Hesperian Health Guides
Çagalar üçin niýetlenen hajathanalar
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Çagalar üçin niýetlenen hajathanalar
Çagalar howpsuz hajathanalardan peýdalansalar, arassaçylygyň düzgünlerini aňsat berjaý edip bilýärler. Netijede, olar az keselleýärler. Gazma hajathanalar garaňky we uly deşigi bolandygy sebäpli kiçi çagalar üçin howply we gorkulydyr. Howpsuz hajathanalaryň ýoklugy sebäpli köp çagalar, esasan hem gyzjagazlar mekdebe barmaýarlar.
Hajathanalar gurlanda çagalaryň hem kömek bermegine rugsat edip, olary keseller barada habarly etmelidir. Bu çäreler olaryň sagdyn ýaşamagyna kömek eder.
HKiçi çagalara arassaçylygy saklamaga kömek etmek
Nejasatlaryň hemmesinde mikroblar bardyr. Olara galtaşylan ýagdaýynda ulular-da, çagalarda agyr kesellere ýolugyp bilýärler. Şonuň üçin-de, ene-atalar öz çagalarynyň saglygyny goramak üçin, degişli çäreleri geçirip bilerler. Mysal üçin, oba ýerlerinde ene-atalar kiçijik çagalaryna öýleriniň ýanynda çukur gazyp, her gezekki täretden soň üstüne gum guýup bilerler. Mundan başga-da, şu çäreleri geçirmek möhümdir:
- kiçijik çagalary her gezekki täretden soň ýuwundyrmalydyr;
- körpeleriň täretini aýryp arassalanyňyzdan soň, elleriňizi ýuwuň;
- nejasaty ýere gömüň ýa-da howpsuz hajathanalara äkidiň;
- hapalanan eşikleri agyz suw çeşmesinden daşda ýuwmalydyr.
Oglanjyklara we gyzjagazlara hajathanalardan peýdalananlaryndan soň gowy süpürinmelidigini ýa-da ýuwunmalydygyny öwretmelidir. Esasan hem gyzjagazlara öňden yza süpürinmelidigini öwretmeli. Öň tarapa süpürinmeklik mikroblaryň peşew we jyns ýollaryna düşmegi bilen peşew haltasynyň ýokançly kesellerini ýa-da saglyk bilen bagly beýleki kynçylyklary döredýär.