Hesperian Health Guides

Öwretmek we mobilizlemek üçin geçirilýän çäreler

Bu bapda:

Toparyň geçirýän çäreleri adamlara saglyk meselesiniň düýp sebäplerine düşünmäge we özgerişlikleri meýilleşdirmäge ýardam berýär. Geçirilýän çäreler toparyň maksatlaryna, çözjek bolýan meseleleriniň aýratynlyklaryna, elýeter çeşmelerine bagly bolýandyr. Topar şeýle çäreleri geçirip biler:

  • umumy meseleleri ýüze çykarmak üçin, adamlary ýygnamak;
  • adamlaryň duýgularyny we mätäçliklerini bilmek;
  • saglyk kynçylyklarynyň döremeginiň sebäpleri barada maglumat toplamak;
  • olaryň gönüden-göni we düýp sebäplerini anyklamak üçin saglyk kynçylyklaryny derňemek;
  • jemgyýet toparyndaky nukdaýnazarlaryň ählisini bilmek. Sebäbi haýsydyr bir toparyň nukdaýnazary ýa-da pikiri hasaba alynmasa, taslama şowsuzlyga uçrar. Adamlar öz pikirleriniň inkär edilen ýagdaýlarynda kömek edesleri-de gelmez.


Ekologik saglyk jemgýet tarapyndan seredilýän meseledir. Ol ýagdaýyň gowulandyrylmagy üçin, adamlaryň biri-biri bilen arkalaşykly işlemegini talap edýär. Bu mesele islendik bolup biler, mysal üçin: köpçülikleýin ýaýraýan keselleriň öňüni almak, jemgyýetçilik baglaryny oturtmak, fabrikleriň ýanynda ýaşaýan ýa-da çölde işleýän adamlaryň saglygyny gowulandyrmak, olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek we ş.m. Emma her nähili mesele bolsa-da, ony üstünlikli çözmek üçin, adamlaryň şol mesele babatda umumy düşünjeleri we wezipeleri bolmalydyr.

Aýallar hem öz pikirlerini mälim edesi gelýändir

Jemgyýetleriň käbirinde aýal-gyzlar orta çykyp gürlemäge utanýarlar. Şonuň üçin-de, aýalgyzlaryň toparyny döredip, olaryň saglyk meseleleri babatdaky işjeňligini artdyryp bolýar. Aýal-gyzlar öz toparlarynda pikir alşyp, soňra ony tutuş jemgyýet bilen paýlaşyp bilýär. Aýal-gyzlaryň pikirlerini bilmeklik olarda liderlik häsiýetlerini terbiýeläp, tutuş jemgyýeti güýçlendirýändir.

 illustration of the below: 5 women gather for a group discussion next to a sign reading, "Toilets too far from my house. Safer to go in the bush. No way to wash."
Hajathanalar çagalar üçin howpsuz hem däl.
Wah, aýbaşy wagtynda hajathanalardan peýdalanmakda gadagan-a!
Eger-de siz meseläni çözmek isleýän bolsaňyz, şol meseläniň galtaşýan adamlary bilen işläň.

Gönükdiriji söhbetdeşlikler

Adamlar saglyk kynçylyklary barada umumy maglumatlary bilmek üçin, biri-birleri bilen söhbetdeş bolmalydyrlar. Gönükdiriji söhbetdeşlik – bu birek-biregiň pikirini bilmek, kynçylyklary çözmegiň ýollaryny tapmak üçin amatly usullaryň biridir. Bu usulda haýsydyr bir sorag orta atylýar, topar agzalary bolsa oňa jogap hökmünde öz pikirlerini mälim edýärler. “Eýsem näme üçin şeýle bolduka?” diýen sorag-jogap söhbetdeşligi şeýle usullaryň biri hökmünde mysal getirip bolar. Maslahatlaşmak üçin surat çekmek, ýerli çägiň kartasyny düzmek hem gönükdiriji söhbetdeşligiň görnüşleridir. ("Meseläniň ilkinji sebäpleriniň ýüze çykarylmagy", "Ilkinji sebäplere düşünmek üçin geçirilýän işler","Betbagtlyk näme üçin ýüze çykdy?", "Timoti näme üçin öldükä?", "Sengunyň aradan çykmagyna näme sebäp boldy?", "Söhbetdeşlik üçin surat: Zäherli himikatlar suwa nähili aralaşýarlar?", "Ara alyp maslahatlaşmak üçin, “Pestisidler bedene nähili düşýärler?” diýen mowzukda surat çekmek" we "Bedeniň şekilini çyzmak" ser.)

Söhbetdeşligi alyp barýan adamy köplenç araçy ýa-da suratkeş diýip atlandyrýarlar. Şu kitapda şeýle araçynyň gönükdiriji söhbetdeşligi nähili alyp barmalydygynyň mysallary berilýär. Araçy söhbetdeşlige gatnaşýan her adamyň pikirini mälim etmegine ýardam berip, her kimiň öz başarnyklaryna laýyklykda hereket etmegini gazanmalydyr. Araçy söbetdeşlige gatnaşýanlaryň diňe söhbet etmek bilen çäklenmän, degişli çärelere işjeň gatnaşýandyklaryna-da göz ýetirmelidir.

Ilatyň ýaşaýan çäkleriniň kartasyny düzmek

 A group of men and women bend over to make a map.
Kartany kagyzyň ýüzünde ruçka ýa-da reňk bilen çyzyp bolýar. Eger kagyz bolmasa, ýerde daş, çöp we ş.m. elýeter zatlar bilen çyzmak bolýar.

Adamlar özleriniň görýän we bilýän maglumatlaryna esaslanyp, ýaşaýan çäkleriniň kartasyny düzüp bilýärler. Şeýle kartany düzseňiz, şu aşakdaky maglumatlary ýüze çykaryp bilersiňiz:

  • Saglyk babatda haýsy kynçylyklar bar?
  • Bu kynçylyklar kimi biynjylyk edýär?
  • Bu kynçylyklar daşky gurşawyň şertlerine baglymy?


Şeýle kartalary düzmek örän peýdalydyr. Olar adamlara saglyk kynçylyklaryny, olaryň düýp sebäbini ýüze çykarmaga kömek berýär. Bu kartalar wagtyň geçmegi bilen obada (şäherde) bolan özgerişlikleri görkezýär. Olar adamlara özleriniň esasy resurslaryny we başarnyklaryny bilmäge kömek edýär. Şeýle kartlaryň düzülmegi adamlaryň ýaşaýan ýerindäki adaty we keramatly ýerleri goramakda hem peýdalydyr. ("Adamlaryň suw alýan ýerlerine baryp görüň", Suw toplaýjy çäkleri we Lukmançylyk galyndylaryna ser.)

Oba (şäher) ilatynyň zerurlyklaryny anyklamak

Adamlar öz kynçylyklary we olary çözmegiň usullary babatda köplenç dürli pikirde bolýarlar. Adamlara öz toparlaryndaky kynçylyklarynyň möçberini, olaryň düýp sebäplerini, haýsy çäreleriň gysga wagtlaýyn, haýsy çäreleriň uzak wagtlaýyndygyny anyklamaga kömek edýän usula “zerurlyklara baha bermeklik” diýilýär.

Zerurlyklara baha bermek usuly her adamyň mätäçliklerini kesgitlemäge, meýilnamalar düzülende olaryň baryny göz öňünde tutmaga kömek edýär. ("2 tegelek", "Aýallaryň hajathanalar babatdaky kynçylyklaryny çözmek" we "10 tohum" ser.)

Men, women and children walk together through a village of thatched huts.

Saglyk gezelençleri

Obanyň (şäheriň) saglyk babatdaky kynçylyklaryny ýüze çykarmak üçin, saglyk gezelençleri gurnalmalydyr. Şeýle gezelençleriň dowamynda adamlar öz ýaşaýan çäklerindäki zatlara üns berip, haýsy ýagdaýlaryň saglyk kynçylygyny döredýändigini özleri görer. Belki, olaryň çägindäki howply suw gözbaşy ýa odunlaryň ýetmezçiligi bardyr. Belki, şol ýerde işleýän kärhanalar daşky gurşawy hapalaýandyr. Adamlar şeýle gezelençleri bile edenlerinde, gören we bilen zatlarynyň saglyga edýän täsiri barada pikir alyşýarlar. Soňra olar ýüze çykan saglyk kynçylygyny aradan aýyrmagyň ýollaryny bile agtarýarlar. Şeýle gezelençlere näçe köp adam gatnaşsa, şonça-da gowy. (Zir-zibiller meselesini çözmek üçin gurnalýan köpçülikleýin gezelençler we "Saglyk öýüne aýlanyp, meseleleri ýüze çykaryň" ser.)

Wagtyň geçmegi bilen bolan özgerişlikler

Adamlaryň kynçylyklaryna we zerurlyklaryna düşünmegiň ýene bir ýoly – häzirki şertleri öňki şertler bilen deňeşdirmekdir. Bu deňeşdirme arkaly gelejegi meýilleşdirip bolýar. Adamlaryň ozal nähili şertlerde ýaşandyklaryny bilmek üçin, ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, taryhy maglumatlary toplaň.

Bu işe ýaşlary höweslendiriň. Şeýle edilende, ýaşlaryň ýaşululara bolan hormatyny has-da artydyryp, jemgyýetdäki däp-dessurlaryň saklanylmagyna ýardam berersiňiz.

Oba (şäher) ilatyna wagt aralygynyň diagrammasyny düzüp beriň. Şeýle diagrammalar nesildennesle bolup geçýän özgerişliklere düşünmäge, jemgyýetiň taryhyndaky möhüm wakalary (mysal üçin, garaýoluň çekilmegi, fabrikleriň açylmagy, suw bentleriniň gurulmagy we beýlekiler) öwrenmäge kömek eder. Bolan özgerişlikleri ýüze çykarmagyň ýene bir usuly – ekologik özgerişlikleriň kartasyny düzmek. Bu kartada meýdanlarda, ekin meýdanlarynda, tokaýlarda, ilatly ýerlerde, derýalarda, köllerde bolan özgerişlikleri görkezip, olar barada pikir alşyp bolýar. ("Suw toplaýjy çäkleriniň taslamasyny meýilnamalaşdyrma" ser.)

Surat çekmeklik

Men and women make drawings. Käwagt biz haýsydyr bir meseläniň käbir taraplaryny görüp bilmeýäris. Surat çekip, ony synlamak gözden sypan şeýle taraplary aýyl-saýyl görkezýär. Suratlar arkaly çözülmeli mesele boýunça söhbetdeşlik gurap bolýar. Şeýle söhbetdeşlige sowatsyz, ýagny ýazyp we okap bilmeýän adamlar hem gatnaşyp, öz pikirlerini aýdyp bilýärler. Şoňa görä-de, suratlar arkaly gurnalýan söhbetdeşlige hemmeler gatnaşyp, mesele has çalt we netijeli çözülýär. ("Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?" we "Pestisidler baradaky çözgütleriň suratyny çekmek" ser.)

Käbir adamlar toparlara birigip, suratlary diwarlara çekýärler. Olar suratlarynda özlerini tolgundyrýan meseleleri we gelejege bolan umytlaryny beýan edýärler.

Jemgyýetçilik synlaryny geçirmek (sorag-jogap geçirmek)

Jemgyýetçilik synlary – maglumat ýygnamagyň bir usuly. Olaryň netijesinde ýygnalan maglumatlar adamlaryň saglyk babatdaky kynçylyklaryny, pikirlerini, bilmäge ýardam edýär. Şeýle-de olar jemgyýetdäki dürli maksatnamalara ýa-da geçirilýän çärelere baha bermäge mümkinçilik döredýärler.

A female survey worker visits at the doorway of a home and listens to a woman as two other women watch.

Jemgyýetçilik synlary geçirilende, hemmelere şol bir usulda şol bir soraglar berilmelidir. Synlar öýlerde, iş ýerlerinde, mekdeplerde, metjitlerde, köpçüligiň üýşen ýerlerinde, telefon we poçta üsti bilen geçirilip bilinýär.

Jemgyýetçilik synlary hemmelere öz şahsy pikirlerini ikiçäklikde mälim etmäge mümkinçilik döredýär. Olar köpçüligiň öňünde gürlemäge utanýan ýa-da haýsydyr bir sebäbe görä söhbetdeşliklere gatnaşyp bilmeýän adamlaryň pikirini bilmäge kömek edýär. ("Nebit senagatyndan ejir çekýän ilat saglyk ýagdaýyny öwrenýär" ser.)

Teatr

Teatr usuly adamlara öz jemgyýetlerindäki meseleleri sahnajyklar arkaly mälim edip, olaryň çözgütlerini agtarmaga kömek edýär. Sahnalara gatnaşýan adamlar öz durmuşyndan mysallar getirip, beýlekiler bilen öz tejribelerini paýlaşyp bilýärler. Adamlar sahnada oýunlar arkaly beýan edilýän meselelere has oňat düşünip, çözgütlerini aňsat tapyp bilýärler. (Teatrlardan peýdalanmagyň ugurlary barada indiki sahypa seret).

Durmuşy sahnalar

Durmuşy sahnalar adamlara jemgyýetdäki meseleleri we olaryň sebäplerini sahnalar arkaly açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Durmuşy sahnalar usulyndan peýdalanmagyň mysaly Sosiodramalar sahypalarda tokaý baýlyklary babatdaky çekeleşikli gürrüňde beýan edilýär.

Kesgitli çözgütleri talap edýän meseleler barka, islendik wakany durmuşy sahna öwürmek bolar.
illustration of the above: People watch as 2 men and a woman act out a drama.

Durmuşy sahnalar joşgun döredip bilýär. Adamlaryň käbirleri sahnalardan soň bilelikde aýdym aýtmagy, hyzmatdaşlygyň beýleki usullaryny ulanmagy halaýarlar.

Gepleşik teatry – bu durmuşy sahnalaryň bir görnüşi bolup, oňa gatnaşýanlar özara pikir alyşýarlar. Şeýle teatrlarda islendik tomaşaçy sahnany togtadyp, sahnadaky adamyň ornuna geçip, mesele babatdaky öz çözgüdini teklip edip bilýär. Gepleşik teatry adamlara erk-ygtyýary bolmadyk gahrymanlaryň rollaryny gezek-gezegine ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär.

Rollar boýunça oýnalýan sahnajyklar

Rollar boýunça oýnalýan sahnajyklar durmuşy sahnalardaky ýaly uly taýýarlygy talap etmeýär. Olar dürli nukdaýnazarlary, meseläniň dürli çözgütlerini beýan edýärler. Adamlar özleriniň edip biläýjek zatlaryny görkezmek üçin gündeki durmuşlaryndan sahnajyklary oýnaýarlar. Siz adamlaryň näme üçin şeýle hereket edýändiklerine düşünmek üçin, sahnajyklary öňünden taýýarlap bilersiňiz.

Ygtyýarly adamlaryň hereketleri hakyky durmuşda juda kynlyk bilen özgerse-de, olary sahnada aňsatlyk bilen özgerdip bolýar. Biziň üstümizden höküm sürýän adamlara hakyky durmuşda jogap bermegiň dürli ýollaryny öwrenmekde rollar boýunça oýnalýan sahnalar adamlar üçin gaty peýdalydyr.

A child behind a table on its side performs a puppet show for 2 other children.

Gurjak sahnalary

Gurjak sahnalarynda jemgyýetdäki agzalalyklary beýan edip bolar. Bu sahnalara gurjaklar gatnaşýar. Olar adamlary güldürip, durmuşdaky wakalary hemmetaraplaýyn açyp görkezýärler. Käbir adamlar sahnada oýun görkezilenden, gurjak sahnalaryna tomaşa edenlerini has oňat görýärler.