Hesperian Health Guides
Hajathanalary meýilleşdirmek
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Hajathanalary meýilleşdirmek
Aýallary ýa-da kimdir birini hajathanadan peýdalanmakdan mahrum edýän meýilnama jemgyýetde keselleriň öňüni alyp bilmez. |
Adamdan çykýan galyndylar bilen bagly meseleler babatda her bir adamyň we her bir jemgyýetçilik toparynyň öz ýoly bar. Bu adamlaryň öz hajatlaryny bitirmek üçin agaçlaryň düýbüne ýa-da tokaýa gitmeklerini hem aňladyp biler. Obadaky adamlaryň hemmesi öz tebigy hajatlaryny ýerine ýetirenlerinde, şol bir usuldan peýdalanmaýarlar. Adamlaryň käbiri özgermek isleýär, käbirleri bolsa islemeýärler. Isle täze, has howpsuz hajathanalaryň gurluşygy bolsun, isle-de başga özgerişlikler bolsun, tapawudy ýok: arassaçalygyň her bir çäresini gowulandyryp bolýandyr.
Birbada amala aşyrylýan özgerlişikden, ýuwaş-ýuwaşdan, ädimme-ädim amala aşyrylýan özgerlişikler has ýerliklidir. Saglyga, howpsuzlyga we rahatlyga uly täsirini ýetirip biljek kiçiräk üýtgeşmeler bilen bagly mysallar:
- hajathananyň ýanynda el ýuwar ýaly hemişe suw we sabynyň bolmagy;
- gazma hajathanalardaky howany ýelejiredip durar ýaly we siňekleri tutar ýaly ujuna tor berkidilen ýelejirediş deşikleriň edilmegi;
- gazylan çukurlaryň üstüne ygtybarly sekiniň edilmegi.
Jemgyýetçilik toparyňyzda adamdan çykýan galyndylary ýok etmek babatda meýilnama düzülende ýa-da kabul eden usullaryňyzda üýtgeşmeler girizilende, her bir usulyň aşakdaky talaplary berjaý etmelidigine üns beriň:
- Keselleriň öňüni almak – hajathanalardaky galyndylaryň we olarda “mesgen” tutan siňekleriň adamlara we azyk önümlerine zyýanly täsirini ýetirmez ýaly, hajathanalar öýlerden howpsuz aralykda gurulmaly.
- Suw üpjünçiligini goramak – hajathana agyz suwuny, ýerüsti we ýerasty suwlary zaýalamaly däldir.
- Daşky gurşawy goramak – adamdan çykýan galyndylary döküne öwürmäge (ekologik arassalaýyş) kömek edýän hajathanalar suwy arassa saklamaga we goramaga kömek eder, hapaçylygyň öňüni alar we topragy ýokumly maddalar bilen üpjün eder.
- Ýönekeý we elýeter bolmak – hajathanalaryň taslamalary işlenilip düzülende, olary gurmaklygyň, ulanmaklygyň, saklamaklygyň adamlar üçin ýeňil bolmalydygy göz öňünde tutulmalydyr.
- Ýerli medeniýetiň ýörelgelerine laýyk bolmak – hajathanalar gurlanda, ýerli däpler, ynamlar we talaplar hasaba alynmalydyr.
- Her bir adam üçin ýaramly bolmak – hajathanalar çagalaryň, aýallaryň we erkekleriň, şeýle hem ýaşulularyň we maýyplaryň saglyk ýagdaýlary bilen bagly talaplaryna laýyk gelmelidir.
Sanitariýanyň çözgütleri – halk çözgütleri
Sanitariýanyň çözgütleri – halk çözgütleriAdamlaryň öz peýdalanjak hajathanalary babatda çykaran çözgütleri olaryň dürli talaplaryny kanagatlandyrjakdygy has ähtimaldyr. Ilat öý hojalyklarynyň, goňşy hojalyklaryň, şeýle-de daş- töwerekdäki ähli hojalyklaryň arassaçylygy babatda haýsydyr bir çözgütleri kabul edende, şol çäklerde ýaşaýan ähli adamlaryň talaplaryny hasaba almalydyr. Şeýle edilen ýagdaýynda her bir adamyň saglygyny gowulandyryp bolýar.
Hökümet ýa-da daşary ýurtly hemaýatkärler arassaçylyk derejesini gowulandyrmak babatdaky ýörite geçirýän çärelerine hemme adamlaryň gatnaşmagy hem möhümdir. Sebäbi bu geçirilýän çäreleriň şowly bolmagyny kepillendirýär.
Nädogry gurlan hajathanalar
1992-nji ýylda Salwadoryň hökümeti müňlerçe hajathanalary gurmak üçin ABŞ-nyň 10 million dollaryny harç etdi. Bu hajathanalar galyndylary döküne öwürmek üçin niýetlenendi. Ýöne olar adamlaryň öňki köne ulanan hajathanalary ýaly däl-de, uly idegi we arassalaýyş işlerini talap edýärdi. Hökümet hajathanalary guranda, ýerli ilatdan hiç kimi gatnaşdyrmady, olara täze hajathanalardan nähili peýdalanmalydygyny öwretmedi.
Täze hajathanalaryň gurluşygy tamamlanandan soň, hökümet degişli barlaglary geçirdi. Bu barlaglaryň netijesinde täze hajathanalardan az peýdalanylýandygy, käbirlerinden bolsa bütinleý peýdalanylmaýandygy mälim boldy.
Hajathanalary kimdir biri arassap durmalydyr
Hiç kim hajathanany arassalamagy halamaýar. Ýöne muny kimdir biri etmeli bolar.
Köplenç hajathanalary meýilnamalaşdyrmak we gurmak işleri erkek adamlaryň ýa-da hünärmenleriň işi diýip hasap edýärler. Hajathanalary ýakymsyz hem bolsa yzygiderli arassalap durmak işi aýallara ýa-da jemgyýetdäki durmuş derejesi pes bolan adamlaryň paýyna düşýär. Ýakymsyz işleriň pukara adamlaryň gerdenine düşmegi adalatsyzdyr.
Ýakymsyz işleriň hemmeleriň arasynda deň bölünip berilmegi – bu işiň ýerine ýetirilmegini kepillendirýär, ýöne bu mesele köplenç dawalydyr.