Hesperian Health Guides
Tokaý goraghanalary
Jemgyýetçilik toparlaryň käbirleri hökümet ýa-da beýleki ýerli guramalar bilen serişdelerden bilelikde peýdalanmak barada ylalaşyk düzüp, tokaý goraghanasyndaky serişdeleri ulanyp bilýärler. Bu “Bilelikde dolandyrmagyň meýilnamasy” diýip atlandyrylýar.
Bilelikde dolandyrmak hyzmatdaşlygy tokaýdan we onuň önümlerinden adaty we durnukly peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Tokaý goraghanalaryny dolandyrýan guramalar tokaýy goramagyň wajyplygyny öwredýärler.
Adamlara we baglara goldaw berýän tokaýçylyk
Amazonkanyň we Brazilýanyň jeňňelliklerinde agaç taýýarlaýjy kompaniýalaryň we tokaýy çapmakdan girdeji alýanlaryň, tokaýdaky oba hojalygynyň hasabyna ýaşaýanlaryň, kauçuk taýýarlap senetçilik önümlerini taýýarlaýanlaryň arasynda köp sanly dawa-jenjeller ýüze çykýardy. Jeňňeliň köp bölegi ýok edilenden soň, işgärler we ýerli halklar hökümeti rezerwatorlary (tokaýyň ýok edilmekden goralýan, ýöne çäklendirilen ulanyşa açyk bölegi) döretmäge yrdylar. Gynansak-da, köp ýyllaryň dowamynda tokaýda ýaşaýan adamlara rezerwatorlardan peýdalanmaga rugsat berilmedi. Olaryň uzak wagtlap göreşip goran tokaýlary indi olaryň ýaşaýyş serişdelerini goramaýardy.
Tapahas Jemgyýetçilik Tokaý Goraghanasyndaky adamlar adatça oba hojalyk işlerini, awçylygy we tokaý önümlerini ulanyp, sebet, kanoe we elde ýasalan beýleki zatlary taýýarlap, şolardan eklenýänler. Emma olara pul gazanmagy talap edýän dermanlar, gurallar, ýangyç, elektrik energiýasy we başga-da köp zatlar gerek bolýar. Az-kem maliýe goldawyň kömegi bilen olar agaç ussahanasyny açyp, ony “Kaboklo ussahanasy” diýip atlandyrýarlar. Olar diňe oba hojalyk üçin ýer arassalananda çapylan agaçlary ulanyp, tutuş Brazilýadaky dükanlarda we ýerli bazarlarda satmak üçin mebelleri taýýarlaýardylar.
Bu girdeji has köp pul gazanmak üçin agaçdan başga zatlary ýasamak barada pikirlendirdi. Emma ellerinde Ekologiýa Ministliginiň tassyklan “Durnukly dolandyryş meýilnamasy” we “Tokaýyň inwentarizasiýasy” bolmasa, ösüp duran baglaryň hiç haýsyny çapmaga rugsat berilmeýärdi.
Hökümetiň bu talaplaryny berjaý etmek üçin, olar tokaýda her ýylda näçe bag bardygy we täze baglaryň näçesiniň ýetişip gelýändigi barada maglumat ýygnamaly bolardylar.
Oba ýaşaýjylarynyň köpüsiniň okap we ýazyp bilmeýänlikleri sebäpli, hökümet olaryň bu işi başarjakdyklaryna ynanmaýardy. Emma obanyň ýaşaýjylary tokaý boýunça hakyky hünärmenlerdi. Olar ýyllarboýy alym-ekologlary tokaýa aýlap, olara ösümlikler we haýwanlar barada gürrüň berýärdiler. Indi alymlar olara her ýylda ösýän baglaryň sanyny we olaryň köpelişini ölçemek üçin ýönekeý guraly ulanmagy öwretdiler. Oba ýaşaýjylary öz ulanýan baglarynyň sanyny bir ýylda ýetişip biljek baglaryň sanyna çenli çäklendirip, gassaplar üçin et bölünýän stol, oturgyç ýaly uly bolmadyk gymmatly önümleri öndürmek boýunça meýilnamany düzdüler.
Daşky gurşaw ministrligi olaryň meýilnamasyny kabul edýär. Indi Kaboklo ussahanasy olara tokaýyň serişdelerine hyýanat etmän girdeji almaga mümkinçilik berýär. Kaboklo ussahanasynyň tokaý ýaşaýjylary alymlaryň, ykdysadyýetçileriň we ösüş işgärleriniň uzak wagtlap çözüp bilmedik meselesini çözdüler. Olar ýerli ilat üçin-de, tokaý üçin-de durnukly bolup biljek tokaý dolanyşygyny meýilnamasyny düzmegi başardylar.