Hesperian Health Guides
Bap 17: Sagdyn öý
Juda oňat öý diňe bir gaçybatalga däldir. Öý zyýanly täsirlerden azat bolmak bilen, onda ýaşaýanlaryň fiziki, akyl we durmuş abadanlygyny goldamalydyr. Öý onda ýaşaýanlaryň mertebesini we tutuş jemgyýetiň özüne akyl ýetirmegine ýardam edýän mesgene öwrülmelidir. Öý yssydan, sowukdan, ýagyşdan, günden, ýelden, zyýanly mör-möjeklerden we gemrijilerden, suw almak we ýer titremek ýaly betbagtçylyklardan, hapaçylykdan we kesellerden goraýar.
Gynansak-da, käbir adamlaryň ýaşaýyş şertleri olaryň saglygyny goramaýar. Ýaramaz ýaşaýyş şertleri zerarly keselçilik döräp, ozal bar bolan keseller beterleşip biler. Adamlaryň bir-birlerine golaý ýa-da aýry ýaşamaklaryna garamazdan, ýaramaz ýaşaýyş jaý we ondaky hapalanan howa, zyýanly mör-möjekler we gemrijiler, iýmitdäki zäherli himikatlar birgiden kesellere sezewar edýär.
Oba ýerlerinden şäherlere göçüp baran adamlar köplenç ýaşaýyş şertlerini ýaramaz tarapa üýtgedýär. Çagalar, gartaşan adamlar, maýyplar, AIW/AIDS ýaly uzaga çeken keselli adamlar wagtyň köp bölegini öýüň içinde geçirmeli bolansoňlar, beýlekilerden köp kösenýär.
Jaýlary has howpsuz we oňaýly gurup, ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak ýerli däp-dessurlara, elýeter materiallara we howa şertlerine baglydyr. Gynansak-da, bu adamlaryň öýe eýeçilik etmegine we girdejilerine hem bagly bolýar. Jaýda kireýine ýaşaýan adamlaryň öz ýaşaýyş şertlerine gözegçilik etmäge köplenç mümkinçilikleri az bolýar. Olar öýi abatlaşdyrmak üçin öýüň eýesine ýüz tutmaly bolýar. Harabalyklardaky ýa-da beýleki “wagtlaýyn” ýerlerdäki (köplenç hemişelik ýaşaýan ýerlerine öwrülýän) adamlar howpsuzlygy ýa-da oňaýly şertleri seýrek üpjün edýän jaýlarda ýaşaýarlar. Adam hususy jaýynda ýaşanda-da, kireýine oturanda-da, wagtlaýyn jaýda ýaşanda-da, etrapçalaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň iň netijeli usuly goňşular bilen işleşmekdir.