Hesperian Health Guides

Allergiki täsirlilik

Bu bapda:

Allergiki täsirlilik – bedeniň käbir maddalary özleşdilip bilmezligidir. Bu keseli saýgarmak we bejermek kyn bolýar, sebäbi onuň alamatlary beýleki keseleriň alamatlaryna meňzeýär. Dem almagyň kynlaşmagy, üsgülewük, bokurdagyň gijemegi, sowuklama, ýadawlyk, gözleriň gyzarmagy we gijemegi, deri örgüni allergiki täsirliligiň umumy alamatlarydyr.

Arassalaýjy serişdeler, mebeldäki we halylardaky himikatlar, heň, tozgajyklar, haýwanlaryň goňagy, ýelekler, bölünip çykmalary, tozan, öý tozanyndaky sakyrtgalar, saçakçylar, alakalar, syçanlar we beýleki zyýankeşler allergiki täsirliligi döredip bilerler. Zäherli maddalar bedene täsirini ýetirinde, allergiki täsirlilige meňzeş himiki duýgurlyk ýüze çykýar.

Allergiki täsirliligiň öňüni almagynyň birnäçe usuly:

  • öýüň howasynyň ýelejiredilmegini gowulandyrmak;
  • allergiki täsirliligi döredýän zatlar bilen galtaşygy azaltmak;
  • öýi arassa saklamak, tozanlaryny süpürmek.

Tozan we tozan sakyrtgalary

Tozan sakyrtgalary – öýdäki allergiki täsirligiň esasy sebäbi bolan ownuk, göze görünmeýän mörmöjekler. Olar gözi we burny gyjyndyrýarlar we demgysma tutgaýyny döredýärler. Öý tozanynyň sakyrtgalary ýassyk, düşek, haly, oýunjak, egin-eşik we mebel ýaly çyg, tozanly ýerlerde ýaşaýarlar.

Tozan sakyrtgalaryndan we tozandan dynyň

Ýatylýan otagyň we ýorgan-düşekleriň, ýassyklaryň arassalanmagy tozany, tozan sakyrtgalaryny we öý haýwanlaryň tüýüni aýyrmaga kömek eder. Düşeklerdir ýassyklara syk matalardan daş tikilmegi we olaryň gyzgyn suwda ýygy-ýygydan ýuwulmagy tozan sakyrtgalaryndan dynmaga kömek eder. Öýüňizdäkileriň birinde tozana we tozan sakyrtgalaryna allergiki täsirligi bar bolsa, halylardan, halyçalardan ýa-da beýleki matalardan daşda duruň.

Cloth hangs from a clothesline under a hot sun.
Matadan tikilen ýorgan-düşekleriň, halylaryň yzygider arassalanmagy we güne serip ýelejiredilmegi tozandan hem-de tozan sakyrtgalaryndan dynmaga kömek eder.

Heň

Heň – ösümliklerde we toprakda ösýän özboluşly ýönekeý kömelek. Ol öýüň içinde diwarlaryň ýüzünde, egin-eşiklerde, möhleti geçen ýa-da zaýa önümlerde we islendik yzgarly ýerde ösýär. Heňe kömelek hem diýilýär. Heňiň görnüşleriniň köpüsi gara ýa-da sary külkä, inçejik sapaklara ýa-da gögümtil-ak sütüge meňzeş bolýarlar.

Tebigatdaky heň daşky gurşaw üçin ähmiýetlidir. Heň guran maddalaryň dargamagyna ýardam edip, olary topraga öwürýär. Ýöne heň ownuk sporalary (köpelmegine kömek edýän ownuk başlangyçlary) bölüp çykarýar. Bu bolsa dem alnanda adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýär. Heňlän zatlar zaýalanýar, şol sebäpli hem onuň öýde bolmagy hemişe zyýanlydyr.

Heň kömelegi dem almagy kynlaşdyrýar, kellagyryny, deriniň azmagyny, demgysma tutgaýlaryny, allergiki täsirligi döredýär. Käte heňiň käbir görnüşleri esasan çagalarda has agyr keselleri döredip, ölüme eltip bilýärler. AIW-li adamlar heň bilen galtaşanda, olara has uly zyýan ýetýär.

Heň bilen göreşmek we onuň öňüni almak

Heň ýaramaz ýelejiredilýän we çyg ýerlerde emele gelýär. Onuň öňüni almak üçin, aşakdaky görkezmeleriň birini ýa-da birnäçesini berjaý ediň:

  • diwardaky, üçekdäki we turbalardaky deşikleri suwaň;
  • ýelejiredilmäni gowulandyryň. Öýüň içinden näçe köp howa geçse, şonça-da gowudyr. Ol gury bolup, heňiň ýaýramagynyň öňüni alýar.
  • heňlän ýerleri düzümi hlor hekli (agardyjy) serişde bilen ýuwuň.
Ölüm howply gatnaşyklar: zäherli himikatlar haýwanlardan adamlara geçýärler

A man wearing gloves and a cloth over his mouth and nose cleans a wall.
1 käse hlor hekiň, suwuk sabynyň ¼ çaý çemçesini we 4 litr ýyly suwy garyň
Tk EHB Ch17 Page 358-1-b.png
Tk EHB Ch17 Page 358-1-c.png
(1 käse naharhana sirkesiniň goşulmagy heň bilen bir hatarda beýleki mikroblary ýok etmäge kömek eder)

Bu garyndyny ulananyňyzda, ellik, agzy we burny ýapýan maskany geýiň. Taýýarlan garyndyňyzy 10-15 minutlap goýuň, soňra arassa suw bilen ýuwuň. Täzeden heň döremez ýaly, yzyny süpürip guradyň.