Hesperian Health Guides

Tokaýlardan durnukly peýdalanmak

Bu bapda:

Tokaýlardan durnukly peýdalanmak gündeki zerurlyklary üpjün edýän, şol bir wagtyň özünde gelejek üçin tokaýlary goraýan usullar arkaly peýdalanmagy we alada etmegi aňladýar. Dürli ýerlerde durnukly usullar dürli-dürli bolýarlar. Jemgyýetçilik toparlaryň her biri özleri we tokaýlary üçin iň amatly usullary tapmalydyrlar.

Tokaýdan durnukly peýdalanmagyň meýilnamasyny düzmeklik adamlara tokaýy ulanmagyň iň gowy usullaryny tapmaga kömek eder. Meýilnama düzmeklik tokaýa senagat ýa-da hökümet howpuna garşy durmaga ýardam berer. Käte tokaý önümleriniň durnukly usul bilen alnandygyny görkezip bilseňiz, siz olary iň gowy bahadan satyp bilersiňiz. Tokaýdan durnukly peýdalanmak boýunça meýilnamanyň iň möhüm bölegi tokaýy goramak we ondan peýdalanmak üçin ýerli adamlaryň bile işlemegine kömek etmekden ybaratdyr. Tokaýy goramagyň we ondan peýdalanmagyň käbir usullary aşakdakylary öz içine alýar:

  • Şahalary selçeňletmek. Ösümlikleri we baglary selçeňletmek tokaýa günüň ýagtysyny has köp goýberýär we ösümlikler siziň isleýşiňiz ýaly ösýär.
A group of closely spaced trees with narrow trunks next to a group of widely spaced trees with thick trunks.
Selçeňletme beýleki baglaryň has erkin we sagdyn ösmegi üçin käbir baglaryň çapylyp aýrylmagyny aňladýar.
  • Tokaýy baýlaşdyrmak usuly köne baglaryň aşagynda ýa-da uly bolmadyk meýdançalarda bag nahallary tebigy usulda ösmese, getirilen nahallary ekýärler.
  • Çapyp aýyrmadan soň baglary ekmek usuly öň çapylyp aýrylan baglara derek täze baglaryň ösmegini üpjün edýär.
  • Gözegçilikli otlama usuly bagyň aşagynda ösýän gyrymsy baglary azaldýar. Bu usul topragy dökünleýär we baglara zyýan ýetirjek mör-möjekleri öldürýär. Gözegçilikli otlama usuly seresaply meýilnamalaşdyrmagy talap edýär, sebäbi ot gözegçilik astyndan aňsat çykyp bilýär.
  • Saýlap çapmak usuly topragy saklar ýaly we geljekde tohum berer ýaly, sagdyn köne baglaryň käbirini we ýaş baglary galdyryp, diňe belli-belli baglary çapmakdan ybaratdyr.
Illustration of the above: A landscape of tree stumps next to a landscape with some stumps and some mature trees.
Saýlap çapmaklyk käbir baglary gelejek üçin gorap saklaýar, tokaýlaryň mundan beýläk-de ösmegine mümkinçilik berýär.
  • Tokaý önümleriniň (odundan başgalarynyň) ýygnalmagy we satylmagy tokaý barada alada etmegiň-de, gazanç etmegiň-de amatly usulydyr.
  • Mallaryny tokaýdan daş ýerlerde bakmaklary üçin maldarlara we özlerine degişli ýerlerde baglary çapyp aýyrmazlyklary üçin daýhanlara pul tölemek tokaýyň sagdynlygyny saklap we dawa-jenjelleriň öňüni alyp biler.
  • Ýabany haýwanlar üçin geçer ýaly ýerleriň goralmagy (birleşdirilen tokaýyň ýa-da ýabany ýeriň bölekleri) şol ýerlerde ýabany haýwanlara ýaşamaga we ondan-oňa geçmäge mümkinçilik berýär.
  • Baglaryň köpüsiniň çapylyp aýrylan ýerlerinde ýa-da tokaýyň ýok bolup barýan ýerinde gök meýdanlaryň, kiçiräk bag meýdanlarynyň döredilmegi ilatly şäherleriň we şäherçeleriniň howasyny, topragyny, suwuny gowulandyrýan usuldyr.
  • Tokaýyň öz-özünden tebigy köpelmegine ýardam bermek. Köp sanly baglary çapylan meýdanlardan peýdalanmagy çäklendirmek arkaly tokaýyň tebigy ösmegine we dikeldilmegine ýardam berip bolýar.
  • Odunlary daşamak üçin haýwanlary ulanmak.
Illustration of the above: Oxen pull a log through a forest, next to a tractor pulling a log through the same forest.
Awtoulaglar bilen deňeşdirilende, haýwanlar tokaý topragyny basgylap, pes gatadýarlar.
  • Tokaýdan alyp gitmezden öň, çapylan baglaryň gabygy we şahalary kesilip aýrylsa, daşalanda olar beýleki ösümliklere az zyýan ýetirerler. Agajyň gabygynyň we şahalarynyň çüýremegi topragy mes edýär.
  • Ekosyýahatçylyk daşky gurşawa zyýan ýetirmän ýa-da baglary çapman, syýahatçylara tebigy gözellikleri görkezip, girdeji getirýär.
In a forest, people hunt, log, and gather plants and firewood.
Tokaýlardan şu gün peýdalanmak bilen birlikde ony gelejek üçin hem sagdyn saklamagyň köp usullary bardyr.


Hemmeleriň bilimlerini ulanmak, her bir adamyň mätäçliklerini göz öňünde tutmak

A man chops a tree with an axe.

Bu sapak tokaýyň töwereginde ýaşaýan adamlara tokaý serişdelerinden hemmelere peýda geler ýaly, olary nädip ulanmalydygyny öwrenmäge kömek eder. Sapaga 25 adam gatnaşyp biler (olary üç topara bölüň). Tokaýlary ulanmak barada kararlara dahylly adamlaryň ählisini bu işe gatnaşdyrmaly.
Wagty: 3 sagatdan 6 sagada çenli (ýa-da kararlaryňyz galan bolsa, bir sessiýadakydan artyk).
Materiallar: ruçkalar, galamlar, depder sahypalary, ýaşaýan ýeriňiziň kartasy çekilen 3 sany uly list we ýelimli lenta. Kartalar takmynan çekilen bolsa-da bolýar. Esasy zat- adamlar görkezmek isleýän zatlaryny tanasalar bolýar.

A child gathers sticks.
  1. Toparlaryň her birine bir karta beriň. Tokaýda näme işleýändikleriniň suratyny depder sahypalaryna çekmeklerini her bir adamdan haýyş ediň (odun çapmak, mal bakmak, miweleri we ösümlikleri ýygnamak, aw awlamak we ş.m.).
  2. Topardakylaryň hersi öz çeken zatlary we olaryň özleri üçin nämäni aňladýandyklary barada aýdýarlar. Soňra 1-2 adam tokaýyň niresinden we nädip peýdalanýandygyny görkezmek üçin, suratlary uly kartada çekýärler. Kartalarynyň nämäni görkezýändigini ara alyp maslahatlaşmak üçin, toparlaryň hemmesini bilelikde ýygnaň.
  3. A woman gathers fruit in a basket.
  4. Tokaýyň käbir ýerleri beýlekilere görä köpräk ulanylýarmy? Erkekler, aýallar, çagalar we gartaşan adamlar tokaýdan nähili peýdalanýarlar? Tokaýy ulanmak usullarynda oslanylmadyk zatlar ýüze çykdymy?
  5. Kömekçi tokaýyň sagdynlygy barada ara alyp maslahatlaşmak üçin şeýle soraglary berip biler:
    • Tokaý häzirem öňküleri ýaly baýlyklary berýärmi?
    • Şu wagt guşlaryň we ösümlikleriň sany öňküden azaldymy?
    • Ähli baglary çapylyp aýrylan meýdanlar barmy?
    • Ol ýerde häzirki wagtda nämeler bolup geçýär?
    Trash discarded in a forest.
  6. Goý, her topardan 1-2 adam öz ýerli kartalarynda dürli reňkleri we nyşanlary ulanyp, sagdyn tokaýly ýerleri, tokaýlaryň ýaramazlaşan ýa-da ýitip giden ýerlerini bellesinler.
  7. Tokaýyň dürli ýerleri barada pikirleniň, adamlaryň nähili üýtgeşmeleri göresleri gelýändigini ara alyp maslahatlaşyň, olary karta ýazyň ýa-da suratyny çekiň. Indiki sahypada ara alyp maslahatlaşmagy geçirmäge kömek berjek birnäçe soraglar hödürlenilýär.
    A goat eating a plant.


Tokaýy dolandyrmagyň meýilnamasyny düzmek

Sahypada beýan edilen sapagy geçirip bolanyňyzdan soň, şu soraglara jogap berip, pikir alşyň:

  • Tokaý bize nähili baýlyklary berýär? Baglaryň, ösümlikleriň we haýwanlaryň haýsylary ulanylýar? Şol baýlyklaryň ýitip giden ýa-da azalan ýerleri barmy?
  • Biz tokaýy nädip goraýarys? Ýerli ilat tokaýlaryň sagdynlygyny üpjün etmek üçin baglary ekýärmi? Belli-belli ýerlerini goraýarmy ýa-da başga usullardan peýdalanýarmy?
  • Tokaýyň käbir ýerlerini ulanylmakdan goramalymy? Şeýle çäre tokaýyň bu ýerlerini ulanýan adamlara nähili täsir eder?
  • Tokaýyň beýleki ýerlerinde durnukly usullar ulanylmalymy? Ýerli ilatyň tokaýy dolandyrmaga üýtgeşmeleri girizmäge kömek edip biljek nähili bilimleri bar?
  • Tokaýy dolandyrmagy durnukly we şowly etmek üçin nähili başarnyklar gerek? Şol başarnyklar bizde bolmasa, biz olary nädip öwrenip bileris? Biz goňşy obalaryň adamlaryna bil baglap bilerismi? Bize bilimleri we başarnyklary özleşdirmäge kömek etjek toparlar bilen kuwwatly birleşmeleri nädip döredip bileris?
  • Jemgyýetçilik toparymyz tokaý taslamalaryna gözegçiligi nädip saklap biler? Öz islegleri barada hünärmen däl adamlara aýgytly we dürs habarlary iberýän gowy gurnalan toparlar adatça tokaýy dolandyrmak boýunça durnukly taslamalardan has köp peýda getirýär.
  • Önümleri bazara nädip ýetirmeli? Önümleri milli we daşary ýurt bazarlaryna ýetirmek köplenç önümleriň ýerli bazarda satmakdan gymmat düşýär. Ýerli nyrhlar pes, emma satuw nyrhy ondan hem pes.
  • Biziň tokaý taslamalarymyzyň bahasy näçe bolar? Öz tokaý önümleriňizi bahasynyň adalatlydygy barada pikirlenýän bolsaňyz, ikitaraplaýyn bähbide esaslanan söwda guramalary bilen habarlaşyň.
  • Täze meýilnama nähili üýtgeşmeleri girizer? Dolandyrmagyň täze meýilnamasy käbir adamlaryň tokaýy ulanmak ukybyny çäklendirermi? Jemgyýetçilik topary munuň öwezini nähili dolar?
2 people speak while looking at a chart.
Biz bu ýyl köp bag çapsak, geljek ýyl derman baglarymyz bolmaz.
Ýagyn döwrüni sagaman geçirer ýaly, odunlyk baglarymyzy hem goramalydyrys.

Tokaýy goramakdaky hyzmatdaşlyk

Tokaýdan peýdalanýan toparlaryň köpüsi bilen hyzmatdaşlyk etmek her bir adamyň zerurlyklaryna laýyk usullar bilen tokaýdan peýdalanmagy kepillendirýär. Beýleki ýerlerdäki adamlar bilen hyzmatdaşlyk etmeklik hem siziň hukuklaryňyzy goramaga ýardam berer.

Jeňňelleri goramak üçin bile işlemek

Amazanga halky häzirki ýerlerinde hemişe ýaşamaýardy. Nebitiň dökülip ýaýramagy Keçua taýpasynyň agzalaryny öz adaty ýerlerinden Amazonka göçmäge mejbur edýär. Günleriň birinde olaryň täze jaýlaryna we ýerlerine oba hojalygyny giň gerimde ýöretmeklik we tokaýsyzlandyrma howpy abandy. Şonda obanyň ilaty özleri üçin adaty bolan usullary: aw awlamagy, balykçylygy, iýmit we derman üçin ösümlikleri ýygnamagy ýer dolandyryşyny goramagyň iň oňat usuly diýip hasapladylar.


Ýöne bu usul olaryň özlerinde bar bolan ýerden has köp ýer talap edýärdi. Amazangalar öz ata-babalary ýaly ýaşamak üçin ýer bermeklerini hökümetden talap etdiler. Olar: “Biz el ýaly bir bölek ýeri bir bölek çörek ýaly edip ýaşap bilmeris”, - diýdiler. “Biz tokaýyň hasabyna mynasyp ýaşamak we ýer barada aýdýarys”. Hökümet olaryň talabyna üns bermedi.


Şonda olar öz taýpa ýerlerini yzyna satyn almaga kömek etmeklerini sorap, halkara ekologik guramalaryna ýüz tutdular. Tokaýdan peýdalanmagyň adaty usullaryny görkezýän suratlary we wideoýazgylary taýýarlap, öz watandaşlaryna görkezmekleri üçin oba ýaşaýjylary halkara hyzmatdaşlaryny kömege çagyrdylar. Birnäçe ýyldan soň 2000 gektara golaý tokaý ýerlerini yzyna satyn almak üçin ýeterlik pul jemlediler.


Emma şeýle köp uly ýerleriň satyn alynmagy golaýda ýaşaýan Şuar taýpasynda şübhe döretdi. Şuar taýpasy hem bu ýere eýeçilik edýändiklerini aýdansoň, amazonglar öz goýberen ýalňyşlaryna düşündiler. Olar halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etseler-de, goňşulary bilen ylalaşygy yola goýmandyrlar! Şuarlar bolan ýagdaýa gaty gaharlandylar! Olar hatda uruşmaga-da taýýardylar. Köp sanly ýygnaklary geçirip, amazangalar we şuarlar tokaýy umumy düzgünler boýunça paýlaşmak barada ylalaşyga geldiler. Keçualaryň we şuarlaryň tokaýdan gowy peýdalanmak barada düşünjeleri birmeňzeş bolansoň, olara meseläni hemmeler üçin bähbitli çözmegi başartdy.


Olar ýerlerini tokaý goraghanalaryna öwürdiler we ýol gurmagy, bag çapmagy gadagan edýän tokaý dolanyşygynyň meýilnamasyna razylyk berdiler. Bu ýer “Ýerli amazonka taýpalarynyň ählisiniň mirasy” diýip yglan edilip, geljek nesiller üçin goraldy. ähli ýerlerden gelýänlere ýüzlenip, amazangalar tokaýy gorajakdyklaryna, öz medeniýetlerini saklajakdyklaryna we beýlekilere öz hususy tokaý öýlerini goramaga kömek etjekdiklerine wada berdiler.