Hesperian Health Guides
Suw akdyrylyp ýuwulýan hajathanalar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Suw akdyrylyp ýuwulýan hajathanalar
Suwly burgy |
Sement sekide oturdylan suwly burgy |
Suw akdyrylyp ýuwulýan hajathanalarda galyndylary çukura akdyrmak üçin suw ulanýarlar. Hajathananyň bu görnüşinden şäher we oba ýerlerinde peýdalanýarlar. Suwy hajathananyň yz bölegini ýuwmak üçin ulanýarlar. Olar gazma hajathanalardan gymmat däldir. Gowy gurlan ýuwulýan hajathanalar yssyz bolýar we olary öýüň içinde ýa-da öýe golaý gurmak bolýar.
Ýuwulýan hajathanada plastmasdan, aýna süýümlerinden ýa-da sementden ýasalan unitazlary ulanmak ýa-da sement sekide çommalyp oturar ýaly gural ýasamak bolar. Bu gurluşlaryň we unitazlaryň suwly burgusy bar, ol ysyň we suwly çukurda mör-möjekleriň köpelmeginiň öňüni alýar. Betondan seki çukuryň üstünde ýerleşdirilýär. Şeýle-de ony 1 we 2-nji çukurlara turbalar arkaly birikdirip bolýar
Mazmuny
Suw akdyrylyp ýuwulýan hajathanadan nähili peýdalanmaly
Eger hajathananyň 1 çukury bar bolsa, ony dolýança ulanýarlar. Soňra ony boşadyp, gaýtadan ulanyp bolýar. 2 çukurly bolanda, peýdalanylýan çukura galyndylary akdyrýan zeýakaba (birikdiriji kiçi turbalar) bolýar. Birinji çukur dolýança ulanylýar, soňra galyndylar ikinji çukura akdyrylýar.
Suw akdyryp ýuwulýan iki çukurly hajathananyň gurluşygy
Topragyň ýagdaýyna we ýerasty suwlarynyň derejesine baglylykda, ýuwulýan hajathanalar guýudan 3m daşlykda ýerleşmelidir. Eger toprak çygly bolsa, onda hajathanalar guýudan 20m daşlykda gurulmalydyr.
Suw akdyryp ýuwulýan hajathanalary saklamak
Hajathanadan her gezek peýdalanylandan soň, oňa suw guýulmaly. Peýdalanmazdan öň unitaza az-kem suw guýmaklyk ony arassa saklar. Hajathanany günde arassalaň. Ony arassalanyňyzda çommalyp oturulýan ýeri ýuwujy toz ýa-da uzyn çotga bilen ýuwuň. Şu ýagdaýlarda çukuryň dolmagy mümkin:
- suw burgusy dykylan bolsa. Eger bu şeýle bolsa,onda hajathana işlemez;
- ýerasty suwy 3m çuňlukdan ýokarda bolsa. Eger şeýle bolsa, ýerasty suwunyň hapalanmagy mümkin.
Çukury boşatmak
Eger çukur gowy gurlan bolup, topragyň ýagdaýy we çyglylyk amatly bolsa, toprak galyndylary ýuwaşlyk bilen özüne siňdirer. Şonda çukury boşatmaly hem bolmaz.
Eger galyndylar dargamaýan we toprak özüne siňdirmeýän bolsa, onda çukury boşatmaly bolýar. Çukuryň gapagyny aýryň-da, oňa 30sm galyňlykda toprak taşlaň we gapagy ýapyň. 2 ýyl geçenden soň içindäkileri susak ýa-da pil bilen aýryp, dökün hökmünde peýdalanyp bolar.