Hesperian Health Guides
Zäherlenme şikeslerini bejermek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Zäherlenme şikeslerini bejermek
Mazmuny
Sambhawna hassahanasy
1984-nji ýylda Hindistanyň Bhopal şäherinde bolan himiki heläkçilikden soň, ol ýerdäki adamlaryň müňlerçesi dowamly keseller: dem alyş bilen bagly keselleri we gyzdyrma, önelgelilik ulgamyndaky kynçylyklary, görüşiň ýitirilmegi, düwnük (rak) emele gelmeleri we geljekki nesliň dogabitdi ýetmezçilikleri bilen ýaşaýarlar. (Heläkçilik barada doly maglumat üçin 4-nji baba ser.).
Mümkin, Bhopoldaky heläkçilik adam saglygy we adalatly kazyýet üçin iň uly sapak bolandyr. Heläkçilikden soň diri galan adamlar we meýletinler bütin jemgyýetiň saglygyny goramak üçin Sambhawna hassahanasyny gurdular. Zäherli gazyň syzmasyndan soň agyr saglyk meselelerini azaltmagyň usullarynyň gözleginde saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri bejerginiň täze usullaryny ýüze çykarýarlar. Şeýle-de olar zäherlenme şikesleriniň bejerilmeginiň esasy usulynyň oňat alada etmekdigini we döredijilik kuwwatyndadygyny subut edýärler.
Hassahana nähili işleýär
Sambhawna hassahanasynda 12 000 gowrak adam tölegsiz bejergi aldy. Hassahananyň işgärleriniň ýarysy Bhopaldaky heläkçilikden soň diri galanlardyr. Şeýle hem hassahana himikatlaryň uzak möhletleýin täsirini öwrenmäge kömek edýän barlaglary geçirýär.
Olaryň özleriniň aýtmagyna görä, Sambhawna hassahanasynyň eýerýän esasy ýörelgeleri şulardyr:
Hassahanada berilýän bejergi
Köpler beden we ruhy saglygyny gowulandyrmak üçin, ýoga bilen meşgullanýarlar. |
Sambhawnada saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri bejerginiň köp usullaryny, şol sanda derman ösümlikleri we ýoga, bedeni, akyly hem ruhy bejerýän maşklar bilen bejermekligi ulanýarlar. Hassahana gelýän her bir näsag bejergi usulynyň ýa-da utgaşdyrylan bejergini öz islegi boýunça saýlap bilýär. Şeýlelikde, hassahana adamlaryň gutulmaklaryna öz goşandyny goşmaga höweslendirýär. Saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri bolsa dürli adamlara bejerginiň dürli usullarynyň nähili täsir edýändigini öwrenýärler.
Saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri howsalalyk tutgaýlary, ukynyň bozulmagy, gamgynlyk, gaharjaňlyk we ýatkeşligiň ýaramazlaşmagy ýaly ýagdaýlary bejerýärler. Dermanlary hem ulanmak bolýar. Emma zyýanly täsir edip biljek dermanlary ulanmakdan gaça durmaly. Zäherleri bedenden çykarmak üçin (detoksikasiýa) owkalama, gyzgyn wannalar we derman ýaglary ulanylýarlar.
Ýoga içki beden agzalaryny bejermäge, her bir adamyň keseliniň geçişine we agyrylaryna erk etmäge hemaýat berýär. Diri galanlaryň köpüsi, esasan hem musulmanlar, adatça ýoga bilen meşgullanmaýardylar we oňa ynanmaýardylar. Emma olar hem ýogany bejerginiň iň peýdaly usullarynyň biridigini, esasan hem dowamly kesellerden ejir çekýänler üçin peýdalydygyna göz ýetirdiler.
Hassahana ýerli otlardan ýasalan dermanlary bilen üpjün edýär. Dermanlaryň ählisi mugt berilýär. Hassahananyň işgärleri adamlaryň nähili derman ulanýandyklaryny bilmekleri üçin, olara maglumat berýärler. Şeýle hem hassahana saglygy berkidýän we zäheriň täsirini azaldýan usullaryň üstünde işleýär
Tümlügi böwüsýän şem
Sanskrit we Hindi dillerinde Sambhawna sözi “mümkinçilik” diýmegi aňladýar. Bhopaldaky ýaly ekologik heläkçilige sezewar bolan adamlaryň dikeldilmäge, adalatly kazyýete ýa-da saglyga umytlary az bolýar. Döredijilik kuwwatyny, aladany, sagalmaga bolan ynamy ulanyp, Sambhawna saglygy goraýyş gullugynyň işgärleri göwnüçökgünligi umyda öwürýärler.