Hesperian Health Guides
Ýerli azyk howpsuzlygyny kämilleşdirmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy > Ýerli azyk howpsuzlygyny kämilleşdirmek
Käbir milli hökümetler azyk howpsuzlygyny gowulandyrmagyň usuly hökmünde karz pullary (daýhanlary ýa-da önümi satyn alýanlaryny, ýa-da ikisinem goldamak üçin pul serişdeler) daýhanlara hödürleýärler. Subsidiýalaryň dürli görnüşleri öndürilýän önümlere has ýokary bazar nyrhlarynyň kesilmegine we alyjylar üçin wajyp azyk önümleriniň elýeter bolmagyna gözegçilik edýär.
Ýöne hökümetiň goldawy köplenç nädogry ulanylyp, sagdyn däl azyk önümlerini ýaýradýan we iri senagat ekinlerine eýeçilik edýän birleşmelere hödürlenilýär. Hökümet subsidiýalarynyň iri birleşmeler tarapyndan eýelenmeginiň netijesinde açlyk we horluk öňküdenem erbet bolýar.
Ýöne hökümet goldawynyň bolmadyk ýagdaýynda hem azyk howpsuzlygyny kämilleşdirmegiň birgiden usullary bardyr. Olara kiçiräk baglary döretmekden tä uly daýhan bazaryny döretmek usullary degişli. Olar azyk howpsuzlygyny ýokarlandyryp, gysga wagtyň içinde oňat netijeleri berýärler, adamlary bu ugurda has yhlasly işlemäge höweslendirýärler.
Ýerli azyk önümleri has sagdyn, ter bolup, ýerli medeniýeti we ykdysadyýeti goldaýarlar. |
Ilatyň azyk maksatnamalary oba hojalygyny goldaýarlar. |
Mazmuny
Jemgyýetiň azyk taslamalary
Iýmit ýerli ýagdaýda öndürilende we ýaýradylanda, azyk howpsuzlygy has berk bolýandyr. Ýerli ýetişdirilen iýmit has ter we ýokumly bolýar. Pullar ýerli daýhanlaryň we işewürleriň arasynda aýlanyp, ýerli ykdysadyýeti ösdürýär. Mundan başga-da, azyk howpsuzlygy jemgyýeti gurplandyryp, onuň ýaşaýan ýerlerini has sagdynlaşdyrýar. Ol adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmaga hem kömek edýär. Ilatyň garyp böleginiň ýerleriniň we azyk bazarlarynyň azlyk edýändigi sebäpli, azygy öndürmäge we bölüşdirmäge gözegçiligiň edilmegi olar üçin-de has-da wajypdyr.
Ýerli önümleri has köp ösdürip ýetişdirmegiň usullary
Bu taslamalaryň köpüsi ýeriň ýa-da puluň az mukdaryndan başlanylyp bilner. Olar ilaty ter azyk önümleri bilen üpjün etmäge ýardam berer.
- Maşgala baglary maşgalany sagdyn bakja önümleri we ir-iýmişleri bilen üpjün edýärler.
- Mekdep baglary okuwçylary ter miweler bilen üpjün edýärler. Şeýle hem olar çagalara ir-iýmişi ösdürip ýetişdirmegi öwredip, bu bilimleriň saklanyp galjakgydyna kepil geçýärler!
- Jemgyýetçilik baglary hususy ýeri bolmadyk adamlara hem ýygnanyşmaga ýer, hem-de iýmit berip bilýär. Şeýle hem jemgyýetçilik baglary adamlara azyk önümleriniň öndürilişi barada bilim almaga, başarnyklaryny artdyrmaga, restoranlary, bazarlary gurnamak ýaly telekeçilik işini başlamaga kömek edýärler. Hatda kiçiräk baglar hem azyk howpsuzlygyna uly üýtgeşmeleri girizip bilerler.
- Oba hojalygy. Ilat tarapyndan goldanylýan oba hojalygy, mysal üçin, daýhanlar öz azyk önümlerini gönüden-göni alyjylara satýarlar. Ekinler ekilip başlanmazdan öň, adamlar daýhanlara töleýärler, soňra hasyl möwsüminiň dowamynda her hepdede ter miwe, bakja önümlerini we beýleki azyk önümlerini alýarlar. Şeýle etmek bilen, alyjylar daýhanlaryň ýerli we işli bolmaklaryna, özleriniň hem azyk önümleri bilen doly üpjün edilmegine ýardam berýärler.
- Tohumlary gorap saklamagyň maksatnamalary tohum bilen üpjün edijilere tohumlaryň elýeter bolmagy üçin degişli şertleri döredýärler. Tohumlaryň dürli-dürlüligi – oba hojalygyny durnukly ýöretmegiň we ilatyň esasydyr (15-nji baba ser.). Jemgyýetçilik azyk maksatnamalary agromedeniýeti (ekerançylygyň, ýer işleriniň tehnikasyny gowulandyrmaga gönükdirilen çäreleriň, usullaryň jemi) gorap saklamaga hem kömek edýärler.
Adamlary adalatly nyrhdan sagdyn iýmit bilen üpjün etmek
Biziň günlerimizde dünýäde ähli adamlar üçin ýeterlik iýmitiň öndürilýändigine garamazdan, adamlar açlyk çekýärler. Käte bu azyk nyrhynyň garyp adamlar üçin gymmatdygy sebäpli bolýar. Sagdyn iýmit köplenç garyplar üçin elýeter bolmaýar. Satyjylar üçin hem, alyjylar üçin hem adalatly nyrhlary üpjün etmek üçin, hökümetiň goldawy ähmiýetlidir. Adalatly nyrhdan sagdyn azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen ýerli çäkde işleýän adamlaryň ulanýan käbir usullary aşakdakylary öz içine alýar:
- Daýhan bazarlary azygy bazara ýetirmek üçin ulag töleglerini we alyp-satarlaryň sanyny azaldýar. Şoňa görä-de, daýhan köpräk gazanyp, alyjylar bolsa azrak töläp bilýärler. Şeýle hem daýhan bazarlary alyjylara önümi ösdürip ýetişdiren adamlar bilen duşuşmaga we gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berýärler. Bu bolsa daýhanyň alyja näme gerekdigini bilmäge, alyja bolsa özlerine azyk önümlerini getirmek üçin daýhanlaryň näme edýändigini bilmäge kömek edýär.
- Azyk birleşmeleri – bu bazarlardaky iýmiti şol ýerde işleýän adamlar satyn alýarlar. Bazar bölekleýin ýa-da tutuş şol adamlaryň eýeçiliginde bolýar. Azyk birleşmeleriň agzalary bazarda işläp berendikleri üçin, iş hakynyň bir böleginiň hasabyna azyk önümlerini alýarlar. Azyk birleşmeleriniň köpüsi ýerli ösdürilip ýetişdirilen azyk önümlerini satyn almaga we satmaga ýykgyn edýärler.
- Daýhan kooperatiwleri daýhanlaryň öz ösdürip ýetişdiren önümlerini ýokary bahadan satmaga, ýöne şonda-da alyjylara iň oňat bahalary hödürlemäge kömek edýärler.
Iýmiti howpsuz şertlerde saklamak
Azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek we azygyň elýeter bolmagy örän wajypdyr. Munuň bilen birlikde, iýmitiň howpsuz saklanylyşy hem wajypdyr. Gurakçylyk, suw alma, zyýanly mör-möjekler, gemrijiler we keseller maşgalany ýa-da tutuş jemgyýeti ýeterlik iýmitsiz ýa-da satlyk zatsyz goýup bilerler.
Azyk önümleriniň saklanylyşynyň jemgyýetçilik maksatnamalary bu meseleleriň çözgüdini tapmaga kömek edip bilerler. (Azygyň saklanylyşy we onuň zyýanly mör-möjeklerden, gemrijilerden goralyşy barada ser.; Azygyň öý şertlerinde zaýalanmagynyň öňüni almak usullary barada ser.).
Mysal üçin, Ýuwaş ummanyndaky Temotu adasyndaky tupanlar ýygy-ýygydan ekinleriň köpüsini ýok edýärler. Azyk howpsuzlygyny gowulandyrmak maksady bilen ýerli ýaşaýjylar turşap başlan manioklar, ýetişmedik atgulaklar, bananlar we çörek agajynyň miweleri üçin uly çukurlary gazýarlar. Şol çukury doldurmaga her bir adam öz goşandyny goşýar. Ekinler ýok edilip, adamlara açlyga sezewar bolanda, olar şol çukurda saklanýan azyk önümlerini iýýärler.
Azyk ammarlary – mätäçlere paýlamak üçin azygyň ýygnalýan ýeri. Azyk ammarlary köplenç açlyk döwürlerinde kömek edýärler. Adamlaryň olara öwrenişip, garaşly bolmaklary mümkin. Şonuň üçin uzak möhletleýin azyk howpsuzlygy üçin bu iň amatly çözgüt däldir. Tutuş sebitde açlyk bolanda, olara azyk babatdaky kynçylyklary ýeňip geçmäge halkara agentlikleri hemaýat edip bilerler. Azyk hemaýaty azyk howpsuzlygynyň gysga möhletleýin çözgüdidir, emma ol azyk garaşsyzlygynda uzak möhletleýin zerurlygy aradan aýyrmaýar.
AIW/AIDS-den ejir çeken ýetimler üçin ýaş daýhanlaryň meýdan mekdepleri
Afrikanyň köp ýerlerinde bolşy ýaly, Mozambikde hem eneatalary AIW/AIDS-den ýogalandygy sebäpli, müňlerçe çagalar ýetim galdylar. Oba ýerlerinde ýaşaýan ýetim çagalaryň güni kyn bolýar. Olar jynsy taýdan ulanylma, ýaramaz garaýyşlar, keseller, açlyk we ş.m. howplaryň astynda ýaşaýarlar.
Ene-atasy aradan çykansoň, çagalaryň köpüsi maşgalabaş bolmaly bolýarlar, eklenjiň aladasyny etmäge mejbur bolýarlar. Obalarda işlemek üçin mümkinçilikleriň azdygy sebäpli, bu has hem kyn meselä öwrülýär. Daýhanlar maşgalasyndan çykan bolsalaram, ol çagalaryň köpüsi oba hojalygyny nädip ýöretmelidigini bilmeýärler. Sebäbi ölmezlerinden öň, olaryň ene-atalary kesel zerarly öz bilimlerini çagalaryna öwretmäge ýagdaýlary bolmandyr. BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasynyň, Azyk we oba hojalyk guramasynyň kömegi bilen, Meýdan mekdepleri we ýaş daýhanlaryň durmuş mekdepleri AIDS-den ejir çeken köp sanly ýetimleriň aladasyny edip başladylar. 12-18 ýaş aralygyndaky ýaşlar bu mekdeplerde bile işläp, oba hojalygyny ýöretmek, iýmit, derman ösümlikleri we ýaşaýyş endikleri barada bilim alýarlar.
Ýaşlar meýdany ekişe taýýarlamagy, ekini göçürip oturtmagy, haşal otlary aýyrmagy, suwarmagy, zyýankeşlere garşy göreşmegi, resurslardan peýdalanmagy we olary goramagy, medeni ekinleriň gaýtadan işlenilmegini, hasyly ýygnamagy, iýmiti saklamagy we satmak endiklerini öz içine alýan oba hojalygyny ýöretmegiň täze usullaryny hem-de adaty usullaryny öwrenýärler. Tanslar we aýdymlar ýaşlaryň özlerine bolan ynamy berkidip, ýaşaýyş endiklerini ösdürýärler. Teatr, söhbetdeşlik toparlary AIW/AIDS-iň we gyzzyrmanyň öňüni almak, jynsy deňligi, çagalaryň hukuklary ýaly wajyp durmuş meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ulanylýar.
Biziň günlerimizde Mozambikde Meýdan mekdepleriniň we ýaş daýhanlaryň durmuş mekdepleriniň 28-si işleýär. Şeýle mekdepler Keniýada, Namibiýada, Zambiýada, Swazilende we Tanzaniýada bar. Ýetimleriň müňlerçesi daýhanlar bolup ýetişdi. Mekdebiň uçurymlary okuwy tamamlanlaryndan soň, ekin satyp alan pullarynyň hasabyna kiçiräk hususy daýhan hojalyklaryny döredýärler. “Biz mekdepleri işledip başlamyzda, çagalaryň gelejegi ýokdy. Olaryň köpüsi ýük ulaglarynyň sürüjileri bolasy gelýärdi, sebäbi olar muny ýeke-täk çykalga diýip oýlaýardylar. Indi olar mugallym, agronom, daýhan we inžener bolmagy isleýärler”, – diýip, mekdep işgärleriniň biri gürrüň berýär.