Hesperian Health Guides
Arassaçylyk çärelerini ýaýbaňlandyrmak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Arassaçylyk çärelerini ýaýbaňlandyrmak
Hünärmenler hajathanalar babatda käbir tehniki çözgütleri teklip edip bilýärler. Mysal üçin, olar suw ulanylmaýan döwrebap hajathanalary ýa-da lagym suwlaryny arassalaýan, ýöne gymmada düşýän arassalaýyş ulgamyny teklip edip bilýärler. Ýöne bu tehniki çözgütler beýleki ýerlerde işläni bilen, olar jemgyýetde adat bolan durmuş endiklerine we şertlerine gabat geler diýip bolmaz. Şu kitapda hajathana gurmagyň birnäçe tärleri beýan edilýär. Ýöne olaryň käbir jemgyýetiň talaplaryna gabat gelmezligi hem mümkindir. Adamlaryň medeniýetine, ýaşaýyş şertlerine we hakyky talaplaryna düşünmezden teklip edilen tehniki çözgütler uly kynçylyklary döretmegi-de ahmal.
Eger adamlary ýaramaz saglyklary üçin ýazgarmagy dowam etseler ýa-da ýerli şertleri inkär edýän tehniki çözgütler durmuşa güýç bilen ornaşdyrylsa, ýaramaz sanitariýa zerarly döreýän keselçilik dowam eder. Saglyk meselesini diňe gysga wagtlaýyn däl-de, uzak möhletleýin gowulandyrmak üçin, işlenilip düzülýän çözgütler adamlaryň talaplaryna, mümkinçiliklerine esaslanmalydyrlar. Şonuň üçinde, saglyk howandarlary ýerli ilatyň talaplaryny ünsli diňläp, onuň bilen hyzmatdaşlyk etmelidirler.