Hesperian Health Guides

Radiasiýa

Bu bapda:

Radiasiýa – energiýanyň göze görünmeýän görnüşi. Günüň ýagtysy ýaly biraz şöhläniň ýaýradylmagy biziň üçin gowy. Emma uran ýaly metallaryň radiasiýasy radiasion şikeslenmesini, düwnük döremelerini, deri keselleri we dogabitdi ýetmezilikleri döredýär. Radioaktiw materiallar geljek nesilleriň peýdalanjak ýerini we suwuny zäherleýärler.

Radioaktiw materiallaryň köpüsi ýaragly güýçler tarapyndan öndürilip, harby maksatlar üçin ulanylýar. Ýarag döredilende, harby bazalarda we söweş meýdanlarynda radiasiýa täsiri has güýçli bolýar. Harby güýçleriň ulanýan radioaktiw metallary käte gaýtadan işlenilip, beýleki metal önümlerine goşulýar. Adamlar şeýle önümlerden peýdalananlarynda, olaryň ýetirýän zyýanyndan bihabardyrlar.

Radioaktiw metallar elektronika ýaly harytlarda hem ulanylyp, onuň täsirine sezewar bolýan işçilere zyýan ýetirýär. Atom elektrostansiýalarynda, uran känlerinde ýa-da ýadro ammarlarynyň bölüminde işleýän adamlar hem radiasiýasynyň güýçli täsirine sezewar bolýarlar.

Şöhle keseli

Radiasiýa öýkeniň, galkan görnüşli mäziň we ganyň düwnük keseline, şeýle hem süňk, myşsa, nerw ulgamy we iýmit siňdiriş ulgamy bilen bagly keselleri döredip bilýär.

Az mukdardaky howply radiasiýa uzak wagtyň dowamynda täsir edende, ol ýuwaş-ýuwaşdan saglyk bilen bagly kynçylyklary döredýär. Mysal üçin, uran känlerinde işleýän adamlarda uzak ýyllap hiç bir alamatlar ýüze çykmaýar. Birnäçe ýyl geçenden soň welin, olar öýken düwnügi hem-de beýleki keseller bilen keselleýärler.

Radioaktiw raketa kapsulalary bilen iş salyşýan esgerlerde we dargan çaglyň arasynda kapsulalaryň galan söweş meýdanlarynyň töwereginde ýaşaýan adamlarda hem şöhle keseli döräp biler.

Ýadro desgasynda betbagtçylyk ýa-da partlama bolanda, adamlar bada-bat ýa-da birnäçe hepdäniň dowamynda ýogalýarlar. Partlamadan soň 6 hepde geçensoň diri galýan adamlar birnäçe wagtyň dowamynda sag bolup bilerler, ýöne agyr keseliň birnäçe ýyldan ýüze çykmagy ähtimaldyr.

Şöhle keseli adamdan adama geçmeýär. Ýöne onuň ýetirýän şikesleri dogabitdi kemçilikleri, düwnük emele gelmesi we saglyk bilen bagly beýleki kynçylyklary ene-atadan çaga, çagadan bolsa agtyga geçirip bilýär.

Alamatlary

Ýürekbulanma, gaýtarma, içgeçme we ýadawlyk şöhle keseliniň ilkinji alamatlarydyr. Bu alamatlara şu aşakdakylar hem goşulyp biler:

  • saçlaryň düşmegi;
  • endamyň gyzgynlylyk duýgusy;
  • demgysma;
  • agyz boşlugynyň we bokurdagyň çişmegi;
  • gury üsgülewük;
  • ýüregagyry;
  • ýüregiň çalt urmagy;
  • deriniň hemişe garalmagy;
  • derasty ganöýmeleri;
  • solgun we aňyrsy görnüp duran deri, diş etleri we dyrnaklar (ganazlyk);
  • ölüm.
Oba ilaty radiasiýa şikeslenmesine garşy çykýar

Aziat Seýrek ýer kompaniýasy (onuň bir bölegi “Misubisi” ýapon korporasiýasyna degişli) 10 ýylyň dowamynda Malaýziýadaky Bukit Mirah obasynda fabrigi dolandyryp, telewizior ekranlarynda gyzyl reňk etmek üçin ulanylýan seýrek metaly öndürýärdi.


Fabrik radioaktiw galyndylaryny obada taşlaýardy we oba adamlarynyň köpüsi radiasiýa zerarly düwnük we dogabitdi ýetmezçiligi ýaly kesellere duçar bolupdylar. Oba adamlaryna ýetjek zyýany azaltmak üçin fabrik galyndy taşlanýan ýeriň daşyna haýat aýlamandy, duýduryş belgilerini goýmandy we hiç bir çäreleri görmändi.


Ýerli ýaşaýjylar fabrigi ýapmak üçin kompaniýa garşy kazyýet derňewine başlaýarlar. Mundan başga-da olar birgiden jemgyýetçilik garşylyk görkezmeleri geçirýärler. Olar barada ýerli radioda we teleýaýlymlarda giňişleýin habar berilýärdi. 7 ýyldan soň, Malaýziýanyň kazyýeti Aziat Seýrek ýer kompaniýasynyň Bukit Mirahdaky zawodyny ýapmaly, radioaktiw galyndylary we zäherli himikatlary ýok etmeli diýip karar çykarýar.


Jemgyýetçilik garşylyk görkezmeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we kazyýet derňewleri arkaly oba ýaşaýjylary fabrigiň ýapylmagyny gazanyp, gelejekde saglyk bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni aldylar.

As a man looks down from a building in surprise, people gather outside a factory fence carrying signs reading, "Shut it down," "Factory causes cancer," "No radiation," "Take it away," "Our health matters," and "Solidarity."