Hesperian Health Guides
Hukuk we adalatlylyk ugrunda göreş
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 4: Ekologik hukuk we adalatlylyk > Hukuk we adalatlylyk ugrunda göreş
Pestisidler fabrigi Ýunion Karbid atly birnäçe ýurtlarda işleýän ägirt milletara korporasiýasyna degişlidi. Betbagtçylykdan soň diri galanlar betbagtçylyk sebäpli ýaşaýyşlarynyň weýran bolmagynyň adalatsyzlykdygyna düşünýärdiler. Zyýan çeken adamlaryň özlerini bejerder ýaly pullary ýokdy. Olar maýyp galan maşgala agzalary barada alada edip bilmeýärdiler. Olar bolup geçen betbagtlyk babatdaky jogapkärçiligi pestisidleri öndüren kompaniýanyň öz üstüne almagyny isleýärdiler.
Ýöne Ýunion Karbidiň wekilleri betbagtlygyň fabrikdäki işgärler zerarly ýüze çykandygyny nygtap, jogapkärçiligi öz üstlerine almakdan boýun gaçyrdylar. Hukuk we adalatlylyk ugrunda göreşýän beýleki adamlar ýaly, Bhopalyň betbagtlyga uçran ilaty hem ýagdaýlarynyň garyplyklary zerarly agyrlaşandygyna, şeýle-de şu betbagtlygyň hut öz garyplyklary zerarly ýüze çykandygyna düşündiler.
Betbagtlyk näme üçin ýüze çykdy?
Bhopaldaky aýylganç waka gelejekde asla gaýtalanmaly däldir. Ýöne onuň ýüze çykmagy gaty bir geň waka-da däl. “Eýsem bu näme üçin şeýle bolduka?” diýen mowzukda guralýan söhbetdeşlik Bhopaldaky bolup geçen betbagtçylygyň ilkinji sebäplerine düşünmäge kömek eder.
Bütin dünýäde iri korporasiýalar öz fabriklerini we zawodlaryny, zäherli zibilhanalaryny, howply industrial taslamalaryny garyp we jemgyýetçilik derejesi pes bolan ilatyň ýaşaýan ýerlerinde gurýarlar. Şeýlelik-de, garyp ýurtlar we jemgyýetler howply senagatyň, önümleriň we hapalaryň taşlanylýan ýerine öwrülýär. Daşky gurşawyň saglygyny goramak meselesi haýsydyr bir jemgyýetçilik toparyna däl-de, tutuş adamzada degişlidir. Her bir adam öz ornunda ulanýan önümini nähili üýtgetmelidigi, zir-zibillerden nädip dynmalydygy, ygtyýarly güýçler daşky gurşawy hapalanda muňa nädip garşy durmalydygy barada oýlanmalydyr.
Bhopaldaky adalatlylyk ugrunda halkara göreş
Bhopalda bolup geçen betbagtlykdan aman galanlar özlerine ünsi çekmek maksady bilen bilelikde degişli çäreleri geçirip başladylar. Olar pestisidleri öndüren kompaniýanyň bolan betbagtlyk babatda jogapkärçiligi boýun almagyny talap etdiler. Olar öz talaplary berjaý edilýänçä, açlyk çekjekdiklerini yglan etdiler. Olar aç- suwsuz ýagdaýda ýurduň paýtagtyna tarap 750 kilometr aralygy geçdiler. Olar ýurduň paýtagtyna baryp, adalatlylygy talap etdiler. Aýallar hökümet baştutanlarynyň jaýynyň öňünde çadyrlar dikip, 3 aýlap açyk meýdanda ýatyp turdular. Olar daň atandan tä gün ýaşýança öz talaplaryny yglan etdiler.
Betbagtlykdan birnäçe ýyl geçenden soň, kazyýet Ýunion Karbid korporasiýasy Hindistanyň hökümetine 470 million amerikan dollaryny tölemeli diýip çözgüt çykardy. Bu möhüm ýeňişdi, ýöne ol hem ýeterlik däldi. Şol pullaryň köp bölegi diri galanlara baryp ýetmedi.
Şondan soň köp wagt geçmänkä, Ýunion Karbid korporasiýasy Dau Kemikal atly başga bir köpmilletli korporasiýa satyldy. Dau Kemikal hem jogapkärçiligi almakdan, ejir çekip, bejergi almaly adamlara kömek etmekden ýüz dönderdi. Hindistanyň hökümeti-de, şol iki uly korparasiýanyň esaslandyrylan ýeri bolan ABŞ-da, bolan betbagtlyk üçin jogap bermeli ýokary wezipeli adamlary kazyýete bermek islemeýärdiler. Diri galanlar adalatlylyk ugrunda göreşi dowam etmek üçin halkara hereketini döretdiler. Olar talyplaryň, ekologik toparlaryň we adam hukuklaryny goraýan guramalaryň goldawyna daýandylar.
Bütin dünýäniň adamlarynyň goldamagy bilen, Bhopalda diri galanlar adalatlylyk babatdaky talaplaryny Ýunion Karbidiň we Dau Kemikalyň baş edarasyna ýetirdiler. Diri galanlar beýlekileri hem açlyk çekmeklige çagyrdylar, çekýän ejirlerine ünsi çekmek üçin degişli çäreleri geçirdiler. Şu geçirelen çäreler arkaly olar maşgalalaryny goldadylar, bejergi almaklaryna mümkinçilik döretdiler, zäher belasynyň pidalaryna we diri galanlara hemaýat etdiler.
Bhopaldaky adalatlylyk ugrundaky geçirelen hereket “Bhopaldaky ýagdaý gaýdyp gaýtalanmasyn!” diýen şygar astynda geçirildi. Onuň maksady geljekde şuňa meňzeş ekologik betbagtlylygyň öňüni almakdy. Bhopalyň ilaty halkara göreşleri arkaly zäheriň täsiriniň uzak wagtlap dowam edýändigini töweregindäki adamlara düşündirdiler. Bhopalda diri galanlar önümçilikde heläkçilikli wakanyň islendik wagtda bolup biljekdigini, ýöne bu heläkçilikleriň pukara adamlara has agyr degýändigini subut etdiler. Olaryň hukuk we adalatlylyk ugrundaky göreşi jemgyýetçilik toparlaryny gurnaýanlaryň ählisine görelde boldy.