çig nebiti, burawlama galyndylaryny, zäherli suwy we beýleki galyndylary taşlaýar. Şol howdanlar ýerasty suwlara syzýar ýa-da çogup, ýerasty suwlary we topragy hapalaýar.

3 people look at an oil contaminated pond where animals are trapped.

Galyndy ýygnanýan howdanlar beton bilen örtülmelidir. Suw howdanlaryndan galyndylar syzyp akmaz ýaly, nebiti ulanmak işi tamamlanmazdan öň, olary arassalamalydyr.

Gaz alawlary

Nebit bilen garylan gazlar tapylanda, olar bir-birinden ýakmak arkaly bölünýär. Gaz alawlary işçileri, ilaty we tebigaty hapalanma sezewar edýär, düwnük keseliniň, deri keselleriniň, demgysmanyň, bronhitiň we beýleki keselleriň döremegine eltýär. Alawlar bulutlary hapalap, suw serişdelerini zäherleýän “gara ýagyşlaryň” ýagmagyna sebäp bolýar

Daşamak we saklamak

A leaky oil barrel.
A tanker leaking oil into the ocean.

Nebit turba geçirijiler, ýük ulagy, gämi arkaly daşalanda köplenç dökülýär. Nebit ammarlarda saklanýan rezerwuarlaryndan hem dökülip bilýär. Şeýle dökülme uzak ýyllara çekip, topraga, ýerasty suwlara, adamlara we haýwanlara uzak möhletleýin zyýan ýetirip bilýär. Nebit korporasiýalary nebitiň dökülendig barada ilaty habarly etmeli, ony azaltmaly we şol bada arassalamaly.

Daşky gurşawa ýetirilýän täsire baha bermek turba geçirijileriň gurluşygynyň we ulanylmagynyň meýilnamasyny göz öňünde tutmalydyr. Nebit korporasiýalarynyň howply hereketlerine garşy durmak üçin, siz turba geçirijileriň golaýynda ýaşaýan ilaty jemläp, sebitleýin goldawy üpjün edip bilersiňiz.

Nebiti gaýtadan işlemek

A smoky refinery.

Nebiti gaýtadan işleýän zawodlarda nebit benzin, dizel, ýyladyş üçin ulanylýan ýangyç, asfalt, çalgy ýaglary we plastik ýaly önümlere öwrülýär. Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar zäherli galyndylaryny suwa, topraga we howa taşlaýar. Zawodlar zerarly ýüze çykýan şeýle hapalanma demgysma, düwnük keseline, önelgelilik bilen bagly kesellere, çagalaryň beýnisiniň we nerw ulgamynyň kadasyz ösmegine eltýär. Şeýle hem bu hapalanma dünýä möçberindäki maýlamanyň esasy sebäbidir. (Ilatyň gaýtadan işleýän zawodlaryň zyýanyny azaldyp we öňüni alyp bilýändigi barada Howanyň hapalanmagy we “Nebiti gaýtadan işläp çykarýan zawodlary zyýansyzlandyrmak.”ser.)

Nebitiň ýangyç üçin ýakylmagy

Busy roads through a city.

Nebitiň we gazyň (benziniň) fabriklerde we awtoulaglarda ýakylmagy howany hapalaýar. Şol bölünip çykýan gazlaryň biri bolan kömürturşy gazy howada ýylylygy saklaýar. Bu suw almalary, tupanlary, gurakçylygy, dünýä möçberindäki maýlamany döredýär. Bu bolsa öz gezeginde Dünýä ummanynyň derejesiniň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şeýle hem ol dänelik ösümliklere, haýwanlara we mörmöjeklere täsir edip, gyzzyrma ýaly keselleriň täze ýerlere ýaýramagyna itergi berýär. Ýangyç guýujy stansiýalarda we köp ilatly şäherlerde adamlar düwnük we beýleki keselleri döredip bilýän zäherli buglara sezewar edilýär.


This page was updated:18 dek 2022