Hesperian Health Guides
Tokaý dawa-jenjelleri
Sosiodramalar
Jedeller we olaryň sebäpleri barada pikirlenmäge ýardam berýän sahnajyklara sosiodrama diýilýär. Mundan başga-da sosiodramalar adamlara hereket etmegi we üýtgeşiklikleri öwrenmäge ýardam berip biler. (Sosiodramalar we rol oýunlary barada has giňişleýin maglumatlar üçin 17-nji sah. ser. Şeýle hem Hesperian fondunyň Helping Health Workers Learn (“Saglygy goraýyş işgärleri üçin gollanma”) atly kitabyna serediň).
- 5-7 adamdan ybarat toparlara bölüniň. Her topara tokaý serişdeleriniň üstünde dawany döredip biljek ýagdaýy gysgaça gürrüň beriň. Adamlaryň ynanaýjak ýagdaýlaryny oýlap tapyň. Ýöne ýerli ilaty utandyrmaz we gahalaryny getirmez ýaly, ýerli ýagdaýlardan gaça duruň. Ýerine ýetirýän rollaryny görkezmek üçin oýna gatnaşýanlar sahna bezeglerini we ýönekeý egin-eşikleri ulansalar, sahnajyklar has çynlakaý bolup görner.
- Her topardan 15-20 minudyň dowamynda 5 minutlyk sosiodramany taýýarlamaklaryny haýyş ediň. Her bir adamyň sahnajyga gatnaşmagyny gazanyň. Her topar öz sahnajygyny beýleki gatnaşyjylara görkezýär. Görkezilen sosiodramanyň her birinden soň, ol barada pikir alşyň. Bu ýerli ilatyň arasyndaky dawalarynyň çözgüdini tapmaga kömek edýär. ähli toparlar öz çykyşlaryny görkezip bolanlaryndan soň, olaryň ählisi barada pikir alşyp bolar.
- Siz näme duýduňyz? Her çykyşdan soň we ara alyp maslahatlaşmakdan öň oňa gatnaşyjylardan öz rollaryny oýnamagyň nähili düşendigini soraň. Tomaşaçylardan sosiodrama görkezilip duran wagty özlerini nähili duýandyklary we oýunçylaryň dawa barada nähili pikir etdirendikleri barada soraň?
Kömekçiler adamlaryň asasyndaky dawalardan habarly bolmaly we toparyň dürli agzalarynyň ara alyp maslahatlaşmagy nähili kabul etjekdiklerini bilmeli. Sosiodramalar görkezilende, adamlaryň gorkman gürlemekleri üçin howpsuz we açyk şertleri döretmäge çalşyň.
Tokaý jedelleri baradaky sosiodramalary döretmek üçin, aşakda berlen wakalardan birini saýlap alyň. Ýa-da öz ýaşaýan çäkleriňizde bolan waka esaslanan sosiodramalary dörediň.
1-nji ýagdaý: Gahrymanlar: adam; derman ösümlikleri ýygnaýjylar; jemgyýetçilik toparynyň ýygnagynyň agzalary.
Uzak ýerlerde birnäçe ýyl ýaşan adam 10 sany maly bilen oba dolanyp gelýär. Bu adam öz mallaryny obanyň tokaýlyk ýerinde bakmaga başlaýar. Obanyň beýleki ýaşaýjylary tokaýa dermanlyk ösümlikleri we gamyş ýygmaga baranlarynda, mallaryň köp ot iýendigi sebäpli, özlerine has az galandygyny görýärler. Olar bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnak geçirýärler. Maldar öz mallarynyň näçe ot iýýändigine garamazdan, olary bakmaga hukugynyň bardygyny nygtaýar. Soňra näme bolar?2-nji ýagdaý: Gahrymanlar: baglary çapyp aýyrýan ýaş oglanlar; hökümet gullukçylary; odun ýygnaýan aýallar.
Birnäçe ýaş oglanlar obanyň töwereginde ösýän baglary rugsatsyz çapyp aýyrýarlar we agaç materiallary ýük maşynlarynda alyp gidýän hökümet gullukçylaryna satýarlar. Bir aýal hemişe odun ýygnaýan ýerine gelýär we baglary çapýan ýaş oglanlary görýär. Olaryň biri öz ogly. Ertesi gün aýallar oglanlara bag çapmaklaryny bes etmeklerini aýtmak üçin tokaýa barýarlar. Birinji baran aýalyň ogly öz kiçijik gyzyna, ýagny şol aýalyň agtygyna, agaç satan pulundan derman almalydygyny aýdýar. Soňra näme bolýar?3-nji ýagdaý: Gahrymanlar: obanyň öküzleri we eli paltaly agzalary; benzobyçgyly we ýük maşynly hökümet gullukçylary; oba geňeşiniň wekilleri.
Adamlar baglary öň palta bilen çapýardylar. Soňra olary tokaýdan öküzlere ýükläp çykýardylar. Indi bolsa hökümet adamlary benzobyçgylar we ýük maşynlar bilen gelip, tokaýyň döwlet eýeçiligindedigini aýdyp, baglary ýok edýärler. Günleriň bir güni hökümet wekilleri buldozerli we agyr enjamlary alyp gelýärler. Olar iň uly baglary tokaýdan alyp çykmak üçin ýol gurmak isleýärler. Olara garşylyk görkezmek maksady bilen obanyň erkekleriniň köpüsi tokaýa gidýär. Soňra näme bolýar? - Sosiodramanyň her birini ara alyp maslahatlaşyň.
Sahna bezeglerini we sahna eşiklerini otagyň ortasyna üýşürmeklerini we toparlara dolanmaklaryny oýunçylardan haýyş ediň. Soňra ähli topara şu aşakdylary beýan etmäge ýardam berjek soraglary beriň:- Sosiodramada näme bolup geçendigi barada gürrüň bermek.
- Dawa-jenjelleriň ýüze çykmagyna sebäp bolan hereketleri kesgitlemek.
- Dawa-jenjelleriň esasynda ýatan dürli zerurlyklary kesgitlemek.
- Dawa-jenjelleri çözmegiň uzak möhletleýin ýollaryny hödürlemek.
Sorag: Dawa-jenjel nämeden döredi? | Jogap: Bir adamyň mal saklasy geldi, ýöne mallar tokaýa zyýan ýetirdiler. |
Sorag: Näme üçin mal saklaýan adam özüniň tokaýda mal bakmaga hukugy bar diýip hasaplaýar? | Jogap: Tokaýdan kim we näme maksatlar üçin peýdalanmalydygy barada ylalaşyk ýokdy. |
Sorag: Tokaýyň zaýalanmagy obanyň ilatyna nähili täsir etdi? | Jogap: Derman ösümlikleri we gamyş ýok edildi. |
Sorag: Dawa-jenjeliň döremegine nähili zerurlyklar sebäp bolýar? | Jogap: Tokaý önümlerine we mal bakmaga bolan zerurlyk. |
Sorag: Iki zerurlyga hem çözgüt bermeginiň usuly barmy? |
Jogap: Mallary oba ilatyna gerek bolan ösümlikleriň ýok ýerlerinde bakmak bolardy.
Jogap: Maldar haýat galdyryp bilerdi.
Jogap: Maldar tokaý önümlerini ýygnamaga öz hukugyny mal bakmak hukugyna çalşyp biler. Soňra gerek bolan wagty, ony tokaý önümlerine çalşyp biler. |
Ara alyp maslahatlaşmada köp agzalalyklar ýüze çyksa, oňa gatnaşyjylaryň ählisini ýaraşdyrjak bolmaly. Bile aýdym aýtmak ýa-da bir iş bilen bilelikde meşgullanmak adamlaryň iň gowy täsirler bilen gaýtmagyna ýardam berer. |