Hesperian Health Guides
Tokaýlar we ýaşaýyş serişdeleri
Adamlaryň gündeki mätäçlikleri kanagatlandyrylanda, olar gelejek barada pikirlenmäge, daşky gurşaw barada alada etmäge has ukyply bolýarlar. Tokaýlarda ýaşaýan we olar barada alada edýän adamlar tebigata köp zyýan ýetirmezden tokaý baýlyklaryndan peýdalanmagyň birgiden usullarynyň bardygyny bilýärler. Köplenç tokaýlar senagat hajatlary we garyplyk zerarly çapylyp ýok edilýärler.
Tokaýsyzlandyrma garyplygyň sebäbine, garyplyk bolsa tokaýsyzlandyrmanyň sebäbine öwrülýär. |
Mazmuny
Oba hojalyk işlerini tokaýlarda alyp barmak
Köp ýerlerde daýhanlar ekin ekmek üçin tokaýdaky meýdanlary arassalap, onuň töweregindäki tokaýa degmeýärler. Haşal otlar ekinler bilen bäşleşip başlanýança, daýhanlar ol ýerde oba hojalyk işlerini dowam etdirýärler. Soňra olar täze meýdany arassalaýarlar. Öňki ekin ekilen ýerleri bolsa tokaýlyga öwrülip, toprak dikeldilýär. Şeýle usula sürmek üçin ýeri ot arkaly arassalanýan ekerançylyk ýa-da bir ýerden beýleki ýere geçirilýän ekerançylyk (ýa-da ekin dolanyşygy) usuly diýilýär.
Ekerançylygyň bu usuly müňlerçe ýyllaryň dowamynda ulanylypdyr. Ýöne ilatyň sany artyp, täze ýerler eýelenýär, oba hojalygy ýöretmek üçin tokaýlaryň sany azalýar. Şeýle hem oba hojalyk meýdanlarynda tokaýlaryň täzeden ösmegi üçin ýer azlyk edýär. Şoňa görä-de, indi ýokarda agzalan usul daýhanlar üçin-de, tokaýlar üçin-de durnuksyz usula öwrüldi. Tokaýlyk ýerlerininde oba hojalyk işleri bilen meşgullanýan ýerli ilat oba hojalyk işlerini ýöretmegiň durnukly usullaryndan peýdalansa, öz ýerlerinde uzak wagtlaýyn galyp, oňat netijeleri alar (15-nji baba ser.).
Tokaýlary we ýaşaýyş serişdelerini goramak
Hindistanyň Andra Pradiş tokaýlarynda oba adamlary ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin, tokaý meýdanlaryny arassalaýarlar. Emma ekin ýerleriniň hasylynyň az bolýan aýlary, adamlaryň köpüsiniň iýmitlenmesi tokaý ösümliklerine bagly bolýar. Ýaşaýjylaryň käbirleri odun satsalar, beýlekileri agaçdan dürli gurallary ýasap satýarlar. “Tokaý jemgyýetçilik guramasy” diýlip atlandyrylýan toparlar oba ýaşaýjylaryň tokaý serişdelerinden peýdalanmaklaryna rusgat berip, ony gözelçilikde saklaýarlar.
Tokaý guramalary tebigy serişdeleriň aşa köp ulanylandygy zerarly zyýan çeken ýerleri görenlerinde, baglaryň çapylmagyny azaltmak maksady bilen täze kadalary düzdüler. Ol kadalaryň örän berk bolany üçin, adamlaryň köpüsiniň eklenç ýagdýy kynlaşdy. Oduny we agaçdan ýasalan gurallary satyp, günlerini dolandyrýan adamlaryň indi girdejileri kemeldi. Uzak aýlaryň dowamynda iýmit ýetmezçiliginden bu maşgalalar kynçylyk çekmeli boldy.
Guramalaryň agzalary özleri hem şol jemgyýetçilik toparlardandy. Olar obada ýeke adamyň- da aç bolmazlygynyň, şonuň bilen birlikde tokaýlaryň hem goralmagynyň çözgüdini tapmak islediler. Köp sanly ýygnaklar geçirilenden soň, adamlar belli bir karara geldiler. Olar öňki kadalary üýtgetmegiň deregine, suw akymyny haýallatmak we topragyň pytramasyna ýol bermezlik üçin kese böwetleriň kömegi bilen ekin meýdanlaryny gowulandyrmak işine başlaýarlar. Bu çäreler öz gezeginde topragy baýlaşdyryp, ekinleri bolelin suw bilen üpjün etmelidi. Şunlukda, tokaýa howp salmazdan, hasyllylyk derejesini artdyrmak mümkin boldy.
Ekosyýahatçylyk
Ýerli tebigatyň gözelliklerini synlamak ýa-da ol ýerdäki ösümlikler we haýwanlar barada bilmek üçin gelen syýahatçylardan pul almak usulyna ekosyýahatçylyk diýilýär. Ekosyýahatçylyk boýunça taslamalaryň käbirleri adamlary diňe tebigatyň gözelliginden lezzet almaga çagyrýar. Beýlekiler bolsa ýerli ilat bilen ýaşap, daşky gurşawy goramak barada bilmäge çagyrýar. Taslamalaryň käbirleri syýahatçylary daşky gurşawy goramak boýunça taslamalaryň üstünde işjeň işlemäge çagyrýar.
Tokaýyň daş-töwereginde ýaşaýan adamlar üçin ekosyýahatçylyk gazanç etmegiň oňaýly usuly bolup durýar. Taslama girişmegiň we ony alyp barmagyň gymmat düşmegi mümkin. Şoňa görä-de, meýilnama düzülende, muňa oýlanyşykly çemeleşmeli. Syýahatçylara iýmit, oňaýly ýaşaýyş şertleri, ýaşar ýaly ýer, ýol görkezjek adamlar we medeni aýratynlyklara döz gelmek üçin sabyrlylyk hökmandyr. Olaryň heläkçilige uçramagy ýa-da lukmançylyk kömeginiň gerek bolmagy hem ähtimaldyr. Syýahatçylaryň ünsüni çekmek üçin, muny žurnallarda ýa-da internetde mahabatlandyrmaly, kitapçalary çap etmeli we mahabatlandyrmanyň beýleki usullaryndan peýdalanmaly.
Ekosyýahatçylyk taslamalardan geljek girdejileriň diňe daşary ýurtly agentliklere we telekeçilere ýa-da birnäçe maşgalalara peýda getirmän, ilata hem peýda getirer ýaly yhlasly dolandyrylmalydyr. Daşky gurşawa zyýan ýetirmez we ýerli ilata agram berilmez ýaly, ekosyýahatçylyk taslamalarynyň iň gowulary köplenç syýahatçylaryň sanyny çäklendirýärler.
Tokaýyň agaç materiallardan başga önümleri
Tokaý baýlyklary ýa-da önümleri diýlip onda bitýän we önýän tebigy baýlyklara aýdylýar. Tokaýyň agaç materiallardan başga önümleri diýlip aýdylanda, odundan başga ähli tokaý baýlyklary göz öňüne tutulýar. Tokaýyň agaç materiallardan başga önümlerine hozlar, ir-iýmişler, derman ösümlikleri we süýümler degişlidir. Tokaýyň agaç materiallardan başga önümlerinden peýdalanýan jemgyýetçilik toparlary ýaly, siz hem şu aşakdaky maslahatlara eýerip bilersiňiz:
- Önümleri kimiň ýygnap we satyp biljekdigini anyklaň. Olary durnukly usullar bilen has gowy ýygnamagyň kesgitli düzgünlerini düzüň. Tokaý önüminiň satuwy şowly bolsa, oňa çendenaşa köp ýygylmak howpy abanýar. Ösüp we köpelip biler ýaly, tokaý önümini çen bilen ýygnaň.
- Önümi satmak üçin, bazar tapmaly ýa-da bazary ösdürmeli. Önüm satylmasa ýa-da ondan peýdalanylmasa, ony ýygnamagyň hajaty ýok.
Tokaýdan derman ösümlikleriniň ýygnalmagy
Hindistandaky Bengal aýlagynyň golaýynda ýaşaýan adamlaryň köpüsi syrkawlanlarynda, tebiplere ýüz tutýarlar. Ol tebipler dermanlary tokaýdan ýygnalan ösümliklerden taýýarlaýarlar. Günleriň birinde Hökümete garaşsyz guramanyň (HGG) wekilleri oba geldiler. Olar adamlara pul gazanmaga kömek etmek maksady bilen, şol derman ösümlikleri ýygnap, şäherlerde satmagy teklip etdiler. Ýerli ilat olaryň teklibini kabul etdi. Şunlukda, bu gurama ýerli ilata tokaýa zyýan ýetirmezden, onuň önümini, ýagny derman ösümliklerini ýygnap, pul gazanmaga kömek etdi.
Obanyň ilaty pul gazanmagyň bu usulyna begenip, işe yhlas bilen ýapyşdy. Ýöne olar tebiplerden bu otlaryň haçan we haýsy mukdarda ýygnamalydygyny soramagy unudypdylar.
Obanyň ilaty pul gazanjak bolup, derman ösümliklerini ýygnan baglaryna zyýan ýetirdi. Köp kök ýygnamak üçin, agajyň töweregini gazmagyň deregine, adamlar bir agajy bütinleý çapyp aýyrýardylar. Gysga döwrüň içinde derman ösümlikleriniň köpüsi çapylyp aýryldy. Şonuň üçin, syrkawlan wagtlary oba adamlary dermanlary dermanhanalardan köp pul harçlap almaga mejbur boldular. Tebipler hem adamlary bejermek üçin gerek bolan dermanlaryndan mahrum edildiler. Netijede, öz geljeklerini goramaýan usul bilen derman ösümliklerini ýygnamak adamlaryň saglygyna we tokaýyň ýagdaýyna zyýan ýetirdi.