Hesperian Health Guides
Azyk garaşsyzlygy ynsan hukuklarynyň biridir
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy > Azyk garaşsyzlygy ynsan hukuklarynyň biridir
Vía Campesina adamlaryň azyga gözegçilik etmeklerini öňe sürýär
Ownuk hususy daýhan hojalyklary köpüsi ýetişdiren hasyllaryny kabul ederlik nyrhdan satyp bilmeýärler. Sebäbi halkara söwda düzgünleri diňe baý ýurtlaryň we iri ýer eýeleriň bähbitlerini araýarlar. Başga ýerlerden getirilen azygyň bahalarynyň has arzanlygy sebäpli, daýhanlar hatda ýerli bazarlarda hem öz harytlaryny kabul ederlik nyrhlardan satyp bilmeýärler. Bu ýagdaý daýhanlary azygy arzan nyrhlardan satmaga mejbur edýär. Olary öňküden hem beter bergidar, garyp, aç galdyrýar.
Bu meseläni çözmek üçin, ýurtlaryň köpüsinde daýhanlar “Vía Campesina” (isp. “Daýhan ýoly”) diýen hereketi döredýärler. “Vía Campesina” daýhançylyk guramalarynyň köpüsini birleşdirýär. Onuň esasy maksady – daýhanlaryň elýeter azyk bahalaryny kabul etmek ukybyny güýçlendirmekden ybarat. “Vía Campesina” ýeri we suw serişdelerini saklamak we azygyň öndürilişine we bölünişine gözegçilik etmek üçin daýhanlary birleşdirýär. “Vía Campesinanyň” pikiriçe, azyk howpsuzlygy diňe azyk garaşsyzlygynyň üsti bilen amala aşyrylyp bilner: maldarlar we daýhanlar haýsy önümleri öndürmelidigini, olary näçeden satmalydygyny, alyjylar hem nämäni ulanmalydygyny, kimden satyn almalydygyny özleri çözmelidir.
Käbir ýerlerde “Via Campesina” syýasy işgärleri we guramalary gyssap, olardan ýerli daýhançylyk kärdeşler arkalaşyklarynyň talaplaryny kanagatlandyrmagy talap edýär. Beýleki ýerlerde ol ulanylmadyk oba hojalyk ýerleriniň dikeltmekçi bolýan ýersiz daýhanlary goldaýarlar. Şeýle hem “Via Campesina” azygy iň mätäçlere adalatly paýlajak ýerli edaralaryny gurmaga kömek edýärler.
2005-nji ýylda bolan ýertitreme we sunami (örän uly joşgun tolkuny) Indoneziýany weýran edende, heläkçilige uçran adamlaryň köpüsi daýhanlardy we balykçylardy. “Vía Campesina” hemeýatçylyk edip, azyk we beýleki materiallary diňe başga ýerlerden getirmek bilen çäklenmän, ýerli edaralar bilen ýerli ownuk öndürijilerden azyk, gurallary we beýleki materiallary satyn almakda hyzmatdaşlyk etdiler. Olar azyk kömeginiň çeşmelerini (ýerli ýa-da başga ýerlerden getirilen) dikeldiliş işleri nädip alyp barmaly (ol maşgala önümçiliginimi ýa-da iri azyk birleşmelerini goldaýarmy), we ýerli edaralary nädip kuwwatlandyrmaly, olaryň kömege garaşly bolmazlygy üçin haýsy çäreleri geçirmeli diýen wajyp soraglary gozgaýarlar.
“Daýhan ýolunyň” ýygnan pullarynyň köp bölegi balykçylaryň jaýlarynyň we gaýyklarynyň dikeldilmegine, daýhanlar we balykçylar üçin täze iş gurallaryny ýasamaklyga, oba hojalyk ýerleriniň önümçilik üçin dikeldilmegine sarp edildi. Heläkçilige uçran adamlaryň öz-özlerini üpjün etmekleri üçin degişli şertleri döredip, “Daýhan ýoly” gysga möhletleýin dikeldişi däl-de, uzak möhletleýin azyk garaşsyzlygyny goldady.