Hesperian Health Guides

Howanyň hapalanmagy

Bu bapda:

Howa zäherli gazlar we tozanyň ownuk bölekleri bilen hapalanýar. Howa köplenç herekete getirijiler (dwigatel), fabrikler we elektrostansiýalar işledilende, ýakylýan gazylyp alynýan ýangyç (nebit, kömür, dizel, benzin) bilen hapalanýar. Ýel we ýagyş hapa howany hapalanan ýerden uzak ýerlere alyp gidýär. Bu bolsa ähli ýerlerdäki adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Şäherlerdäki, senagat etraplaryndaky, oýluk sebitlerindäki ýa-da töwerek-daşy dagly, howasy ýaramaz ýerlerdäki howa has beter hapalanýar.

Hapalanan howanyň düzüminde simap we gurşun ýaly agyr metallar, durnukly organiki hapalaýjylar we kükürdiň ikili okisi ýaly beýleki zäherli himikatlar bolýar.

Siz howanyň jemgyýetçilik barlagyny geçirýän bolsaňyz, howanyň düzüminde nähili himikatlaryň bardygyny bilmek peýdaly bolar. Ýöne şonda-da zäherli himikatlaryň zyýanly täsirinden özüňizi we jemgyýetiňizi goramak barada pikirlenmek howanyň düzümindäki zatlar barada takyk bilmekden has peýdalydyr.

Howanyň hapalanmagy düwnük (rak) we dem alyş bilen bagly keselleri döredýär. Howanyň hapalanmagyndan turşulykly ýagyşlar ýagýar. Bu bolsa tokaýlara, suw çeşmelerine, jaýlara şikes ýetirýär. Mundan başga-da, howanyň hapalanmagy dünýä möçberindäki maýlamanyň esasy sebäpleriniň biridir.

People cover their noses and mouths as they walk on an overpass over a busy highway.

Howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmek

Howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmek – howanyň hususy kompaniýalar ýa-da senagat tarapyndan hapalanmak derejesini anyklamak üçin ulanylýan usul. Bu usul adamlaryň köpüsine şeýle işe gatnaşmaga we kompaniýalardan ýa-da senagat pudaklaryndan howany hapalamaklaryny bes etmeklerini talap etmek üçin subutnama ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Howanyň hapalanmagyna gözegçilik Siziň duýgularyňyzdan we akyl-paýhasyňyzdan başlanýar. Siziň ýaşaýan çäkleriňizde howanyň hapa bolup-bolmazlygyny anyklaň. Adamlardan olaryň haýsy yslary duýýandyklaryny soraň. Diňläň, serediň, tagamyny dadyp görüň ýa-da duýjak boluň. Adamlaryň köpüsi hut şeýle edýärler. Bu öz gezeginde bileleşige hapalanma barada bilmäge we ony togtatmaga kömek edýär.

“Bedre” usuly

EHB Ch20 Page 455-1.png

Bileleşikleriň käbiri “bedre” diýlip atlandyrylýan arzan usul arkaly howa gözegçilik edýärler. Munuň üçin klapanly, 3,5-4,5 litr göwrümli plastmas bedre we howa nusgalaryny saýlamak üçin ýörite haltajyk ulanylýar. Zäherli taşlandy bolanda ýa-da howa has hapa görünse, klapan açylyp, hapa howa haltajyga düşýär. Soňra haltajyk bedreden çykarylýar we howadaky himikatlar barada bilmek üçin, barlaghana iberilýär.

Howa nusgasynyň barlaghanada barlanylmagy “bedre” usulynyň iň gymmat düşýän bölegidir. Ýurtlaryň köpüsinde howa nusgasyny düýpli barlamak üçin barlaghanalar ýok, şol sebäpli hem nusgany Ýewropa ýa-da Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iberip bolar. “Gapydan-gapa çenli” usul bilen ýa-da öýde tanslary we şagalaňly agşamlyklary gurnap, käbir toparlar bu usul üçin pul ýygnaýarlar.

Käbir jemgyýetlerde “bedre” usulyny interwýu we gözden geçirme ýaly beýleki işleri gurnamak bilen bile alyp barýarlar. Olar zäherli taşlandylar barada köpçülikleýin habar beriş serişdelere we hökümete habar berýärler, arassalaýjy zawodlary we senagatyň beýleki hapalaýjy pudaklaryny has howpsuz enjamlary ulanmaga we zäheri ýaýratmagy bes etmäge mejbur etmäge synanyşýarlar

“Bedre” usulyny ulanýan toparyň işi

Günorta Afrikada ýerleşýän Durban şäheriniň töwerek-daşy nebiti arassalaýan zawodlar we turba geçirijiler, uly himiki ammarlar, himiki zawodlar, tekstil we kagyz fabrikler, gömlen zäherli galyndylar bilen gurşalandyr. Durbanyň ýaşaýjylary hapalanan howa, suw, zäherli himikatlar zerarly döreýän saglyk meseleleriniň ählisiniň täsirine günde-günaşa sezewar edilýärler. Önümçilikdäki heläkçilikler, ammar-rezerwuarlardan syzmalar, döwlen turba geçirijiler ýangynlary döredýärler, golaýdaky batgalyk ýerleri we ýerasty suwlary weýran edýärler.


Durbanyň ýaşaýjylaryna howanyň hapalanmagyna gözegçilik etmäge ýardam bermek maksady bilen 1999-njy ýylda ýörite topar döredilýär. Her gezek gaz partlamasy bolanda ýa-da zäher howa taşlananda, bileleşik “bedre” usulyndan peýdalanyp howany barlaýar. Soňra hapalanan howadan doly haltajyklary barlag üçin Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň barlaghanasyna iberýärler.


Barlaghana ýüze çykarylan zäherleriň ýokary derejesini, şol sanda kükürdiň ikili okisini, azodyň we benzolyň okisini barlaýar. Şeýlelikde, mekdebiň töwereginden alnan howa nusgalary barlananda, olar çagalar uzak gün köp ulag geçýän uly ýoluň gyrasynda duran ýaly ýokary derejeli hapalanma sezewar bolandygyny görkezdi.

A newspaper with the headlines "300th Toxic Release Reported at Chemical Plant" and "Residents for Cleaner Air."


Işjeňler barlaglaryň netijesini hökümete we senagatyň hapalaýan pudaklaryna görkezdiler, bu barada radioda, gazetlerde jemgyýete habar berdiler. Döwlet tarapyndan dolandyrylýan nebit kompaniýasy bu netijeleriň nädogrudygyny aýdyp, öz howa nusgalaryny barlaga iberýärler. Emma olaryň nusgalary barlanandan soň, öňkülerden hem ýokary derejeli zäherli maddalar ýüze çykaryldy!


“Bedre” usulyny ulanýan topar Günorta Afrikada hapalanma garşy umumy milli hereketi döretmäge kömek etdi. Hakykat ugrundaky ekologik ösüşiň işjeň hereketleri netijesinde 2004-nji ýylda hökümet howanyň hili baradaky Kanuny kabul edýär. Durban şäheri howa gözegçilik etmek boýunça hususy düzgünlerini belleýär. Şondan bäri howanyň hapalanmak derejesi peseldi.


“Bedre” usulyny ulanýan topar jemgyýet agzalaryna has güýçli we senagatyň hapalaýjy pudaklaryna garşylyk bildirmäge has ukyply bolmaklaryna kömek etdi. Şol artyp barýan ynamlary bilen olar öz pikirleriniň diňlenilmegine hökümeti mejbur etmegi başardylar.


Günorta Afrikada häzirem hapalanma meselesi bar. Himiki zawodlar, arassalaýjy zawodlar we turba geçirijiler könelende, heläkçilik töwekgelligi öňküsinde-de artýar. Durbanyň ilaty öz guramaçylyk ukyplaryny “bedre” usuly bilen utgaşdyryp, özlerini zäherleriň täsirinden goramagy başardylar. Olar senagata we hökümete himiki hapalanmalar babatdaky jogapkärçiligi boýun aldyrdyp bolýandygyny bütin dünýä görkezdiler.

Zäherli taşlandylaryň howa düşmegi

Himiki zawodlarda, nebiti arassalaýjy zawodlarda we beýleki kärhanalarda zäherli himikatlaryň köp mukdaryny duýdansyz howa taşlap biljek heläkçilikleriň bolmagy mümkin. Arassalaýjy zawodlar hem “yzygider tehniki hyzmatlaryň” bir bölegi hökmünde zäherli taşlandylary öndürýärler. Zäherli taşlandy tüsse dumanyna ýa-da uly oda meňzeş bolup biler. Bu duýdansyz emele gelen ýiti ys hem bolup biler. Zäherli galyndylaryň howa düşmegi eýmenç bolýar, hatda ölüme hem eltip bilýär.

Ýakyn gelejekde zyýanly täsiri azaltmak üçin, her zäherli we himiki taşlandydan soň adamlaryň berjaý etmeli işleri bellenilendir (ser. Goşundy A). Uzak möhletleýin geljek üçin senagatyň we hökümetiň tehniki howpsuzlygyň has oňat düzgünlerini durmuşa ornaşdyrylmagyny talap etmek üçin, jemgyýet agzalary agzy.

Zäherli taşlandy bolanda:

  • Dörän ýagdaýa we onuň tizligine baglylykda käte ýapyk jaýdan çykmazlyk iň oňat usuldyr. Beýleki ýagdaýlarda şol ýerden tiz gitmek has howpsuzdyr. Jemgyýetde adatdan daşary ýagdaýlarda ýerine ýetirmeli hereketleriň oňat meýilnamasy we onuň öwredilişi ýola goýulsa, ol size haçan galmalydygyny we haçan gitmelidigini bilmäge kömek eder.
  • Hasabat taýýarlaň. Taşlandynyň bolan wagtyny, gününi we onuň dowamlylygyny belläň. Şeýle hem üýtgeşik yslary, alamatlary, sesleri, fiziki täsirleri (bedeniňizde duýulýan täsirleri), golaýyňyzdaky beýleki adamlaryň we haýwanlaryň bolşy barada bellik ediň. Bu maglumatlar amala aşyrylmaly hereketleri kesgitlemäge kömek eder.
  • Howpsuz bolan ýagdaýda surata we wideo düşüriň. Olary soňra kazyýetde ýa-da kompaniýalarda ulanyp bolar.

Zäherli taşlandydan soň:

  • Adamlar himikatlaryň täsirine sezewar bolsalar, olara şobada klinika ýa-da hassahana gitmäge kömek ediň.
  • Hökümetiň ýerli agzalaryna we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine bolan waka barada habar beriň.
  • Tutuş jemgyýete bolan wakany habar bermek we çäre görmek üçin duşuşyk gurnaň.
  • Adamlary tejribesini we duýgularyny paýlaşmaga höweslendiriň. Bu adamlaryň bolan wakadan ýaramaz täsirlerini azaldar we jemgyýetdäki raýdaşlagy berkider.
Zäherli galyndylaryň howa zyňylmagyny kalendara bellemek gowy usul.
A calendar with the notation "2:25pm. White smoke from factory. Smell of rotten eggs."


This page was updated:18 dek 2022