Hesperian Health Guides
Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy diýlip nämä aýdylýa?
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy > Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy diýlip nämä aýdylýa
Pestesidler, zäherli himikatlar bilen zäherlenen ýa-da genetiki özgerdilen önümler (13-nji baba ser.) elýeter bolup biler. Ýöne olar howpsuz we sagdyn iýmitlenmegi üpjün edip bilmezler. Köplenç nahar taýýarlamak üçin howpsuz ýeriň, ýeterlik wagtyň we oduň bolmaýandygy sebäpli, adamlar gaýtadan işlenilen iýmiti köp iýýärler. Bu bolsa soňabaka olaryň saglygyna zyýan ýetirýändir.
Mazmuny
10 tohum
Bu sapak adamlara azyk howpsuzlygynyň iň wajyp meselelerini kesgitlemäge, jemgyýetiň azyk howpsuzlygyny gowulandyrjak özgertmeleri goldamaga ýardam berer.
Wagty: 2 sagat
Enjamlar: Her topar üçin 10 sany tohum, dürli ruçkalar ýa-da flomasterler, uly kagyz tagta.
- 8-10 adamdan ybarat toparlar düzüň. Azyk howpsuzlygyny düzýän dürli zatlar barada gürrüňdeş bolmaklaryny toparlardan haýyş ediň. Mysal üçin: azyk önümlerini öndürmek, azygyň saklanylyşy, karz pul, sagdyn iýmit satýan dükanlar we bazarlar, azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin oňaýly ýerler we ş.m. Ekerançylyk, awçylyk we balykçylyk bilen meşgullanýan oba adamlarynyň azyk howpsuzlygy babatda ýüze çykýan meseleler şäher adamlarynyňkydan tapawutlanýandyr. Siz öz ýaşaýan ýeriňizde azyk howpsuzlygyny düzýän dürli zatlar barada gürrüňdeş boluň. Azyk howpsuzlygynyň dürli böleklerini görkezmek üçin, uly kagyzyň ýüzüne suratlary çekiň ýa-da ýazgy ýazyň.
- Toparlaryň hersine 10 sany tohum paýlaň we olardan azyk howpsuzlygynyň haýsy bölekleriniň jemgyýetde kynçylyk döredýändigini kesgitläp, şol ýere köpräk tohum goýup görkezmeklerini haýyş ediň. Mysal üçin, käbir maşgalalar azyk önümleriniň ýaramaz saklanylyşy, bazara azyk önümlerini alyp gitmek üçin ulagyň ýa-da iýmit almak üçin bazaryň ýoklugy, suwuň ýetmezçiligi, tapdan düşen ýer, ekini zaýalaýan mör-möjekler zerarly açlyk çekýärler. Bu toparlara azyk howpsuzlygynyň iň gowşak ýerlerini kesgitlemäge kömek eder. Jemgyýetde dürli adamlaryň dürli meseleleri bolar. Her biriniň meselesiniň diňlenilýändigine göz ýetiriň.
- Her topar öz azyk howpsuzlygynyň iň wajyp meselelerini kesgitländen soň, ýerli baýlyklaryň haýsylaryndan peýdalanmalydygyny ara alyp maslahatlaşyň. Önüm öndürmek iň uly mesele bolsa, ekerançylyk usullaryny gowulandyrjak ýa-da ir-iýmiş baglarynyň döredilmegi üçin başarnykly we bilimli adamlar barmy? Azygyň saklanylyşy iň uly mesele bolsa, haýsy çäreler ony gowulandyryp biler? Bazarlar ýok bolsa, sagdyn önümleri satar ýaly kooperatiw dükanlaryny açmagyň ýollary barmy? Adamlara azygy eltmek üçin ýük ulagyny satyn almalymy ýa-da ondan bile peýdalanmalymy? Pikirleriň her biri örän wajypdyr.
- Mümkin bolan çözgütleri ara alyp maslahatlaşanyňyzdan soň, başga kagyz tagtany alyň we oňaýly çözgütleriň suratyny çekiň ýa-da olar barada ýazyň. Soňra 10 sany tohumy şol çözgütleriň arasynda bölüň. Tohumlaryň köpüsini iň wajyp hasaplaýan meseläňiziň ýanynda goýuň.
- Her topar meseleleri kesgitländen soň, bile bir uly topara ýygnanyň. On sany tohumy ulanyp ýa-da eliňizi galdyryp, iň wajyp 1 ýa-da 2 meselä ses beriň. Olaryň çözgüdini ara alyp maslahatlaşyň. Bu işe kim gatnaşyp biler? Olar nähili serişdeleri hödürläp bilerler? Işe haçan girişmek bolar? Iki ýyldan jemgyýetde hiç kim açlyk çekmez ýaly, öz öňüňizde uzak möhletleýin maksatlary goýuň. üç aýyň dowamynda dükan açmak üçin ýa-da ösüp ýetişýän döwre çenli topragy ekişe taýýarlamak üçin jemgyýetçilik serişdelerini ýygnamak ýaly gysga möhletleýin maksatlary hem kesgitläň.
Azyk howpsuzlygy we iýmitlenme
Bu çaga diňe deri bilen süňk bolup galypdyr. |
Adamlar kesellänlerinde ýa-da ýaramaz iýmitlenenlerinde, olaryň azyk öndürmäge, suw daşamaga, öýi arassalamaga, daşky gurşawy sagdyn saklamaga ukyplary we işjeňlikleri peselýär.
Emma sagdyn iýmitiň bahasy elýeter bolup, ol durnukly usul bilen öndürilip, ýerli bazarlarda bar bolsa, adamlaryň iýmitiniň dürli-dürli bolmagyna mümkinçilik döreýär.
Ýaramaz iýmitlenme bedeni gowşadyp, aşakdaky ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler:
- güýçli içgeçme (esasan hem çagalarda);
- çagalarda gyzamygyň gaýraüzülmeleri;
- örän kiçi ýa-da maýyp (akyl taýdan haýal ösüşli) çagalaryň dogulmagyna töwekgellikli göwrelilik ýa-da dogrum;
- ganazlyk (anemiýa), esasan hem aýallaryň arasynda;
- inçekeseliň ýygy-ýygydan duş gelmegi we onuň tiz ýitileşmegi;
- bedeniň gandy dogry özleşdirmäge ukypsyzlygy zerarly döreýän süýji keseliniň ýygy-ýygydan duş gelmegi;
Bu çaga bolsa diňe deri, süňk we suw bolup galypdyr. |
- öýken sowuklamasyna we bronhite ýazýan dümew ýaly keselleriň ýygjamlaşmagy;
- AIW ýa-da AIDS bar bolan adamlarda keseller has çalt döreýärler we olara dermanlar gaty gowy täsir etmeýärler;
- silikozyň, demgysmanyň, agyr metallar bilen zäherlenmäniň we zäherli himikatlar bilen galtaşyk zerarly ýüze çykan meseleleriň ýitileşmegi we ýygylaşmagy (16-njy we 20-nji baplara ser.).
Ýaramaz iýmitlenýän çagalar haýal ösýärler we mekdepde gowy okamaýarlar. Olar mekdebe gatnardan juda gowşak bolýarlar. Ýaramaz iýmitlenme, hususan hem, kiçi çagalara degişli mesele bolup, tizara çözülmelidir.
Saglyk bilen bagly bu meseleleri we oňat iýmitlenme barada köpräk bilesiňiz gelse, Where There Is No Doctor (“Maşgala saglygy”) atly kitaby okaň.
Sagdyn bolmadyk iýmit zyýanlydyr
Adamlaryň azyk önümlerini ösdürip ýetişdirmäge ekin ýerleriniň bolmadyk ýagdaýynda, olar gür ilatly şäherlerde ýaşaýarlar. Olar bazardan sagdyn gök önümleri satyn alyp bilmeýärler, sagdyn iýmitlenmäge kömek edýän medeni adatlaryny ýitirýärler. Olar köplenç ýokumlylygy az, sagdyn däl öňümleri iýmeli bolýarlar. Bu önümler ýokumlylygy aýyrýan usullar bilen arassalanýar, himikatlar bilen gaýtadan işlenilýär, olaryň düzüminde aşa köp şekep we duz bolýar, ýagda gowrulýar. Şeýle iýmit az mukdarda zyýansyz hem bolup biler. Emma adamlar ýokumly önümleriň deregine gaýtadan işlenilen iýmiti iýseler, bedenlerini ýokumly maddalardan mahrum edýärler.
Adamlar sagdyn däl önümleri köp iýseler, semizlige ýykgyn bolýarlar. Olaryň saglyk ýagdaýlary hem ýaramazlaşýar. Sagdyn däl iýmit ýokary gan basyşy, ýürek kesellerini, öt daşlaryny, süýji keselini we rak keseliniň käbir görnüşlerini döredip biler. Şoňa görä-de, adamlar köp iýmeseler-de, çendenaşa semiz bolup bilerler.
Oba hojalyk işleri özgerende, iýmit hem üýtgeýär
Dünýäniň ähli ýerlerinde daýhanlar öz ýerlerinden gitmäge mejbur edilýärler. Ozal ýerli ilat üçin bakja önümleriniň ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda indi eksport üçin medeni ösümlikleri ösdürilip ýetişdirýärler. Uly korporasiýalar tarapyndan ýere, tohumlara, bazarlara we azygy paýlamagyň ýollaryna edilýän gözegçilik diňe daýhanlara däl-de, eýsem biziň ählimize zyýanyny ýetirýär.
Sagdyn iýmiti tapmak ýylsaýyn kynlaşýar. Şäherleriň köpüsinde ter ir-iýmişleri we bakja önümlerini satyn alanyňdan, sagdyn däl iýmiti: alkogol içgilerini, bikanun satylýan neşe serişdelerini satyn almak has aňsatdyr. Şeýle ýagdaý bary-ýogy birnäçe nesliň dowamynda biziň iýmitleniş düzgünlerimize uly üýtgeşmeleri girizdi. Biziň ene-atalarymyz esasan ter önümlerden taýýarlanan iýmiti iýipdirler. Şu gün adamlar arassalanan we gaýtadan işlenilen, ýokumsyz, emma düzüminde konserwantlar, tagam beriji garyndylar, reňkleýjiler we beýleki süýjümtiklik berýän maddalar (şeker we mekgejöwen şiresi), duz we ýaglar bar bolan önümleri iýýärler. Şeýlelikde, köpimiz öňkülerden köp iýmit iýýän bolsagam, saglygymyzyň ugry ýok.
Iýmitleniş düzgünleriniň üýtgemegi amerikan indeýesleriniň saglygyna täsir etdi
Birnäçe nesil mundan ozal amerikan indeýesleriniň awlaýan, çöl ýerlerde ösdürip ýetişdirýän we ýygnaýan sagdyn iýmitleri bardy. Etiň, bakja önümleriniň we ir-iýmişleriniň ýetmedik ýagdaýlarynda, olar “ölmez-öde” iýmiti: ösümlikleriň köklerini, agajyň gabygyny we ownuk haýwanlary ýygnap bilýärdiler.
Emma ABŞ-nyň hökümeti takmynan 100 ýyl mundan öň ýerli halklary rezerwasiýalarda ýaşamaga mejbur edip, olara aw awlamagy we balyk tutmagy gadagan etdiler. Ýerli ýaşaýjylary olaryň öwrenişen iýmitleri bilen üpjün etmegiň deregine, hökümet olara ak un, ak şeker we salo (ýag gatlagy) hödürlediler. Şu günler hem amerikan indeýesleriň köpüsi döwlet azyk önümlerini iýýärler. Rezerwasiýalaryň köpüsinde gowrulan sagdyn däl iýmit elýeter iýmitiň ýeke-täk görnüşidir. Hökümetden azyk önümlerini almaýan adamlar hem köplenç iýmäge başga zadyň azlygy sebäpli, ýaramaz iýmitlenýärler.
Amerikan indeýesleriniň köpüsi semizlik we ýaramaz iýmitlenme bilen baglanyşykly ýürek kesellerinden we beýleki kesellerden ejir çekýärler. Bu olaryň bedenine gerek bolan iýmitiň ýoklugy zerarly we ýokumsyz iýmiti iýmäge mejbur edilendikleri zerarly ýüze çykýar. Häzirki döwürde amerikan indeýesleriniň ölüminiň iň esasy sebäbi süýji keselidir. Bu mesele amerikan indeýesleriniň käbirini öz medeniýetini, sagdynlygyny, adaty iýmitlenmegini dikeldip başlamaga mejbur etdi. Olar mekgejöweni, kösüklileri we kädini ekýärler, ýabany şalyny ýygnaýarlar, balyk tutýarlar we et almak üçin gäwmişleri bakýarlar.
Lakota taýpasyndan saglygy goraýyş işgäri Riçard Demir Bulut: “Medeni däp-dessurlaryň, ýaşaýyş we iýmitleniş aýratynlyklaryň üýtgemegi süýji keseliniň köpelmegine sebäp boldy. Ata-babalarymyzyň iýmitleniş usullaryna dolanyp gelmegimiz keselleriň azalmagyna ýardam berer” – diýip belleýär.
Dürli ösümlikleri bir ýerde ekmeklik ýaly oba hojalygynyň köne usuly sagdyn iýmiti we topragy geljek nesiller üçin goraýar. |