Hesperian Health Guides

Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy


HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 12: Jemgyýetiň azyk howpsuzlygy


Bu bapda:

Women with shopping bags talk at an outdoor market.

Adamlar sagdyn bolmak üçin, ýokumly önümleri iýmäge çalyşýarlar. Özümiz we maşgalamyz üçin ýeterlik iýmit öndürip, satyn alyp ýa-da alyş-çalyş edip bilmesek, biz açlyga, iýmitlenmäniň bozulmagyna we saglyk kynçylyklaryna duçar bolarys.

Azyk howpsuzlygy – bu her bir adamyň işjeň we sagdyn ýaşaýşy üçin ýylyň dowamynda howpsuz we ýokumly iýmitiniň ýeterlik mukdarda bolmagyny aňladýar. Mundan başga-da, bu iýmitiň jemgyýeti we daşky gurşawy sagdyn saklaýan usullar arkaly öndürilýändigini we bölünýändigini aňladýar.

Açlyk birnäçe sebäplere görä döräp bilýär. Arryk toprak, ýerli howa şertleriniň üýtgemegi we suwuň ýetmezçiligi ýaly käbir sebäpler daşky gurşawa baglydyrlar. Bu sebäpler zerarly ýüze çykýan açlygy ekerançylygyň durnukly ýollary bilen (15-nji baba ser.) we ýer, suw baýlygyndan has oňat peýdalanmak bilen aradan aýyrmak bolar (6-nji baba, 9-nji baba, 10-nji baba we 11-nji baba ser.).

Açlygyň beýleki sebäplerine syýasat zerarly ýüze çykýan ýagdaýlar degişlidir: kabul edip bolmajak azyk nyrhlary, azyk önümlerini ösdürip ýetişdirer ýaly ýeriň ýoklugy, bazarlaryň we azyk ulgamlarynyň haýsydyr bir toparyň gözegçiliginde bolmagy we beýleki ýagdaýlar. Suw we beýleki syýasy sebäplere görä dörän açlygy jemgyýetde degişli işleri alyp barmak arkaly aradan aýyrmak mümkin bolar.

Azyk önümlerini öndürmek üçin bize ýer, suw, gurallar, tohumlar we oba hojalyk işlerini nähili alyp barmalydygy barada bilim gerek. Her bir adamy ýeterlik iýmit bilen üpjün etmek üçin, bize adalatly bölüniş, elýeter azyk nyrhlary, ýerli bazarlar we azyk howpsuzlygy zerurdyr. Muňa ýetmek üçin, biz dünýäniň adalatly we durnukly bolmagyny gazanjak bolmaly. Biz her bir adamyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, ýaşaýyş adalatlygy we sagdyn daşky gurşaw üçin işlemelidiris.

Oba hojalygyny ýöretmekdäki özgerişlikler

Kombojanyň Preý Weng obasynyň ilaty gadym döwürlerden bäri özlerini eklemek üçin ýeterlik mukdarda şaly ösdürip ýetişdirýärdiler. Mundan başga-da, olar şaly meýdanlaryndaky ýabany ösümlikleri, balygy, ýylan balygy, tokaýdaky ir-iýmişleri, hozlary we ösümlikleriň köklerini, ýabany haýwanlarynyň etini iýýärdiler. Bu iýmit uruş ýa-da suw alma bolmasa, ýylyň dowamynda olaryň sagdynlygyny üpjün edýärdi.


Emma takmynan 40 ýyl mundan ozal, hökümet eksport etmek üçin şalynyň we şuňa meňzeş esasy oba hojalyk medeni ekinleriň birnäçesiniň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, ekerançylygyň täze usullaryny öňe sürüp başlady. Bu täze usullar bütin dünýäde oba hojalygynda girizilýän özgertmeleriň bir bölegidi. Ol özgertmeler Ýaşyl Rewolýusiýa atly hereket tarapyndan girizilýärdi. Ýaşyl Rewolýusiýa şalynyň has köp hasylyny almak üçin, adaty usullary däl-de, himiki dökünleriň we pestisidleriň ulanylmagyny goldaýardy. Ol uly suwaryş ulgamlaryny ulanyp, ekini ekmek we hasyly ýygnamak üçin maşynlardan peýdalanýardy.


Täze oba hojalyk usullaryndan peýdalanyp, Pýer Wengiň ýaşaýjylary satlyk üçin köp şaly ýetişdirmegi başardylar. Olar gazanan pullaryny öýlerini abatlamaga, ýollary gurmaga we egin-eşik, radio ýaly hususy zatlary almaga harçladylar. Oba ýaşaýjylary dersi ulanmagy, şalyny gurak döwürde ekilýän medeni ösümlikler bilen gezekleşdirmegi, şeýle hem oba hojalygyň adaty usullaryndan peýdalanmagy bes etdiler.


Täze usullar bir medeni ösümligiň uly ýerlerde ösdürilip ýetişdirmekde oňat netijeleri berip, şalynyň gorlaryny artdyrýardylar. Emma wagtyň geçmegi bilen oba ýaşaýjylary öz ýerleriniň we iýmitleriniň üýtgändigine göz ýetirdiler. Gerbisidler oba ýaşaýjylarynyň öň iýýän ýabany ösümliklerini ýok edipdi. Indi olarda şalydan başga hiç zat ýokdy. Tiz wagtdan meýdanlaryndaky toprak sagdyn medeni ösümlikleri ösdürip bilmedi, şalynyň hasyly bolsa peseldi.


Obanyň ýaşaýjylary açlygyň haýsy sebäplere görä dörändigi barada pikir ayşmak üçin ýygnanyşdylar. Olar ýylyň dowamynda medeni ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin garyşyk medeni ösümlikleri, meýdan ekin dolanyşygyny ulanyp, oba hojalyk işlerini alyp barmagyň köne ýollaryny ýatladylar. Olar adaty usullaryň köp artykmaçlyklaryna göz ýetirip, olara dolanmagy makul bildiler. Şeýle hem olar şaly ösümliklerini bir-birine golaý ekmek we bir meýdanda dürli medeni ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek ýaly usullary ulanmaga başladylar.

Farmers work in a rice paddy, as birds fly and fish jump.

Ýöne himikatlar aşa köp ulanylansoň, toprak tapdan düşüpdi. Topragyň öňki ýagdaýy dikeldilýänçä, Preý Weng obasynyň ýaşaýjylary açlyk çeken-de bolsa, indi olaryň azygy bol. Olaryň satmaga şalysy az bolsa-da, iýmitleri dürli-dürlüdir. Obanyň Meas Ni diýen ýaşulularynyň biri: “Ekinlerimizi ata-babalarymyzyň usullary bilen ýetişdirýändigimiz üçin, ata-babalarymyz-da bagtyýar, meýdanlarymyz-da mes, biz-de has sagdyndyrys”. – diýip, belleýär.