Hesperian Health Guides
Hereket etmek boýunça gollanma
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 2: Jemgyýet saglygynyň ähmiýetine düşünip, degişli çäreleri geçirmek > Hereket etmek boýunça gollanma
Şu kitabyň baplarynda ekologiýanyň saglyga ýetirýän täsirleri beýan edilýär. Şonuň üçin-de, teklip edilýän işleriň mysallary bu täsirleriň aýratynlyklaryny öwrenmäge kömek edýär. Mundan başga-da, olar size öňe gitmegä ýardam berer. Olar:
- Meseläni ýüze çykarmaga ýa-da belli bir mowzuk boýunça söhbetdeşlik guramaga kömek edýär. (“Söhbetdeşlik üçin surat: Zäherli himikatlar suwa nähili aralaşýarlar?”, “Dury suwuň hem hapa bolmagy ahmal,” “2 tegelek,” “Pestisidler baradaky çözgütleriň suratyny çekmek”, we ““Ýylanlar we basgançaklar” oýny.” ser.)
- Adamlara meseläniň çözgüdini tapmaga ýa-da dürli çözgütleriň arasyndan iň ýaramlysyny saýlap almaga kömek edýär. (“Dogry hajathanany saýlamak” we “Hemmeleriň bilimlerini ulanmak, her bir adamyň mätäçliklerini göz öňünde tutmak” ser.).
- Maglumatlary toplamaga, bilim babatda pikir alyşmaga, biziň daşky gurşawa we özümize bolan garaýşymyzy üýtgetmäge kömek edýär. (“Içgeçme keselleri nähili ýaýraýar?,” “Içgeçme keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak,” “Detektiw wakasy: Agyz suwy nähili hapalandy?”, “Zir-zibiller meselesini çözmek üçin gurnalýan köpçülikleýin gezelençler,” we “Lukmançylyk galyndylaryna baha bermek” ser.).
- Täze pikirleri öwrenmäge, ozal bilýän pikirlerimizi gaýtadan öwrenmäge ýa-da köne pikirleri täze usulda öwrenmäge kömek edýär. ( “Suw toplaýjy çäkleri döretmek,” “Topragy öwrenmek,” “Toprak üçin ýagyş näme edýär,” “Ölüm howply gatnaşyklar: zäherli himikatlar haýwanlardan adamlara geçýärler,” we “Nebit bilen suw garyşýarmy?” ser.).
- Aýratyn meseleleri çözmekde hyzmatdaşlyk etmäge kömek edýär.(“Aýallaryň hajathanalar babatdaky kynçylyklaryny çözmek,” “Suw toplaýjy çäkleriniň taslamasyny meýilnamalaşdyrma,” “10 tohum,” we “Pestisidler baradaky çözgütleriň suratyny çekmek.”)
- Çylşyrymly pikirler boýunça okuwlar geçirmäge ýa-da agzalalyklary aradan aýyrmaga kömek edýär.(“Aýallaryň hajathanalar babatdaky kynçylyklaryny çözmek” we “Sosiodramalar.”)
Käbir çäreler utgaşdyrylyp ulanylyp bilner. Mysal üçin, saglyk gezelençleriň dowamynda ýa-da olardan soň adamlaryň ýaşaýan çäkleriniň kartalaryny düzüp bolýar. Rollar boýunça ýerine ýetirilýän sahnalar arkaly zerurlyklary ýüze çykaryp bolýar. Bu çäreler adamlara maglumatlary toplamaga, biri-biri bilen bilimlerini paýlaşmaga, olara has oňat düşünmäge kömek eder. Umuman, şeýle usullarda geçirilýän çäreler jemgyýetdäki saglyk meselelerini ýüze çykaryp, olary üstünlikli çözmekde goldaw berer.