Hesperian Health Guides
Himikatlaryň adam bedenine agram salmagy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Himikatlaryň adam bedenine agram salmagy
Bedenimizde şol himikatlaryň bolmagy her birimiziň kesele duçar boljakdygymyzy aňlatmaýar. Käbir adamlar bedendäki zäherli himikatlaryň az mukdaryndan hem keselläp bilerler. Beýlekileriň himikatlary has köp bolsa-da, kesellemezlikleri mümkindir.
Ululara garanyňda, çagalaryň bedenine has uly agram düşýär. Olaryň ýaşyna baglylykda täsir ediş döwri has gysga bolsa hem, olaryň bedeniniň zäherden goranmak ýa-da zäheri ýok etmek ukyby heniz doly kemala gelip ýetişmedikdir.
Zäherli garyndylar
Daşky gurşawda bize täsirini ýetirýän himikatlar köp. Biz olaryň täsirine sezewar bolýandygymyza garamazdan, olaryň utgaşmagynyň nähili täsir edýändiginden bihabar bolmagymyz-da ahmal. Himiki garyndylarynyň adam saglygyna ýetirýän zeperlerini anyklamak has kyn bolýar. Köp halatlarda himiki garyndylar aýratyn bir himikatdan zyýanlydyr.
Alymlar himikatlaryň adam saglygyna ýetirýän zyýanyny bilmek üçin, himikatlary aýratynlykda öwrenýärler. Emma arassalaýjy serişdeler, reňkleýjiler, plastmassalar, boýaglar we ýelimler ýaly himiki önümleriň köpüsi birnäçe himikatlaryň garyndysydyr. Mysal üçin, boýagyň düzümine erediji erginler, reňk berýän madda (pigment) we beýleki materiýallar girýär. Olar utgaşanda, her bir himikatyň aýratynlykda döredip bilmejek ýene-de bir topar saglyk kynçylyklaryny döredýärler. Turbalardan çykýan tüsse ýa-da suwa taşlanýan himiki hapalar ýaly senagat galyndylarynyň köpüsi birgiden himikatlaryň garyndysydyr.
Zäherleriň daşky gurşawdaky aýlawy
Zäherli himikatlaryň köpüsi gözbaşlaryndan uzakdaky howanyň, suwuň, iýmitiň şeýle hem plastmassa, arassalaýjy serişdeler we pestisidler ýaly biziň gündeki durmuşda ulanýan serişdelerimiziň üsti bilen geçýärler. Himikatlaryň käbiri daşky gurşawda uzak wagtlap galýarlar. Dünýädäki adamlaryň her biriniň bedeninde zäherli himikatlar bar.
Zäherli himikatlar adamlaryň, haýwanlaryň ýag gatlaklarynda we käbir ösümliklerde ýygnanýarlar. Adamlar ýa-da iri haýwanlar (meselem: aýy, baýguş, gyrgy ýa-da uly balyk) ownuk haýwanlary, balygy ýa-da ösümlikleri iýenlerinde, zäherli himikatlar olaryň iýmit zynjyryndan ýa-da torundan geçip, iýýänleriň bedenlerinde ýygnanýarlar.
Ölüm howply gatnaşyklar: zäherli himikatlar haýwanlardan adamlara geçýärler
Bu sapakda zäherleriň bir haýwandan beýleki haýwana nädip geçýändigi görkezilýär. Munuň üçin adamlar dürli haýwanlaryň keşplerini janlandyrýarmaly. Bu oýun üçin azyndan 7 adam gerek. Adam näçe köp bolsa, şonça-da gowy bolýar!
Wagty: 30 minutdan 1 sagada çenli.
Serişdeler: 20 ýa-da 30 sany kagyzdan ýasalan monjuk düzümleri. Olaryň ýarysyna golaýy sary monjuk, galan bölegi sary we gyzyl reňkli monjuklardan düzülen bolmaly.
- Her bir adam haýwanyň keşbini janlandyrýar. Biz gyrgylary, syçanlary we çekirtgejikleri janlandyrýarys. Siz başga haýwanlary hem alyp bilersiňiz. Birki gyrgy birnäçe syçan (4-10) we köp çekirtge alyň. Dürli haýwanlary görkezmek üçin el daňylaryny ýa-da beýleki bellikleri ulanyň. Kömekçi oýnuň geçiriljek ýerinde göze görner ýaly edip, reňkli monjuk düzümlerini goýýar.
- Kömekçi reňkli monjuklaryň çekirtgejikleriň iýmitidigini habar berýär. Emma ol gyzyl monjuklaryň iýmitde ýygnanan zäherli himikatlardygyny aýtmaýar. Çekirtgejikler boýnuna monjuklary dakyp, öz iýmitlerini ýygnaýarlar. Her bir çekirtgejik näçe köp monjuk ýygnandygyny ýatda saklap, mümkin boldugyça köp iýmit ýygnaýar.
- Soňra çekirtgeleri awlar ýaly oýun meýdançasyna syçanlary goýberiň. Syçan çekirtgäni tutsa, onuň ähli monjuklaryny dakynýar, çekirtge bolsa oýundan çykýar. Her syçan bir ýa-da birnäçe çekirtge tutýança we ýygnan monjuklaryny dakynýança, oňa wagt bermeli.
- Sýçanlary awlar ýaly, olar çekirtge tutup ýörkäler, gyrgylary oýna giriziň. Gyrgynyň tutan her bir syçany öz ähli monjuklaryny oňa berip, oýundan çykýar.
- Gyrgylar ähli monjuklary ýygnanlaryndan soň, oýna gatnaşanlaryň hemmesi orta ýygnanýarlar. Her bir çekirtgeden we syçandan „iýilmezlerinden” öň näçe monjuk ýygnandyklaryny we olaryň her birinde gyzyl monjuklaryň näçesiniň bolandygyny soraň. Soňra gyrgylardan ýygnan monjuklaryny görkezmeklerini haýyş ediň.
- Gyzyl monjuklaryň iýmitdäki himikatlardygyny aýdyp, ara alyp maslahatlaşmaga girişiň. Gyzyl monjugy köp bolan gyrgynyň bedeninde zäheriň kän ýygnanandygy sebäpli ölýändigini düşündiriň. Beýleki gyrgylar ölmän galýar, emma ýuka gabykly ýumurtga basyrarlar ýa-da keselli jüýje çykararlar. Olaryň suwuna ýa-da iýmitine zäherli himikatlaryň nädip düşýändigini ara alyp maslahatlaşmagyny topardan haýyş ediň. Adamlar düzüminde zäherli himikatlar bolup biljek haýsy önümleri iýýärler? Bedenimize zäherli himikatlaryň ýygnanmagynyň öňüni nädip alyp bileris? Biz olary daşky gurşawdan nädip ýok edip bileris?