Hesperian Health Guides

Uly we kiçi şäherlerde arassaçylygy saklamak

Bu bapda:

Uly we kiçi şäherlerde keseller çalt ýaýrap biler. Hökümetiň, hökümete degişli däl guramalaryň we beýlekileriň uly kömegi bolmasa, uly şäherlerde arassaçylyk çäreleriniň hyzmatlaryny gowulandyrmak kyndyr. Eliňizdäki şu kitap mümkin bolan çözgütler hakynda pikirlenmek üçin käbir ugrukdyryjy ýörelgeleri teklip edýär

Şäherlerde gowy arassaçylyk çäreleriniň hyzmatlaryny guramakdaky esasy kynçylyklar:

  • Fiziki Lagym ulgamyna we arassaçylygy üpjün edýän meselelerine köplenç ilatly ýerlere ýol, elektrik we suw çekilenden soň seredilýär. Eger şäher eýýäm gurlan bolsa, hajathanalary we lagym ulgamlaryny meýilleşdirmek we gurmak has kyn bolýar.
  • Ýkdysady Lagymlaryň we köpçülik hajathanalaryň gurluşygy we hyzmatlary gymmat düşýär. Bu meselede döwlet az-kem goldamasa, arassaçylyk çärelerini durmuşa ornaşdyrmak juda kyn bolýar.
  • Syýasy Ýerli häkimýet tebigy betbagtçylyklar sebäpli resmi däl ýagdaýda göçüp gelenlere we töwerek-daşdaky garyp ilata hyzmat etmekden boýun gaçyrmagy mümkin. Adamlara öz hajathanalatyny we lagymlaryny meýilleşdirmäge we gurmaga rugsat bermeýän kanunlaryň bolmagy hem mümkin.
  • Medeni Şäher ilaty we ýokary wezipedäkiler ýuwulýan hajathanalary we gurluşygy gymmada düşýän lagym ulgamlaryny gurmak isleýärler. Bu şeýle ulgamyň has arzan we ygytybarly görnüşini gurmak baradaky gepleşikleriň geçirilmegini kynlaşdyrýar.

Arassaçylyk nukdaýnazaryndan has sagdyn şäherleri döretmek üçin döredijilikli çözgütleri tapmak

Şu gollanmada görkezilen we beýan edilen hajathanalaryň islendik görnüşini şäherde-de gurup bolýandyr. Eger arassaçylyk çäreleriniň hyzmatlary şäheriň seýilgählerine, oba hojalygyna, resurslary dikeltmeklige, gaýtadan işläp taýýarlamaklyga we kuwwatlylygyň arassa gözbaşlaryna ýetirilse, şäher “sagdynlaşyp”, onda ýaşamak lezzetli bolýar. Şäher häkimlikleri ýerli ilat bilen hyzmatdaşlyk edip, döredijilikli çözgüt tapanlarynda, şäher arassa we kuwwatly bolýar.

In a city, a woman leads her child after using a public toilet in a park.
Şäher ilaty we arassaçylyk çäreleri
A toilet shelter in a bed of reeds.

Senegalyň paýtagty Dakaryň golaýyndaky Ýoff obasy ýaňy-ýakynda hem afrikan balykçylarynyň adaty obasydy. Balykçylaryň öýleri topar-topar gurlup, olaryň arasynda pyýada ýollary geçýärdi, açyk meýdançalar bardy. Ýöne Dakar şäheri kem-kemden ulalyp, Ýoff obasyny özüne birikdirdi. Şeýlelikde Ýoff indi oba däl-de, halkara aeroportly we örän köp awtoulagly uly şäheriň bir bölegine öwrüldi.


Şäheriň ösmegi bilen jaýlaryň köpüsinde amatly hajathanalar guruldy. Bu hajathanalardan akdyrylýan lagym suwlary şäheriň gyrasyndaky açyk çukura akdyrylýardy. Lagym suwlary bu çukurlara siňip, keselleri döredýän mikroblaryň ýaýramagyna sebäp bolýardylar. Pukara adamlar bolsa özlerine hajathana gurunmak üçin açyk meýdandan peýdalanýardylar. Ýöne ilatyň gürligi sebäpli bu ýagdaý saglyga howp salyp başlady.


Şonuň üçin-de, şäheri abadanlaşdyrmak komitetiniň agzalary arassaçalyk çäreleri babatdaky kynçylyklary çözmek üçin ýygnanyşdylar. Olar ilki bilen özlerinde bar bolan serişdelere: jemgyýetçilik toparlarynyň özara aragatnaşyk ulgamyny göz öňünde tutup, ökde gurluşykçylary we täze şertler giriziläýende-de, öň adat bolan durmuş şertlerini bilýän adamlary kömege çagyryp, işe girişdiler. Olar daşky gurşawyň saglygyny saklamak üçin, ekologik arassalaýyş babatda birnäçe täze pikiri orta atdylar.


Obada gurlan öýler açyk meýdanyň töwereginde ýerleşýärdi. Adamlar bu meýdana ýygnanyp, özlerini gyzyklandyrýan zatlar barada gürleşýärdiler. Komitetiň agzalary ýerli ilat bilen gürleşip, şol açyk meýdany arassalaýyş ulgamy üçin ulanmagyň meýilnamasyny taýýarlady. Bu meýilnama laýyklykda açyk meýdan göze ýaramly ýere öwrülmelidi. Indi aýry-aýry hajathanalaryň we lagym suwlarynyň akdyrylýan uly çukuryna derek ekologik hajathanalar gurulmalydy. Komitet ýerli ilat bilen bilelikde işe girişdiler. Meýilnama laýyklykda, hajathanalary her bir aýry hojalyk üçin däl-de, topar-topar bolup oturan hojalyklar üçin umumy gurmalydy.


Bu hajathanalar peşewi turbalar boýunça gamyşly jara alyp gitmelidi. Nejasatlar bolsa gurandan soň, baglara dökün üçin ulanylmalydy. Bu obanyň hemişe gök-ýaşyl öwsüp oturmagyna ýardam bermelidi. Hemmeler bir pikire gelenden soň, ýerli gurluşykçylar şeýle hajathanalary gurmak we umumy zolagyň hyzmatlaryny bitirmek üçin işe girişdiler.


Şunlukda, şäherde arassaçylygyny saklamaklygyň taslamasy diňe bir saglyk meslesiniň öňüni alman, eýsem Ýoffuň ilatyna onuň öwrenişen durmuş şertlerini hem saklamaga mümkinçilik döretdi.