Hesperian Health Guides

DoH (Durnukly organiki hapalaýjylar)

Bu bapda:

Himikatlaryň durnukly organiki hapalaýjylary (DOH) diýlip atlandyrylýan toparyň salýan howpy günsaýyn artýar. Sebäbi olar howada, suwda bolup, haýwan, balyk, adam bedenlerinde ýygnanýarlar. Durnukly diýmeklik olaryň daşky gurşawda we biziň bedenimizde uzak wagtlyk galýandygyny aňladýar. Organiki diýmeklik olaryň ähli janly jandarlara geçip we täsir edip bilýändigini aňladýar. Hapalaýjylar diýmeklik olaryň daşky gurşaw üçin howpludygyny aňladýar.

DOH-yň iň giňden ýaýranlary dioksinlerdir (önümçiligiň we ýanmagyň himiki taşlandylary). PHD (elektronikada we beýleki hojalyk harytlarynda ulanylýan himiki ergin) we pestisidleriň köp görnüşleri (şol sanda DDT).

3 people speak together.
Ýöne biz hiç hili himikatlary ulanmaýarys ahyryn!
Himikatlar howa we suwa, biziň iýýan ösümliklerimize we haýwanlarymyza düşýärler. Biz bolsa olaryň bedenlerimizde bardygyndan-da bihabar.

DOH-lar howada, suwda we toprakda “syýahat” edýärler. Iýmit zynjyryna girýändikleri sebäpli, olar janly bedenlere aralaşyp, olarda ýygnanýarlar. Şonuň üçin-de, DOH-lar öndürilen ýerinden uzakdaky gurşawda hem bolup bilýär.

Dioksinler DOH-laryň iň zäherli görnüşidir. Dioksinleriň köpüsi plastmassa, poliwinilhlorid, ak kagyz, kömür, dizel ýangyjy we düzüminde hlor bolan beýleki maddalar ýakylanda bölünip çykýarlar. Şeýle hem dioksin metallar eredilende, sement, kagyz we käbir pestisidler öndürilende bölünip çykýar. Howa ýa-da suwa taşlanan dioksin iru-giç biziň iýmitimize we agyz suwumyza düşýär. Dioksin düwnük (rak) keselini döredýändir.

Poliwinilhlorid – suw geçirijiler üçin turbalaryň önümçiliginde ulanylýan plastmassa. Şeýle hem poliwinilhlorid çaga iýmitlendirmek üçin çüýşejikler, oýnawaçlar, iýmit üçin gaplar we beýleki gündelik peýdalanylýan zatlar ýasalanda ulanylýar. Poliwinilhloridiň plastmassasy könelip, sürtülensoň, ol zäherli himikatlary bölüp çykaryp bilýär we agyr kesellere sezewar edýär. Poliwinilhloridiň plastmassasy ýakylanda, zyýanly dioksinler, DOH-lar we furanlar bölünip çykýarlar.

PHB (polihloridlenen bifeniller) DOH-yň bir görnüşidir. Ozal PHB transformatorlar we togy öçürip ýakyjy elektrik enjamlarynda we kopirlemeýän ofis kagyzy (kopirleýji kömür gatlaksyz) we boýaglar ýaly önümlerde ulanylýardy. Olar örän zäherli bolansoň, dünýäniň ähli ýerlerinde gadagan edildi we käbir ýerlerde PBDE atly himikatlar bilen çalşyldy. Emma PBDE hem biziň bedenimizde uzak wagtyň dowamynda saklanyp, beýniniň we nerwleriň şikeslenmegi ýaly agyr keselleriň ýüze çykmagyna eltýär.

DoH zerarly döreýän saglyk kynçylyklary

DOH-nyň azajyk mukdary hem dogabitdi şikesler we önelgesizlik ýaly saglyk kynçylyklaryny döredýär. Käbir DOH-lar bedeniň başga himikatlara duýujylygyny artdyrýarlar.

Jemgyýeti DoH-dan (durnukly organiki hapalardan) goramak

DOH gündeki ulanýan önümlerimiziň köpüsiniň bir bölegidir. DOH-yň zyýanly täsiriniň öňüni almagyň ýeketäk usuly olary satyn almazlyk, olardan peýdalanmazlyk we olary öndürmezlik.

A triagle of arrows which represents recycling.
  • Poliwinilhloridden taýýarlanylan zatlary satyn almaň. Poliwinilhloridli zatlar täzekä ýa-da günüň yssysynda ýiti ysly bolýarlar. Olaryň etiketkasynda “3” ýada “V” bellikleri bolýar. Siz plastmassa önümlerini satyn almak isleseňiz, 2, 4, 5 we 1 belgili önümler iň howpsuzlarydyr.
A cloth bag of fruits and vegetables.
  • Polietlilen paketleri we agardylan kagyzdan ýasalyp, bir gezek ulanmaga niýetlenen zatlardan peýdalanmaň. Olara derek mata sumkalardan we köp gezek ulanylýan tarelkalardan we käselerden peýdalanyň.
  • Ýanyp duran hapadan, esasanam plastmassadan gaça duruň (409-423-nji sah. ser.).
  • Himiki pestisidsiz önümleri ösdürip ýetişdiriň we satyn alyň. Oba hojalygynyň durnukly usullaryny ulanýan daýhanlary goldaň (14-ni we 15-nji baplara ser.).
  • Saglygy goraýyş gullugynyň işgärinden plastmassadan we poliwinilhloridden ýasalmadyk lukmançylyk önümlerini alyp we ulanyp bolýandygy ýa-da bolmaýandygy barada soraň.
  • Galyndylary ýakmagy gadagan edýän Kanunlary goldaň.
  • DOH-yň doly aradan aýrylmagyna çagyrýan hereketlere goşulyň.