Hesperian Health Guides
Bap 10: Tokaýlar
Tokaýlar iýmit, odun, gurluşyk materiallary, mallar üçin iým, derman we ýaşaýyş üçin möhüm bolan beýleki zatlar bilen üpjün edýärler. Daşky gurşawy sagdyn saklamakda baglaryň we tokaýlaryň orny uludyr. Olar howany we suwy arassa saklaýarlar, topragyň pytramasyna (eroziýasyna) we suw almalara ýol bermeýärler, ýeri baýlaşdyrýarlar, guşlara, haýwanlara, ösümliklere öý bolup hyzmat edýärler, kölege berýärler, daşky gurşawy bezeýärler.
Tokaýlaryň mundan beýläk-de daşky gurşawy sagdyn saklamagy we baýlyklary bermegi üçin, olar barada çynlakaý aladalanmaly, olary bolmalysy ýaly dolandyrmaly we ýerlikli peýdalanmaly.
Tokaý baýlyklary dürli senagat pudaklarynda, adamlaryň gündeki durmuşynda ulanylýar. Tokaýyň tutýan meýdany käte başga zatlara niýetlenilýär. Ine, şu sebäplere görä-de, ýer ýüzündäki tokaýlaryň çapylyp aýrylmagy täze tokaýlaryň ýetişmeginden has çalt amala aşýandyr. Tokaý çapýan agaç taýýarlaýyş kompaniýalar ýa-da gazylyp alynýan baýlyklary çykarýan senagat pudaklary mätäçlik çekýän adamlara girdeji çeşmelerini hödürleýärler.
Ýeri we baýlyklary ulanmak zerurlygynyň we gelejek üçin şol baýlyklaryň goralmagynyň arasyndaky deňagramlylygy tapmak örän wajypdyr. Tebigy baýlyklar çendenaşa köp ulanylanda, tebigata uly we uzak wagtlaýyn zyýan ýetirilýändir.
Tokaýyň baýlyklaryndan nesilme-nesil eklenip gelýän adamlaryň köpüsi baglaryň çendenaşa köp ulanylmagynyň ýa-da çapylmagynyň tokaýa uly zyýan ýetirýändigini bilýärler.
“Gök guşak” hereketi
Gündogar Afrikanyň Keniýa yurdundan Wangari Maataý atly aýal Keniýa dagynyň elmydama bulutlaryň aňyrsynda „utanyp, gizlenendigini“ ýatlaýar. Birwagtlar gür tokaýlyga bürenip oturan dag gerişlerinden derýalar akýardy. Şonuň üçin-de ýerli ilat bu dagy mukaddes hasaplaýardy. Indi bolsa Keniýa dagy gizlenenok: baglar çapyldy, dag gerişleri indi bulutlara gizlenmeýär. Tokaýlaryň çapylmagy, bulutlaryň syrylmagy derýalaryň gurap başlamagyna sebäp boldy. Wangari ulanansoň, tokaýlaryň çapylyp aýrylmagynyň adamlary garyplyga we guraklyga sezewar edendigine göz ýetirýär. Şonuň üçin Wangari bag ekip başlaýar.
Wangari ýaşaýan ýerleriniň daş-töwereginde bag ekmek üçin, aýallaryň toparyny döredýär.
Bu topar baglary hatarlaýyn ýa-da “guşaklaýyn” ekýändikleri üçin, olar “Gök guşak” hereketi diýlip atlandyryldy. “Gök guşak” hereketiniň aýallary tokaýlaryň çapylyp ýok edilmeginiň öz durmuşlarynda nähili yz galdyrandygyny beýleki adamlara düşündirip, olara-da bag ekmegi öwredip başlaýarlar. Olar daýhanlara miweli baglary getirip, topragyň pytramasynyň öňüni almak üçin olary depeleriň ýapgytlarynda ekdiler. Olar töweregi abadanlaşdyrmak, kölege we odun bilen üpjün etmek maksady bilen şäherlerde we obalarda bag ekdiler. Olar bag ekmekligiň köp meseleleri çözüp biljekdigini görkezdiler. Şeýle hem adamlaryň sagdyn tokaýlaryň wajyplygyna düşünmekleri üçin, “Gök guşak” hereketi bakjalary ekýärdi, ýagyş suwuny ýygnar ýaly uly bolmadyk bentleri gurýardy we bu herekete degişli okuwlary geçirýärdi.
“Gök guşak” hereketi daşky gurşaw baradaky jogapkärçiligi öz üstüne alyp, ähli keniýalylaryň abadanlygyny we daşky gurşawy goramaklyk işinde öz döwletleriniň goldawyna mätaçdiklerine düşündiler. Bag ekmeklik Keniýada demokratiýanyň we parahatçylygyň ugrundaky hereketiň görkezijisine öwrüldi. Dürli tire-taýpalaryň arasynda agzalalyklar dörände, “Gök guşak” hereketi olary ýaraşdyrmak üçin “parahatçylyk baglaryny” ekýärdi. Wangari öz ýurdunda bag ekýän gahryman aýala öwrüldi. Ýöne ol dürli kynçylyklara sezewar boldy. Şeýle mert aýal bilen ýaşaşyp bilmän, adamsy ony taşlap gitdi. Garyplary ýygnap birleşdirendligi üçin, hökümet ony tussag etdi. Emma onuň batyrlygynyň we müňlerçe keniýalylaryň işiniň netijesinde, “Gök guşak” hereketi millionlarça bag ekip bildi. 2004-nji ýylda Wangari Maataý dünýäde iň meşhur Nobel baýragyna eýe boldy. Bu baýrak oňa adam hukuklaryny we aýallaryň deňligini, demokratiýany öz içine alýan durnukly ösüş ýoly bilen parahatçylygy öňe sürendigi üçin gowşuryldy. Bularyň bary bolsa bag ekmekden başlanypdy.