Hesperian Health Guides
Düwnük (rak) keseli
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 16: Zäherli himikatlaryň zyýany > Düwnük (rak) keseli
Mazmuny
Düwnügiň döremegine näme sebäp bolýar?
Dünýäniň ýüzünde düwnügiň köpelmeginiň esasy sebäpleriniň biri – daşky gurşawda we biziň bedenimizde industrial hapalaryň we zäherli himikatlaryň köpelmegidir. Öte hapalanan ýerlerde ýaşaýanlaryň arasynda düwnük keseliniň köpelen ýagdaýynda adamlaryň saglygyny goramak üçin hökümetden bada-bat degişli çäre görmegini talap etmeli. Senagatda ulanylmaga rugsat edilen himikatlaryň mukdaryna we görnüşine, olaryň ulanylyş düzgünlerine we galyndylaryň gaýtadan ulanylmagyna gözegçilik etmeklik düwnügi azaldyp bilerdi.
Düwnügiň käbir görnüşleriniň zäherli himikatlardan döreýändigi bellidir. Olara öýkeniň, öt haltanyň, bagryň, göwsüň, beýniniň, ganyň (akganlylyk) düwnügi we köp sanly miýeloma we Hojkiniňki däl atly limfoma degişlidir.
Bir zadyň adaty däldigini görkezýän görkezijileri ýa-da duýduryş alamatlary äsgermezlik etmeli däldir. Maslahat soramak we dogry bejergi almak üçin, lukmana ýüz tutuň. |
Zäherli himikatlaryň täsirine sähel sezewar bolan ýa-da hiç wagt sezewar bolmadyk adamlara garanyňda, uzak wagtyň dowamynda zäherli himikatlaryň täsirine sezewar bolan adamlarda düwnük emele gelmek ähtimallygy has ýokarydyr. Düwnügiň ösmek töwekgelligi barada bilmeklik olary gijikdirmän bejermäge kömek eder.
Düwnügiň ir ýüze çykarylmagy we bejerilmegi
Düwnügiň ir ýüze çykarylmagy adamyň janyny halas edip biler. Sebäbi adam düwnük ýaýrap, bedeniň agzalaryny şikeslendirmänkä degişli bejergini alyp biler. Düwnügiň käbir duýduryş alamatlary- ýadawlyk, horlanmak, çişginlik we bedendäki agyry. Bular beýleki keselleriň hem alamatlary bolup bilerler. Adamda düwnügiň bolup-bolmazlygyny bilmegiň bir usuly – bedeniň şikesli ýeriniň öýjüklerini barlamak üçin barlag geçirmekdir. Düwnük keselli öýjükleri kesgitläp bilýän hünärmen öýjükleri mikroskop bilen barlamalydyr.
Düwnügiň adaty we häzirki zaman bejerilişi
Düwnük adamlara dürli-dürli täsir edýär. Şoňa görä-de, hemme adama laýyk geljek birmeňzeş bejergi ýokdur. Günbatar, Hytaý, Aýuwerda hindi lukmançylyklarynyň we ýer ýüzündäki adaty dermanlaryň düwnük keseline uçranlaryň saglygyny gowulandyrmakda we bejermekde usullary bardyr. Ýöne, gynansak-da, olaryň hiç birinde hemişe kömek edýän bejergi ýok.
Sizde düwnük keseli bar bolsa, beýleki düwnükli adamlar bilen ýa-da ony başdan geçiren adamlar bilen dostlaşyp, olaryň maslahatyny sora |
Düwnügi bejermegiň iň oňat usullary umumy saglyk ýagdaýy, maddy hal-ýagdaýy gowulandyrmak bilen, oňa adamyň gatnaşmagyny hem gazanýarlar. Bejergi almak üçin öz tanaýan we ynanýan lukmanlaryňyza ýa-da beýleki hünärmenlere ýüz tutuň.
Öň düwnük keselini başdan geçiren adamlar düwnüge beýleki adamlardan has gowy düşünýärler. Düwnük bilen keselläp, diri galan adamlaryň her birinde nämäniň haýry degýändigi we nämäniň haýrynyň ýokdugy barada öz pikiri bardyr.
Düwnük keseli käte örän güýçli dermanlaryň kömegi bilen bejerilýär. Olar bolsa goşmaça agyr täsirleriň döremegine sebäp bolýar. Düwnük derman serişdeleri, derman ösümlikleri, berhiz ýa-da beýleki bejergileriň bir görnüşi bilen seýrek bejerilýär. Iň gowy bejergi birnäçe bejergi usulynyň, mysal üçin, dermanlary ulanmak bilen birlikde saglygy berkidiji çäreleri we sagdyn iýmitlenmäniň utgaşdyrylmagyndan ybaratdyr. Goldaw toparlaryň, maslahatlaryň, doga-dilegleriň üsti bilen duýgudaşlyk we ruhy goldaw berilmegi hem wajypdyr.
Düwnügi bejerip bolmadyk ýagdaýynda
Düwnük döremeleriniň käbirini bejerip bolýar, ýöne, gynansak-da, käbirleri bejerilmeýär. Muňa esasan-da düwnügiň bedeniň sagdyn ýerlerine ýaýran ýagdýlary degişlidir.
Düwnük keseli giç anyklanylanda, bejergi täsir etmeýär. Onda öýde, maşgalaňyzyň garamagynda galmagyňyz hemmesinden gowy bolmagy mümkin. Bu döwür örän agyr bolup biler. Düwnük keseline uçran adam gowy iýmitlenmeli, has gowy we köp dynç almaly. Agyrylara, biynjalyklyga we ukusyzlyga garşy dermanlar düwnük keselli adamyň ýaşaýşyny has oňaýly edip biler. Ýakyn adamlaryň biri bilen gürrüňdeşlik ölümi boýun almaga we maşgalanyň gelejegini meýilleşdirmäge kömek eder. Kesellä seredýän adam käte hospislerden (adamlara ömrüniň iň soňky döwürlerinde kömek edýän gurama) goldaw we kömek tapyp biler.
Süýt mäziniň düwnügi
Süýt mäziniň düwnügi köp sebäpleriň, şol sanda zäherli himikatlaryň, pestisidleriň, nebitiň, arassalaýjy serişdeleriň, howanyň hapalanmagyň täsir etmeginiň netijesinde döräp bilýär. Aýalyň ejesinde ýa-da aýal doganlarynda süýt mäziniň düwnügi bolan bolsa, ol aýalda hem onuň döremegi örän ähtimaldyr. Süýt mäziniň düwnügi köplenç 50 ýaşdan geçen uly aýallarda duş gelýär.
Süýt mäziniň düwnügi adatça haýal ösýär we ir anyklanylsa, ony käte bejerip bolýar. Aýal göwsüni özi barlap, süýt mäziniň düwnüginiň alamatlaryna syn edip biler. Göwüsleriňizde çişleriň bolupbolmazlygyna ýa-da emzigiň ýagdaýyna yzygider syn ediň. Aýal aýda bir gezek öz göwüslerini barlap dursa, göwsüniň nähilidigini tanap, sähel üýtgeşmelere üns berer.
Süýt mäzini nädip barlamaly
- Aýnada öz göwsüňize serediň. Elleriňizi kelläňiziň derejesinde ýokary galdyryň. Göwsüňiziň şekiliniň sähel üýtgemegini, çişi, deridäki ýa-da göwsüň ujundaky üýtgeşmeleri gözläň.
- Ýerde ýatyň. Barmaklaryňyzy göwsüňiziň üstünde goýup, onda haýsydyr bir dykyzlanmanyň bolupbolmazlygyny barlaň.
- Göwsüňiziň ähli ýerini elläp görendigiňize göz ýetiriň. Muny amala aşyrmaga şol bir usulyň ulanylmagy (mysal üçin – spiral ýa-da göni çyzyklar boýunça) kömek edip biler.
Siz dykyzlanma tapan bolsaňyz, näme etmeli
Ol tekiz we ýumşak bolup, süýşüreniňizde deriniň aşagynda gymyldasa, bu barada alada etmäň. Emma çiş gaty we büdür-südür galyply we agyrysyz bolsa, esasanam dykyzlanma diňe bir göwsüňizde bolsa we siz ony süýşürjek bolanyňyzda ýerinden üýtgemese, oňa gözegçiligi dowam ediň. Indiki aýbaşydan soň çiş öňki ýerinde bildirýän bolsa, lukmana ýüz tutuň. Bu düwnügiň alamaty bolup biler. Şeýle hem göwsüň ujy içine giden bolsa we gana ýa-da iriňe meňzeş bölünip çykmalar bolsa, lukmana ýüz tutuň.