Hesperian Health Guides
Himikatlaryň derä ýetirýän zyýany
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Himikatlaryň derä ýetirýän zyýany
Deri meseleleriniň we deri keselleriniň iň ýygy duş gelýän sebäbi iş ýerlerinde ulanylýan himikatlardyr. Hapalanan howa ýa-da industrial we oba hojalygynda ulanylan himikatlaryň suwa düşmeginiň netijesinde adamlarda örgün, gabarçaklar we agyr himiki ýanyklar ýüze çykýar.
Öňüni almak we bejermek
Ýörite gorag geýimlerini geýip (ser. Goşundy A) we täsirini peseldip, özüňizi himikatlardan goraň. Himikat bilen galtaşanyňyzda, haýal etmän teniňizi sowuk suw we sabyn bilen ýuwuň. Ýyly suw ulanmaň, sebäbi ol deri öýjüklerini açýar. Siziň teniňiz şikeslenen bolsa ýa-da himiki täsirleriň netijesinde has duýgur bolan bolsa, gün şöhlelerinden gaça duruň. Siz günüň aşagynda işlemäge mejbur bolsaňyz, onda kelläňizi we bedeniňizi mümkin boldugyça gowy ýapyp goraň.
Deri üçin niýetlenen käbir kremler agyryny we duýgurlygy peseldip bilerler, ýöne şonda-da meseläni çözmegiň ýeke-täk usuly zäher bilen galtaşygy bes etmekdir.