Hesperian Health Guides
Iýmiti howpsuz taýýarlamak
Öýde iýmitden geçýän keselleriň öňüni almak
Zaýalanýan iýmit. Ýaramaz ysly, heňlän ýa-da görnüşi üýtgän iýmiti zyňmaly. Gaby çişen ýa-da ýemşeren konserwa bankalardaky önümi iýmäň, sebäbi ol içindäki mikroblardan zaýalanandyr.
Nahar taýýarlamak. Nahar taýýarlamazdan öň we soň elleriňizi ýuwuň.
Nahar taýýarlananda ulanylýan zatlar. Nahar taýýarlamazdan öň we soň gap-gaçlary, gazanlary we zatlaryň üstüni gyzgyn suw we sabyn bilen arassalaň. Aşhanada ulanýan süpürgiç esgileriňizi sabyn bilen ýuwuň, güne serip ýa-da ütükläp, mikroblaryny öldüriň.
Mikroblar göze görünmeýär. Şonuň üçin-de, göräýmege arassa aşhanada hem mikroblar zerarly keseliň döremegi ähtimal. |
Ir- iýmişler we gök önümler. Iýmezden öň ähli ir-iýmişleri we gök önümleri ýuwuň.
Aşpezlik. Ýokary temperatura mikroblary öldürýär. Naharyň howpsuzlygyny bilmek üçin, onuň oňat taýýarlanandygyna göz ýetiriň we ony bişen badyna iýiň. Et ganly we gyzyl bolmasa, ol bişendir. Ýumurtganyň agy we sarysy dykyz bolanda, ol bişen diýip hasaplanylýar. Balyk taýýar bolanda, ol çarşaga aňsatlyk bilen alynýar.
Eti bişirmek we saklamak. Çig etiň, jüýjäniň we deňiz önümleriniň mikroblary aňsatlyk bilen beýleki iýmit önümlerine geçýärler. Eti beýleki önümlerden aýry saklaň ýa-da olaryň suwy başga önümlere dammaz ýaly, jebis dolaň. Eti bölüşdirmek üçin aýratyn gapak we pyçak ulanyň. Beýleki önümleri kesişdirip başlamazdan, aşpezlik gurallaryny gyzgyn sabynly suwa gowy edip ýuwuň. Çig et goýlan gapagyň üstünde taýýar bolan nahary goýmak howpsuz däldir.
Iýmitiň howpsuz saklanylyşy. Nahar galyndylary howpsuz gaplaryň içinde, salkyn we gury ýerde saklanylýar, hapa şol bada zyňylýar (iýmit we däne ekinlerini oňat gorap saklamagyň usullary barada bilmek üçin 12-nji we 15-nji baplara ser.).