Hesperian Health Guides
Adatdan daşary ýagdaýlarda arassaçylygy saklamak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Adatdan daşary ýagdaýlarda arassaçylygy saklamak
Çukuryň üstündäki hajathana
Adatdan daşary ýagdaýlarda ýaşamaly bolanda, adamlar garym görnüşinde çukurlar gazyp, olary hajathana hökmünde ulansalar bolýar. Munuň üçin şol ýerlerdäki elýeter gurluşyk materiallaryny ulanmak bolaýar. Şeýle ‘garym-hajathanalary’ her bir maşgala üçin gazyp bolýar.
Şeýle hajathanalar pes ýa-da oýtak ýerlerde, suw çeşmelerinden daşda, ýöne adamlar uzak ýöremez ýaly, ýaşaýan ýerlerine golaý gurulmalydyr.
Şeýle hajathanalardan peýdalanmagy amatly etmek üçin, aýak goýulýan ýeri, ýagny çukuryň gyralaryny tagtalar bilen berkidip bolýar. Hajathana çukuryny mümkin boldugyndan çuň gazmaly (2 metre çenli). Eger işçi güýji ýetmeýän bolsa, onda bu çukury gaty çuň gazmasa-da bolýar. Iň esasy zat – her gezek täret edilenden soň, täretiň üstüne gum sepmeli. Hajathananyň çukury dolaňkyrlanda, ony toprak bilen doly gömmelidir. Dökünlere baýan toprakda oturdylan ösümlikler we agaçlar gowy öser.
Çukuryň üstünden gurlan çaklaňja gaçybatalga, ony ulanjaklara özbaşdak peýdalanmaga we ýagyşdan goramaga kömek eder. Onuň bassyrmasyny matadan, gamyşdan ýa-da islendik elýeter materiallardan etmek bolar. Gurlan hajathanalaryň aýallaryň we çagalaryň özbaşdak ulanyp biljekdiklerine, olaryň howpsuzdygyna göz ýetiriň.
Üsti bassyrmaly wagtlaýyn hajathana