Hesperian Health Guides
Bhopaldaky zäherli gaz betbagtçylygy
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 4: Ekologik hukuk we adalatlylyk > Bhopaldaky zäherli gaz betbagtçylygy
Diri galanlardan Aziza Soltan şuny ýatlaýar:
Diri galanlaryň ýene biri Çampa Dewia Şukla şuny ýatlaýar:
Şol gije zäherli gaz köp adamlary gyrdy. 3 günden ýene 8000 adam öldi. Emma betbagtlyk munuň bilen gutarmandy, dogrusy, bu diňe onuň başydy.
Şu wakadan soň 20 ýylyň dowamynda bedenlerinde galan zäherli gaz zerarly ýene-de 20 000 adam öldi. Şol zäherli gazyň täsiri zerarly köp adamlar erbet kesellere ýolukdylar: olar kynlyk bilen dem alýardylar, dyngysyz üsgürýärdiler; olary ysytma tutýardy, el-aýaklarynyň syzyjylygy ýitýärdi, bedenleri tapdan düşüp, ruhuçökgünliklere sezewar bolýardylar, rak keseline ýolugýardylar. Şol aýylganç gijeden gutulanlaryň çagalary we agtyklary dogabitdi kesellerden ejir çekýärler. Olaryň elleri we aýaklary guraýar, haýal ösýärler, nesil öndüriji we nerw ulgamlarynyň kesellerinden ejir çekýärler. Şol gide Bhopalyň howasyny zäherlän gaz 150 000-den gowrak adama zyýan ýetirdi.