Hesperian Health Guides
Hajathanalary saýlamak
HealthWiki > Daşky gurşaw we adam saglygy > Bap 7: Hajathanalaryň gurluşygy > Hajathanalary saýlamak
MazmunyAz suw ýa-da asla suw talap etmeýän hajathanalar |
||
---|---|---|
Bag eker ýaly ýönekeý kompostly (organiki dökünli) hajathana Ony adamlaryň bag ekjek we hajathanalary göçürip biljek ýerlerinde gurmak gowudyr. |
Peşewi äkidýän gury hajathanalar Olary nejasatyň dökün hökmünde ulanyljak ýa-da ýerasty suwlaryň ýer ýüzüne golaý geçýän ýerlerinde, suw almalar howpunyň bar ýerinde gurmak gowudyr |
2 çukurly kompostly hajathana Adamdan çykýan galyndylaryň (nejasatyň) dökün hökmünde ulanyljak ýagdaýynda gurmak gowudyr. |
Ýuwujy hajathanalar Ýerasty suwlarynyň çuň ýerleşýän we adamlaryň täretden soň ýuwunmak üçin suw ulanýan ýerlerinde gurulsa gowy bolar |
Ýelejiredilýän we amatlaşdyrylan gazma hajathanalar Ýerasty suwlarynyň çuň ýerleşýän we suw alma howpunyň ýok ýerlerinde gurmak gowudyr |
Ýapyk gazma hajathanalar Ýerasty suwlarynyň çuň ýerleşýän we suw alma howpunyň ýok ýerlerinde gumak bolar |
Üns beriň: Suratlarda görkezilen hajathanalar siziň gowy synlap görmegiňiz üçin, gapysyz we deşikleriniň üsti ýapylmadyk görnüşinde görkezilen.Ýöne hemme hajathanalaryň gapysy we ulanylmaýan wagty deşigi ýapyk bolmalydyr. Şeýle hem hajathanalar her bir adamyň peýdalanyp bilmegi üçin gurulmalydyr.
Hajathanalary nirede gurmaly
Derýadan 20 m uzaklykda
Çeşme gözbaşyny goraýan “gutudan” 20 m uzaklykda
Guýudan 20 m uzaklykda
|
Hajathana suw gözbaşlaryndan 20 m uzaklykda bolmalydyr. |
Hajathana gurmakçy bolanyňyzda, olaryň guýulary we ýerasty suwlaryny hapalamajakdygyna göz ýetiriň. Ýerasty suwlarynyň hapalanmak howpy ýerli şertlere: topragyň görnüşine, çyglylyk derejesine, ýerasty suwlarynyň nähili çuňlukda ýerleşýändigine baglydyr. Ýöne şertleriň howpsuzdygyna göz ýetirmek üçin käbir umumy düzgünler hem bar.
Çukuryň düýbi (eger ol gazma çukurly hajathana bolsa) ýa-da bölümi (eger ol gury ýa-da kompostly hajathana bolsa) ýerasty suwlaryndan iň bolmanda 2,5 metr ýokarda bolmalydyr. Eger çukur gazanyňyzda toprak çygly bolsa ýa-da çukur suwdan dolýan bolsa, saýlan ýeriňiz hajathana gurmak üçin amatsyzdyr. Ýerasty suwlaryň derejesiniň gurak howada pesdigi, çygly möwsümlerde bolsa ýokarydygy ýadyňyzda bolsun. Suwuň dolýan ýerinde hajathana çukurlaryny gazmaň.
Hajathana çukurlary ýerasty suwlaryna zyýan ýetirer diýip pikir etseňiz, onda ýerüsti hajathanalary guruň.
Ýerasty suwlar belentlikden aşaklygyna akýar. Hajathana gurjak ýeriňizde ýerasty suwlarynyň hapalanmak howpy bolup, başga çykalga bolmasa, onda hajathanany guýynyň ýerleşýän ýeriniň 20m aşak ýanynda guruň.
Ýapyk gazma hajathanalary
Ýapyk gazma hajathanada deşikli seki bolup, onuň ulanylmaýan wagty ýapylýan gapagy bardyr. Sekini adatça betondan ýa agaçdan ýasap, ony palçyk bilen suwaýarlar. Betondan edilen seki suw geçirmeýär we ol uzak wagtlap hyzmat edýär. Ýapyk hajathanalaryň çukurlary opurylmaz ýaly, gyralary beton bilen suwag edilen ýa-da beton halkasy bilen beklenen bolmaly.
Ýelejiredilýän gazma hajathanalarynda ýelejirediş turbalary ulanylýar. Olar siňekleriň köpelmeginiň öňüni alýar, yaramaz yslaryň bolmazlygyny üpjün edýär.
Ýöne gazma hajathanalaryň çukury dolandan soň, ondan peýdalanyp bolmaýar. Dolan çukurdaky galyndylary mellekde bag ekmek üçin ulanyp bolar. Muny etmek üçin sekini, berkidilen beton halkany we hajathananyň özüni aýryň-da, ony gömüň. Munuň üçin topraga garylan ýapraklary ulansa bolar. Şu garyndyny 30 sm galyňlykda goýuň. Bu garyndy birnäçe aý durup, çökenden soň, şol ýere toprak döküp, bag ekiň.
Beýleki bir usul – hajathanadan peýdalanylýan wagty oňa wagtal-wagtal toprak taşlamaly-da, çukur dolandan soň galyndylar dargar ýaly, ony 2 ýyllap goýmaly. Soňra ony gazyp alyň-da, galyndylary dökün hökmünde ulanyň. Boşan çukury bolsa ýene-de hajathana üçin ulanyp bilersiňiz. Hajathananyň töweregindäki toprak bilen işläniňizden soň, hökman elleriňizi ýuwuň.
Ýapyk gazma hajathanany nähili gurmaly
- Ini 1m, çuňlugy, iň bolmanda, 2m bolan çukur gazyň.
- Sekini saklar we oprulmadan gorar ýaly, çukuryň gyrasyna daşlar, kerpiç, beton ýada beýleki materiallar goýuň. Şeýle hem beton halkasyny goýup bolar.
- Sekini we hajathananyň daşyny çukuryň üstünde goýuň. Betondan edilen seki has gowudyr, ýöne pürs, gamyş ýa-da palçyk ýaly ýerli materiallary hem ulanmak bolar. Eger siz sekini pürsden etmekçi bolsaňyz, onda çalt çüýremeýän agajy ulanyň.
Hajathananyň betonly sekisini nähili ýasamaly
Gowy ýasalan betonly seki köp ýyllap hyzmat eder. Agramy 50 kg sementli halta 4 sekini ýa-da 2 sekini we 2 beton halkany ýasamaga ýeter. Şeýle hem size pol eder ýaly berkidiji sim, kerpiçler, tagta we hajathananyň deşigi üçin agaç gerek bolar. Sekiler dörtburç ýa-da tegelek bolup bilýär.
1. Galyň polietileni ýa-da sementden boşan haltany ýere ýazyň-da, üstünden kerpiçleri ýa-da agajy çarçuwa görnüşinde goýuň. Onuň uzynlygy 120sm, ini 90sm beýikligi 6sm bolmaly. | 2. Hajathananyň deşigini ýasamak üçin deşigiň agaçdan ýasalan şekilini ortada goýmaly. Agaç şekile derek kerpiç ulanmak hem bolýar. |
3. Semendi, çagly we çägäni 1:2:3 gatnaşykda garyp, oňa suw goşuň- da, beton garyndysyny ediň. Taýýar bolan garyndyny çarçuwanyň içine guýuň. Garyndyny 3sm galyňlykda guýmaly. | 4. 3 mm ýogynlykdaky armatur simini çyg betonyň üstünden goýuň. Her ugur üçin 4-6 burumy ulanyň. 8-10mm ýogynlykdaky simden tutawaç ýasap, betonyň her çüňküne berkidiň. |
5. Betonyň galan bölegini guýuň we ony ortada goýlan agajyň derejesinde tekizläň. |
6. Beton gatap başlandan soň (3 sagatdan soň) hajathana deşiginiň şekilini aýryň. Eger siz kerpiç goýan bolsaňyz, deşik emele geler ýaly ony aýryň. Beton sekiniň üstüni çyg halta, öl mata bilen örtmeli-de, bir gije goýmaly. Ony birnäçe günläp (7) çyg saklaň. Seki çyg saklanyp, beton kem-kemden gatap, örän berk bolar. |
7. Beton gatandan soň sekini çukuryň üstünde ýerleşdiriň. Çukuryň has howpsuz bolmagy üçin halkaly berkitmäni hem ulanyp bilersiňiz. | 8. Betondan ýa-da agaçdan deşigiň gapagyny ýasaň. Ol tutawaçly bolup biler ýa-da elleri mikrobdan goramak üçin aýak bilen süýşeriler ýaly edip ýasamak bolar. |
Kämilleşdirilen seki
Hajathananyň deşiginiň töwereginde mikroblar we gurçuklar köp bolýar. Şonuň üçin-de, deşigiň iki gapdalynda aýak goýar ýaly sekiler edilse, bu saglyga abanýan howpy azaldar. Eger adamlar oturmak isleýän bolsalar, onda tegelek deşik we betondan oturgyç ediň.
Oturar ýaly ýeriň şekilini ýasamak üçin biri-biriniň içine salnan dürli ölçegdäki 2 bedräni alyň. Içki bedre bilen daşky bedräniň arasyndaky boşluk birnäçe santimetr bolmaly. Berk durar ýaly, kiçi bedräni daşdan dolduryň. Soňra iki bedräniň aralygyna beton guýuň.
Sekini saklaýan beton halkasyny nähili ýasamaly
Betondan guýlan halka – bu merkezi açyk bolup, dörtburç ýa-da tegelek görnüşli guýlan beton bölegi. Bu beton halkanyň üstünde hajathananyň sekisi we jaýy oturdylýar. Ol çukuryň diwarlaryny opurylmakdan gorýar. Şu kitapda beýan edilýän beton halkasy sahypadaky gazma hajathanalaryň sekileri bilen bilelikde hem ulanylyp bilner. Siziň ýasamakçy bolýan beton halkaňyzyň ölçegi çukuryň inine we uzynlygyna bagly.
Beton halkasy üçin şekil |
Betony ýerbe-ýer edip guýmak |
Armatur simleri |
- Ýere galyň polietilen haltany ýa-da sementden boşan haltalary ýazyň-da, üstünden kerpiçleri ýa-da tagtalary çarçuwa şekilinde goýuň.
- Eger sekiniň ölçegleri 120×90 sm bolsa, onda daşky çarçuwanyň ölçegleri 130×100sm, içki çarçuwanyň ölçegleri 100×70sm bolar.
- Semendi, çagly we çägäni 1:2:3 gatnaşykda garyp, ol oňat garylar ýaly ýeterlik mukdarda suw goşuň. Bu garyndy çyg hem-de oňat gatar ýaly bolmaly. Soňra bu garyndyny şekiliň içine 3sm galyňlykda guýuň.
- Beton halkasynyň her tarapyndan çyg betonyň üstünde 3 mm armatur siminiň 2 bölegini goýuň. Eger isleseňiz betonyň her burçuna 8-10 mm ýogynlykdaky simden tutawaç edip bilersiňiz.
- Taýýarlan garyndyňyzyň galan bölegini çarçuwa şekiliniň içine guýuň-da, onuň ýüzüni tekizläň.
- Betony sementden boşan haltalar ýa-da haýsydyr başga bir mata bölekleri bilen basyryň-da, olary wagtal-wagtal ölläp duruň. Bu betonyň kem-kemden gatap, berk bolmagyna kömek edýär. Betony şu usulda 7 günüň dowamynda guratmaly.
- Beton halkasy gatandan soň hajathananyň ýerleşýän ýerine äkidiň. Beton halkasynyň goýuljak ýerini tekizläň-de, onuň içinden çukur gazyň. Beton halkasynyň töweregindäki topragy tapbatlaň.
- Hajathananyň sekisini ýokarsyndan goýuň we hajathananyň jaýyny guruň.
Ýelejiredilýän we amatly gazma hajathanalary
Bu yslary we siňekleri ýelejiretmek arkaly azaldýan, howasy täzelenip durýan ýapyk hajathanadyr.
Hajathananyň gurluşy
Ýelejirediji turbasynyň ýokarsyndan şemal çekip, ýaramaz yslar aýrylýar. Siňekler turbanyň ýokarsyndaky ýagtylyga uçar ýaly, hajathananyň içi garaňky bolmalydyr. Siňekleriň uçup çykmakçy bolýan turbasynyň ýokarsyna tor berkitmeli. Bu siňekleri öldürip, keselleriň ýaýramagynyň öňüni alýar.
Hajathanany nähili gurmaly
- Çuňlugy 2m we ini 1,5m çukur gazyň. Çukuryň ýokarsyny onuň ölçegine laýyklykda kerpiçler ýa-da beton halkasy bilen tekizläň. Eger hajathananyň diwarlary agyr (kerpiçden, betondan ýa-da agyr agaçdan) bolsa, çukuryň düýbünden başga hemme ýerini örüp çykmaly. Çukuryň diwarlaryna kerpiç öreniňizde, suwuklyk aşak akar ýaly, olaryň aralarynda boşluk goýuň.
- 2 deşikli we 1,5×1m ölçegde seki ýasaň. Sekiniň gyrasyndaky ikinji deşik ýelejirediş turbasy üçin gerek. Ýelejirediş turbasynyň deşiginiň ini 11sm-den kiçi bolmaly däldir.
- Çukuryň we sekiniň ölçeglerine laýyklýkda hajathananyň jaýyny guruň.
- Ini 11 sm-den kiçi bolmadyk turbany ýelejirediş deşigine oturdyň. Ýokary temperaturany sorar ýaly, ýelejirediş turbasyna gara reňkli boýag çalyň. Çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin, turbanyň ýokarsyna tor berkidiň (alýumin ýa-da poslamaýan polat uzak möhletli bolar). Ýakymsyz ysy şemal alyp gider ýaly, ýelejirediş turbasy hajathananyň depesinden, iň bolmanda, 50 sm beýiklikde saýlanmalydyr.
Hajathanadan peýdalanmak we ony saklamak
- Deşikden peýdalanylmaýan wagty ony ýapyk saklaň.
- Hajathananyň içini garaňky saklaň.
- Hajathanany ýygy-ýygydan arassalaň we ýuwuň.
Ýelejirediş turbasy kereplän bolsa, ony ýuwmak üçin oňa suw guýuň
Şular ýaly hajathanalarda şeýle kynçylyklar bolup biler:
Eger hajathananyň içi garaňky bolmasa ýa-da geşik açyk dursa, siňekler turba uçup barmazlar. Eger hajathananyň üçegi bolmasa, ýa-da tor zaýalanan bolsa, ýa-da ýelejirediş turbasy gaçan bolsa, siňekleriň sany has-da köpeler. Ýelejirediş turbasynyň ölçegine görä ýelejirediş deşigini ediň. Eger tor zaýalanan bolsa ýa-da turba gaçan bolsa, olary çalşyryp, ýerinde goýuň.