Hesperian Health Guides
Açlygyň sosial we syýasy sebäpleri
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy > Açlygyň sosial we syýasy sebäpleri
AÇLYGYŇ SOSIAL WE SYÝASY SEBÄPLERI |
Hususy birleşmeler azyk howpsuzlygyna gözegçilik edýär
Azyk önümlerine ähli adamlar mätäçdir. Hemmeleriň sagdyn iýmitlenmäge hak-hukuklary bardyr. Ýöne bu wajyp zatlar ýatdan çykarylyp, käbir adamlaryň ýa-da iri hususy birleşmeleriň gara nebisleri öňe geçse, jemgyýetiň saglygy zyýan çekýär. Adamlaryň köpüsi azyk önümlerini iri hususy birleşmeleriň dükanlaryndan alýarlar. Iri hususy birleşmeler bolsa, öz önümçiliginde pestisidleri giňden ulanýandyr.
Iri hususy birleşmeleriň gözegçiliginiň giň gerime eýe bolan ýerlerinde, daýhanlar bergidar edilip, olar ýerlerini taşlap gitmäge mejbur bolýar. Şeýle birleşmeler ýetişdiren önümlerini sebitden daşary satmak üçin ýerleri ulananda, şol jemgyýetde işleýän we ýaşaýan adamlar başga ýerlerden getirilen iýmiti iýmeli bolýarlar (olary satyn almaga gurbatlarynyň çatan ýagdaýynda).
Iri hususy birleşmeler şeýle „azyk howpsuzlygyndan“ uly girdeji alýarlar. Jemgyýetdäki adamlar we tutuş ýurtlar bolsa azyk babatda dünýä bazaryna garaşly bolýarlar. Bazar adamlaryň azyk zerurlyklaryny kanagatlandyryp bilmese, adamlar açlyk çekýärler. Iri hususy birleşmeler bolsa azygy kömek hökmünde paýlamak üçin hökümete satyp, peýda görmeklerini dowam edýärler.
Adamlar azyk howpsuzlyklaryna özleri gözegçilik etmeseler, iri birleşmeler açlyk ýagdaýyny öz hususy bähbitleri üçin ulanarlar.
Gurakçylyga garşy göreşmek üçin ýitip giden tohumlaryň dikeldilmegi
Bir wagtlar Zimbabweniň daýhanlary dänelik ekinleriniň köp görnüşlerini ekýärdiler. Geçen asyryň 60- njy ýyllarynda, ýagny Ýaşyl Rewolýusiýa wagtynda halkara agentlikler daýhanlara ekmek üçin mekgejöweniň täze görnüşini hödürlediler. Mekgejöweniň gibridi däneleriniň iriligi, çalt ösýänligi we aňsat satylýanlygy bilen daýhanlara ýarady. Hökümet olaryň ekinleriniň köp bölegini satyn alyp, soňra ony gaýtadan Zimbabweniň azyk ýetmeýän şäherlerine we başga ýurtlara satdy. Wagtyň geçmegi bilen mekgejöwen Zimbabwede iň giň ýaýran iýmite öwrüldi.
Birnäçe ýyldan gurakçylyk boldy. Zimbabweniň we Günorta Afrikanyň beýleki ýurtlarynyň meýdanlaryna ygal az ýagdy. Mekgejöwen ýaramaz ösensoň, iýmäge zat azdy. Maşgalalaryň köpüsi mekgejöweni açlyk döwrüne niýetläp, ýygnap goýupdyrlar. Emma onuň köp böleginiň çüýrändigi mälim boldy. Bu örän geňdi, sebäbi olaryň ösdürip ýetişdirýän darysy we jöweni öňler köp möwsümleriň dowamynda zaýalanman saklanýardy.
Ahyrsoňy köp garaşylan ýagyş ýagdy. Ýöne bu ýagyş ösümlikleri kökleri bilen goparýan tupan görnüşinde ýagyp, guran meýdanlaryň topragyny syryp äkitdi. Zimbabwedäki açlyk şeýle bir güýçlendi welin, hökümet BMG-den azyk kömegini soramaga mejbur boldy. Mekgejöweniň köp mukdary uçarlar bilen getirilip, ýurtdaky açlyk çekýän ähli adamlara paýlanyldy. Emma azyk kömegi we täze gibrid-tohumlary azyk howpsuzlygynyň we açlygyň gysga möhletleýin meselelerini çözüp bilmediler.
Daýhanlar ýagyş ýagdyryp bilmeseler-de, oba hojalyk işlerini ýöretmegiň usullaryny üýtgedip biljekdiklerine göz ýetirdiler. Daýhanlar Zimbabwede hemişe gowy ösýän jöwen we dary ýaly kiçi dänelik ekinleriniň tohumlaryny ýygnap, olary ekip başladylar. Daýhanlar ýygnap bilen tohumlarynyň ähli görnüşlerini ekdiler. Gurakçylyk ekinleriň bir görnüşini ýok edäýende-de, ekiniň käbir görnüşleri gögermelidi. Güýçli ýagyş ýaganda, topragy ýuwup aýyrmaz ýaly, käbir daýhanlar hasylyň galyndylaryny meýdanda çüýremäge galdyrdylar. Indiki ekiş möwsüminde toprak ýumşak we mes boldy. Hemişe bir zat ösüp durar ýaly, käbir daýhanlar däne ekinlerini ýygnanlardan soň, mallaryna iým bolar ýaly, kösükli ekinleri ekdiler. Mundan başga-da, kösükli ekinler topragy süýşmeden goramaga we baýlaşdyrmaga ýardam berdiler.
Zimbabwede heniz-de ýagyşlar öňküsinden az ýagýar. Ýöne käbir daýhanlar başga ýerden getirilen tohumlara ýa-da halkara azyk kömegine bil baglamaýarlar. Gurakçylyga döz gelip biljek ekinleri ösdürip ýetişdirmek bilen, olar açlygynyň öňüni almaga has ukyply boldular.
Ýaşyl Rewolýusiýanyň oba hojalygyny ýöretmekde ulanan usullary
Geçen asyryň 60-njy ýyllarynda başlan Ýaşyl Rewolýusiýasynyň döwründen bäri, iri hususy birleşmeler we halkara agentlikler “gowulandyrylan tohumlaryň”, himiki dökünleriň we pestisidleriň kömegi bilen “dünýäni iýmitlendirip” biljekdiklerini mälim edýärdiler. Oba hojalyk ýerlerine, tohum gorlaryna, satuw ulgamlaryna, paýlama we beýleki zatlara gözegçiligi öz ellerine alan bolsalar hem, olar dünýädäki açlygy togtadyp bilmediler. Tersine, ýagdaý has-da erbetleşdi.
Suw ýetmezçiligi
Ekinler üçin suw gerek bolýar. Iri hususy birleşmeleriň ulanýan suwunyň mukdary günsaýyn artansoň, ownuk ýer eýelerine suwaryş suwlarynyň mukdary günsaýyn azalýar. Suw hapalansa ýada hususy eýeçilikde bolsa, suwdan peýdalanmaga bolan hukuk howp astyna düşýär (6-njy baba ser.). Topragy dolandyrmak we suw serişdelerini gorap saklamagyň birgiden usullary bar (9-njy we 15-nji baplara ser.), ýöne olar adamyň suwa bolan hukuklaryny goldaýan hökümetler we halkara agentlikler tarapyndan goralyp, öňe sürülmelidir.
Ýeriň ýitirilmegi
Ýeriň köp bölegi birnäçe adama ýa-da hususy birleşmelere degişli bolsa, bu ýagdaý köp sanly azyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Ownuk ýer eýeleriniň köpüsi öz ýerlerini taşlap, şäherlere göçüp gitmäge ýa-da plantasiýalarda we zawodlarda işlemäge mejbur bolýarlar. Adamlar azyklyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmäge ýerleriniň we sagdyn iýmit satyn almak üçin pullarynyň ýokdugy sebäpli açlygyň, horlugyň pidalary bolýarlar.
Iri hususy birleşmeler adatça ekinleriň diňe bir görnüşini ekýärler, az adam işledýärler, maşyn enjamlarynyň, himiki dökünleriň, pestisidleriň, gerbisidleriň köp mukdaryny ulanýarlar. Olar ýetişen önümleri uzak ýerlere, köplenç başga ýurtlara iberip satýarlar. Bu iýmitiň dürlüligini azaldyp, iýmiti has ýaramazlaşdyrýar, oba hojalyk işgärleriniň girdejilerini kemeldýär, daşky gurşawa haş köp zyýan ýetirýär we ýerli azygyň elýeter bolmagyna ýol bermeýär. Mundan başga-da, bu ýerli ekinlere zyýan ýetirýär, sebäbi adamlar ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde we topragyň aladasyny etmekde indi öz adaty usullaryny ulanyp bilmeýärler.
Karz almagyň we bazarlaryň elýeter bolmazlygy
Oba hojalygyny ýöretmek howa we bazar nyrhlaryna bagly bolansoň, käte daýhanlar hasyl möwsümine çenli we bazar ýagdaýy gowulanýança karzyna pul almaly bolýarlar. Banklar ownuk daýhanlara pul karz bermekden ýüz öwrüp, puly iri hususy birleşmelerine karz berýärler. Bu ýagdaý daýhanlary we olaryň maşgalalaryny açlyk çekmäge mejbur edýär. Olar köplenç öz ýerlerini bermäge hem mejbur edýär.
Migrasiýa
Adamlar öz ýaşaýan ýerlerini taşlap, başga ýerlere göçmäge mejbur bolanlarynda, ekin ekip, hasyl ýetişdirmek baradaky bilimlerini hem ýitirýärler. Ýaşlar oba hojalygy ýöretmegi öwrenmän şähere gitseler, olar hiç wagt öz çagalaryna oba hojalygyny ýöretmegi öwredip bilmezler. Bu ýagdaý ýerleriň ýitirilmegine sebäp bolup biler.
Epidemiki keseller
Bütin dünýäde AIW/AIDS, inçekesel, gyzzyrma ýaly keselleriň millionlarça adamlary öldürýän döwründe açlyk we kem iýmitlenme gitdigisaýy güýjeýär. Maşgalalar we jemgyýet tutuş nesilleri ýitirýärler. Bu nesiller köplenç iýmit öndürmekde iň işjeň bolan nesillerdi. Azyk önümleriň öndürilişi peselýär. Ökde daýhanlar garrap aradan çykýarlar. Olaryň ekerançylyk baradaky bilimleri hem olaryň ýogalmagy bilen ýitip gidýär. Ýokarda agzalan keselleriň öňüni almak we olary bejermek diňe açlyga we kem iýmitlenmä ýol bermezlik bilen çäklenmän, eýsem tutuş jemgyýetiň azyk howpsuzlygy üçin hem örän wajypdyr.
Bilim ýetmezçiligi
Köp ýerlerde adamlar azyk önümlerini öndürmek baradaky adaty bilimlerden mahrum boldular. üýtgäp duran howa, hasylly ýeriň azlygy, jemgyýetiň köp ilatlylygy ýaly tiz-tizden üýtgäp durýan şertlerde köne usullar indi peýda bermeýärler. Adamlar iýmiti nähili öndürmelidigini bilmeseler, açlygyň ýüze çykyp, azyk howpsuzlygynyň ýitirilmegine sebäp bolýar. Daýhanlaryň meýdan mekdepleriniň, ýaş daýhanlaryň ýaşuly daýhanlar tarapyndan okadylmagynyň maksatnamasynyň we oba hojalygynyň wagyz etmek gullugynyň üsti bilen bilimleriň goldanylmagy, okuwlaryň geçirilmegi meseläniň çözgütleriniň biridir.
Açlyk azygyň ýetmezçiliginden döreýär. Azyk ýetmezçiligi bolsa adalatyň ýetmezçiliginden döreýär. |