Hesperian Health Guides

Dogry hajathanany saýlamak

Bu bapda:


Dogry hajathanany saýlamak

Ähli ýagdaýlar üçin laýyk bolan bir hajathana-da ýokdur. Arassaçalyk çäreleriniň her bir usulyny-da hajathanalar babatda dyngysyz kämilleşdirip bolýandyr. Bu okuw adamlara nähili hajathanalaryň elýeterdigi hakynda pikir etmäge we olaryň özleri üçin haýsysynyň gowudygyny çözmäge kömek eder.

EHB Ch7 page 138-1.png

Wagty: 1-2 sagat

Materiallar: surat çekmek üçin kiçi we uly tagta kagyzlary, dürli reňkdäki ruçkalar ýa-da markerler, ýelimli lenta

  1. 5-6 adamdan ybarat topar dörediň. Her topar öz bilýän hajathanasynyň görnüşiniň suratyny çekmeli. Olar özleriniň gören we bilýän hajathanalarynyň suratyny çekmeli. Şeýle-de olar hajathananyň ýok ýerinde adamlaryň näme edýändiklerini suratlandyrmaly. Esasy maksat – hajathananlaryň ýönekeý görnüşinden häzirki zaman görnüşine çenli çekmeli.
  2. Suratlar taýýar bolandan soň, olary ýaramaz hajathanadan başlap, gowusyna çenli yzygiderlilikde goýmaly. Olary uly tagta kagyzyň ýüzüne ýelmemeli.
  3. Her topar suratlaryny görkezýär we saýlap alan tertibini delillendirýär. Bir ulgamy gowulandyryp, beýlekisini ýaramazlaşdyrýan zat näme? Toparyň her bir agzasy öýde nähili hajathanadan peýdalanýandyklary we nähilisinden peýdalanmak isleýändikleri hakynda aýdýarlar.
  4. Her kim suratyny görkezip bolandan soň, olar bilen usullaryň tapawutlary hakynda gürleşiň. Olara aşakdaky soraglary beriň:
    • Iň ýaramaz we iň gowy hajathanalar babatda hemmeleriň pikiri deňmi?
    • Iň gowy hajathana diýlip hasaplanýan barmy? Onuň nämesi gowy? Ol haýsy nukdaýnazardan gowy? (bahasy, saglyk kynçylyklaryny çözüşi, we ş.m.)
    • Toparda hiç kimiň peýdalanmaýan hajathanasy barmy? Näme üçin? Bu sorag adamlara hajathananyň görnüşini saýlamaga ýardam berer?
    • Saglyk bähbitleri üçin haýsy hajathanalar has ýaramly?
    • Ekologik bähbitler üçin haýsy hajathanalar has ýaramly?
    • Ýerli tebigy we durmuş şertleri arassaçylyk çäreleriniň usullaryny gowulandyrmagy talap edýärmi?
    • Eýýäm bar zatlary gowulandyrmak üçin edilmeli ýönekeý usullar barmy?
    • Toparda aýallar we erkek adamlar bar bolsa, olaryň jogaplary biri-biriniňkiden tapawutlanýarmy?
  5. Tk EHB Ch7 page 139-1.png
  6. Gatnaşyjylara olaryň bilmeýän hajathanalary hakynda maglumat beriň. Bu olara özleriniň peýdalanýan hajathanalaryna käbir özgerişlikleri girizmäge ýardam berer (mysal üçin, ýelejirediş gurluşlary, täze hajathananyň görnüşi we ş.m.).
  7. Tk EHB Ch7 page 139-2.png
  8. Beriljek maglumat üçin şu kitapdaky ýa-da öz bilýän başga kitaplaryňyzdaky maglumatlary ulanyp bilersiňiz. Topar täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýar. Dürli usullar barada maslahatlaşyň. Goý, topar aşakdaky tablisada berlen soraglar barada pikirlensin. Her bir adam hajathananyň bähbidi we ýetmezçiligi hakynda öz pikirini aýdyp, aşakdaky tablisa degişli sanlary ýazýar. Mysal üçin, 5-lik iň gowusy üçin, 0 san iň ýaramazyny aňladyp biler. Haýsy usulyň gowy bahalandyrylandygyny görmek üçin, tablisadaky ähli maglumatlary bellige alyň.

  9. Topar öwrenen maglumatlary barada pikir alyşýar. Soňra täze suratlar çekýär. Uly kagyzlaryň ýüzüne öň we soň çekilen suratlary ýelmeýärler. Olar özleriniň öň saýlan hajathanalaryny soň saýlan hajathanalary bilen deňeşdirýärler.
    a group of men and women sit and talk.
    Howpsuz we saglyk üçin bähbitli hajathanalar barada maslahata erkekler-de, aýallar-da gatnaşdyrylsa oňat bolar.

    • Bu deňeşdirmäniň nähili tapawutlary bar?

    • Haýsy pikirler ýa-da täze maglumatlar hajathanalaryň gowudygy ýa-da ýaramazdygy barada adamlaryň pikirlerini üýtgetmäge itergi berdi?


    Topar maslahat edenlerine esaslanyp, özleri üçin haýsy hajathananyň ýa-da özgerişligiň gowudygyny çözüp biler.